Diňle

Häzir efire gidýär

Täzelikler

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3051
EUR / 
RUB
0,0252
RUB / 
USD
30,3

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Kommentariýa

Köne býurokratik kesel aýdyň göze ildi

15.03.2010

Ministrler Kabinetiniň soňky maslahaty ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýokarky gatlaklaryndaky inisiatiwa bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň örän gözgynydygyna aýdyň mysal boldy. Bu aýratynam Türkmenistanyň awtomobil ýollarynyň ýagdaýyna syn berlende ýüze çykdy.

«Türkmenýollary» döwlet konserni ýollaryň ýagdaýy barada az jogapkärçilik çekmeýär. Maslahatyň netijesinde konserniň işinde hiç hili perspektiwanyň ýokdugy ýüze çykdy. Bu konsernde hatda talabalaýyk baş planyň hem ýokdugy belli boldy.

Netijede Ministrler Kabinetiniň bu maslahatynda prezidentiň hut özi tutuş konserniň we onuň köpsanly ýolbaşçylarynyň ýerine zerur planlary işläp düzmeli boldy. Ol ýurtdaky ýollaryň ýagdaýyny kämilleşdirmek barada anyk planlary öňe sürdi. Ýagny, «Türkmenýollary» döwlet konserniniň görkezmeli inisiatiwasyny prezidentiň özi görkezdi. Başgaça aýtsak, bu maslahatda ýokardan berilýän görkezmelere garaşmak we inisiatiwa görkezmekden gorkmak ýaly köne býurokratik kesel aýdyň göze ildi.

Öz döwründe Nyýazowyň häkimiýeti tarapyndan dolandyryşyň ähli gatlaklarynyň üstünden ýöredilen doly tabyn ediş usuly maslahatda öz netijelerini görkezdi. Bu ýüze çykan ýagdaý bolsa öz gezeginde häzirki prezidentiň örän gaharyny getirdi we ol «Türkmenýollary» döwlet konserniniň başlygy Sarybaýewe berk käýinç yglan etdi.

Şol bir wagtyň özünde-de prezident Türkmenistanda häzirki wagta çenli ýurduň öz güýji bilen gurlan ýekeje-de ýokary hilli awtomobil ýolunyň ýoklugy üçin alada bildirdi.

Esasy kemçiliklerden biri

Ýagdaýa näçe içgin garaldygyça, şonça-da dolandyryşyň ähli gatlaklaryny boýun egdirmek sistemasynyň esasy kemçiliklerinden biri aýdyňlaşyp başlady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda onlarça ýyllaryň dowamynda aşakdan gelýän inisiatiwalara garşy gazaply çäreler görlüp gelindi. Şonuň netijesinde-de häkimiýet gatlaklarynda islendik söze tabyn, boýun egiji we dilsiz-agyzsyz ýerine ýetirijileriň giden bir nesli ýetişdi. Ol dolandyryjy nesil bolsa ýokarky başlyklara ýallaklamak we olary wasp etmek bilen meşgullandy. Bu dolandyryjy nesliň wekillerinden hiç biri hiç bir zat barada öz üstüne jogapkärçilik almak islänok.

Olar, şol köne endige görä, henizem öz kellelerini ”gora sokmak” islemeýärler. Täze haý-haýly planlary we özgerişleri amala aşyrmaga bolan synanyşyklar döwründe çinownikleriň bu köne endikleriniň işe diňe böwet bolýandygy görünýär.

Mundan birnäçe hepde ozal prezidentiň hut özüniň oppozision partiýalary döretmek teklibi bilen çykyş etmegi-de ýöne ýerden däl bolsa gerek. Onuň şeýle inisiatiwa bilen çykyş etmeginiň sebäplerinden biriniň hem graždanlaryň jemgyýetçilik aktiwliginiň pesligi bilen baglanyşykly bolmagy mümkindir.

Şol bir alamat

Maslahatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işi hem maslahatlaşyldy. Bu meselede-de prezident parlamentiň işiniň döwrüň talabyndan yza galýandygyny bellemek bilen onuň kemçiliklerine kesgitli diagnoz goýdy.

Başgaça aýtsak, parlamentiň işi babatynda-da şol bir alamat ýüze çykdy, ýagny ideýalar we täze teklipler bilen deputatlaryň özleri prezidente ýüzlenmediler-de, eýse, adatdakysy ýaly, ýene prezidentiň özi olary kanunlary modernleşdirmekde aktiwlige we döredijilikli işlemäge çagyrmaly boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenleriň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeniýetine buýsanýandygyny nygtap gelýär. Türkmenleriň medeniýetindäki bar bolan potensialy wadalar, çagyryşlar ýa-da güýç bilen oýaryp bolmajakdygyny bolsa dünýä tejribesi görkezýär.

Adamlar diýdimzorlukdan emele gelen ýapyklykdan, has dogrusy, zyndandan nähilidir bir çykalga gören halatlarynda hereket edip başlaýarlar. Beýle çykalga bolsa hemişe belli bir derejede erkinlige bagly bolýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: GURBANMYRAT nireden: MARY
15.03.2010 20:03
Erkinligi hatda özbaşdak pikirlenmek ukyby hem elinden alynan Türkmen halky ors döwründe we Niyazow döwründe naçe yyllap goyun yaly hemme zady kayyl edilip, dilsiz-agyzsyz, pikirsiz-düşünjesiz yöne gury san edip goyuldy.Ondan ne özbaşdak inisiatiwa ne-de akylly başly taze düşünje ösüş garaşyp bolyar. Hemme zady dine yekeje adam görkezme berip etmeli we şonyn diyeni bolmaly, Türkmen halkam dilini we akylyny yuwdup sesini çykarman Şonyn aydanyna bolya diyip otyrmaly. Gije-gündüzem Döwlet adam üçin diyip zorladyp özüni öwdürip otyr. Haysy kanaly açsan Prezident, Prezident sagbolsun, görlüp-eşidilmedik ösyar Türkmenistan diyip. Aldasalarm bir ayaklaryny yerden üzmeseler-da? Bir azajyk ynsap, wyjdan, akyl bolsa-da bularda? Halkam samsyk dal-a? Dünyanin başka ösen Yurtlaryn abu zatlary aytsan ya görseler gülerler ya-da adam akylynyn yitirdimika diyerler. sebabi akylly adamyn etjek zatlary dal-de. Nirde (....) goyun yaly (....) adamlary Minister başlyk edip goyyarlar Ay bolya-da name diyip name aytjak. Nesip bolsa gowy bor-da Allajanyn özi gowusyny eder-da Türkmen halky üçin ösen ,eşretli we gül yaly durmuşam bir wagt bolar-da. Hudayjan bize-de görkezse.. Gurbanmyrat Mary.

kimden: gena nireden: tanzaniya
16.03.2010 14:28
Prezident'em diyenoklarow, Hormatly prezident diyyaler. Namesi hormatlyka haaa? :P

kimden: Kazy nireden: Gaty Yokary Sud
17.03.2010 10:22
Menem sheylerak soraglar beresim gelyar Aleksandr aga:

1. Wiktor Hramow turkmenleri hazirki yagdaya getirmek bilen name gazandyka? Name uçin Turkmenistany dunyanin in yapyk yurdy edip goydy? Name uçin gownunden turmadyk dowlet ishgarlerini basyp gelyar? Name uçin turkmenleri gorky astynda saklayar?

2. Bu bolyan zatlara TM-nin Milli howpsuzlukçylary name uçin goz yumyarlarka? Olarda milli duygular yokmuka? Name uçin bir gijede Harby tribunal edip, biguna adamlaryn tutulmagyna ya-da basylmagyna kim gatnashan bolsa shol adamlary sho yerde sud edip bilenoklar? Onun uçin 2-3 sagat gerek. (Ruminiyada Çhauseskuny edishler yaly)

3. Berdimuhammedow prezident bolanyndan kan wagt geçmanka, 20 yyllap Nyyazowyn ohranasynyn bashlygy bolup gezek Akmyrat Rejepowy turma basdy. Berdimuhamedow IIM-de ilkinji zasedaniyesini edende yogsam Akmyrat gurnapdy buny, zala girende her kim Akmyrada seredip sandyrayardy, Gurbangulyny kan tanayan hem yokdy o wagt. Sebabi hemme zatda Akmyradyn hem eli bar. Adamlary yerde emedekledenlerin arasynda sho hem bar, turmelere baryp tussaglaryn bellisini ozi edip gaydan adam. (Belki sho sebapli hazirki syyasy tussaglar goyberilyan daldir. Sebabi olar hemme zady bilyaler.)

4. Berdimuhammedow sho bolyan zatlara name uçin "Hwatit!" diyip bilenokka? Barde pul we nalajedeyinlik meselesi barmyka? Dine shu gunin aladasy barmyka? Yashlar eyyam gorup otyrlar, Hramowy TM de indi tanamayan yok, geljek nesiller indi name diyer, yada name ederler?
Muňa jogap

kimden: shayat
22.03.2010 18:31
-Akmyrat Rejepowmy Niyazow olen gijesini, GUrbangulyny prezident etmekde esasy rol oynan? Eger seyle bolsa, onda onun basylmagy gaty adaty yagday. Emma Gurbangula ony basdyrmak aklyny kim berdika? Onsonam Gurbanguly in layik adammydy onki yasulyn yerine gecmage?
-Name sebapden korrupsiya derejesi hic hili uytgemedi, hokumet uytganden sonam? Yokary okuw jaylarynyn paralary 4 mun dollardan 25 mun dollara cykdy.(Magtymgulynyn hukugyna 70 beryanem bar)? Ykdysadyetde nam ucin osus yok? Eger bu in layik adam bolsa. Onca para kimlere paylanyar?
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzaniya
24.03.2010 05:35
Ayooov, yuridicheskiy 2 yil mundan ozal shol 70 mun dollady. Buwagt 100 mun arkayinam bardyr. On ishine girjek bolsanam shoncha tolemeli. Ay garaz milionerler giryarda.

kimden: Batyr
17.03.2010 22:02
Kazy aga sizin soragnyza men jogab bereyinle.
1. Wiktor Hramow turkmenleri hazirki yagdaya getirmek bilen dowlet bujedini arkayyn talap bilyar. Onun arkasynda bolsa kabir dashary yurt guychleri duryar. Ol guycleri sen bilyansin... Shonun uchin prezident hem ondan gorkyar.
Turkmenistany yapmasa Hramowa dashardan geljek dushunjeli erkin turkmenler tarapyndan howp bar, olar ondan jogap sorajaklar.

2. Turkmenistanda KNB-nin bashlygy prezidende dalde Wiktor Hramowa hasabat beryar. Ona hasabat bermese ol wezipeden gidyar. Prezidentin, KNB-nin bashlygynyn, iceri ishler ministrinin her bir dushushygy Hramow tarapyndan yazylyp dinlenyar. Olar ayaklaryny bir adimem gyshyk basyp bilenoklar...

3. Olaryn ustunnen prezidendin ohranasy gozegchilik edyar. Prezidendin ohranasy hazir esasan dashardan getirilen nayonmiy omondan duryar, az owlak turkmenlerem bar. Ol topar dine Hramowa hasabat beryar. Akmyrat Rejep barka Hramow bu yagdaylara kop ygtyyar edip bilenokdy. Akmyrat Rejepi gideren Berdimuhammedov dalde Hramow. Indi Hramow prezidendin, KNB-nin we icheri ishler ministrligne polniy kontrol edyar.
Hana indi pikirlenip gorda senin ozun shu yagdayda naderdin?

kimden: gena nireden: tanzaniya
19.03.2010 16:04
Oglanlar sagbolun hemmanize, bize gyzykly informasiya bereniniz uchin. Yenede name bilseniz aydyn, hayish.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS