Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 14:37

Ykdysadyýet

Ýer bolçulygynda mellek gytçylygy

Ýurduň iň gür ilatly Mary welaýatyndan gelip gowşan habarlara görä, Türkmenistanda ilaty mellek ýerleri bilen üpjün etmek meselesi häkimiýet çalşandan soň hem ýitiligine galýar.

Multimedia

Audio
Tekstiň ululygy - +

Bu problemanyň mellek ýerleriniň, jaýlaryň bahalarynyň gymmatlamagy, täze gurluşyk proýektleri ýa dürli bahanlar esasynda jaýlaryň ýykylmagy bilen has-da çynlakaý häsiýete eýe bolýandygyny aýdýarlar. Ýogsam bolmasa, prezident G.Berdimuhamedow prezidentlige kandidatlyk wadalarynda ilata ýer bermek, maşgalalary jaý bilen üpjün etmek meselelerini hem gozgapdy.

Bäherdenli graždan aktiwisti Sazak Durdymyradow S.Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda hojalyklara mellek ýerlerini bermegiň on ýyldan gowrak gadagan bolandygyny aýdýar. Ol öz ýanyna gelýän raýatlaryň gürrüňlerine salgylanyp, on ýyldan gowrak mellek berilmezliginiň käte goňşy-golam arasynda oňşuksyzlyk döremegine hem getirýändigine ünsi çekýär: «Meniň ýanyma Gumdagdan bir maşgala gelýär. Onuň aýtmagyna görä, Gumadagda mellek ýeri berilmän, köçeleriň üstünde dawalar gidýär.»

Graždan aktiwistiniň pikirine görä, Türkmenistanda ilatyň sany az, ýer bolsa kän, şu sebäpden meseläniň gijikdirilmän çözülmegi gerek.

Bolşewikeleriň hem tapylmadyk wadasy

Patyşa Russiýasynyň ozalky koloniýasy bolan Türkmenistanda ilat bolşewikleriň ýerleri millileşdirmegi, ýagny döwletiň hasabyna geçirmegi netijesinde ýere bolan ata-baba hukugyny ýitiripdi. Gepiň gerdişine aýdylsa, bolşewikler ýeri daýhanlara, zawodlary işçilere bermegi wada edipdiler. Emma bu wadalar sowet režimi dargaýança ýerine ýetirilmedi. Ýöne sowet döwründe adamlara mellek ýerleri berildi. Bu ýeriň ölçegi ilki her maşgala üçin 32 sotka, 24 sotka bolan bolsa, soň dürli ýagdaýlar netijesinde 16, 12, 8 we 6 sotka edildi.

Geň ýeri, şeýle praktikanyň barlygyna, bu ugurdaky kanunlaryň häzir hem ykrar edilýändigine garamazdan, raýatlaryň mellek almagyndaky we öz alan ýerleriniň kanun eýesi bolmagyndaky kynçylyklar saklanyp galýar.

Türkmenistanyň Ýer hakyndaky kodeksiniň 25-nji maddasynda «Daýhan birleşikleriniň agzalarynyň maşgalalaryna, beýleki oba hojalyk we tokaý hojalyk kärhanalarynyň işgärlerine, şol sanda oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş hyzmatlary bilen bagly lukmanlara, mugallymlara we başga hünärli işgärlere…hususy eýeçilik hökmünde, jaý salynmak we hususy kömekçi hojalygy dolandyrmak üçin, satmazlyk, peşgeş bermezlik, çalyşmazlyk hem girewe goýmazlyk şerti bilen ýerli ýagdaýa görä 16 sotka ýer uçastogy berilýär» diýilýär.

«Birbada mellek berlip başlan ýaly göründi…»

Garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň birbada ilata mellek ýerleriniň berlip başlanan ýaly görnendigini, emma bu işiň soňky döwrürde bütinleý diýen ýaly ýatyp galandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosyna ýerli ilatdan gelip gowuşýan habarlarda hojalyklaryň kanun esasynda mellek almak üçin beren arzalarynyň ýokardan girizilen gizlin gadaganlyk esasynda kanagatlandyrylmaýanlygyndan nägilelik bildirilýär.

Şeýle-de raýatlar bu meselede ýerli häkimiýetleriň ygtyýarynyň ýokdugyny, olary muny mellek sorap gelen, arza beren adamlara göni aýdýandyklaryny gürrüň berýärler.

Prezident öz golastylaryny günäleýär

Hökümet maslahatlarynda aýdýan sözlerinden çen tutulsa, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň ilaty ýaşaýyş jaýy, mellek ýerleri bilen üpjün etmegini yzygider talap edýär. Aýdaly, ol 2009-njy ýylyň başynda öz orunbasarlaryna döwletiň her bir raýaty ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek borjuny ýatladyp, şeýle diýdi: «Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Orazow, size Konstitusiýamyzda her bir raýatymyzy abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmekde döwletiň borjy baradaky bellenen düzgünleri ýatlatmak isleýärin. Bu ähli ýolbaşçylara degişlidir.»

Emma, prezidentiň özüniň hem tassyklaýşy ýaly, «ýerli ýolbaşçylar, welaýat we etrap häkimleri, ministrler, mejlisiň deputatlary obalaryň, şäherçeleriň we şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça kabul edilen milli maksatnamany durmuşa geçirmekde talaba laýyk alyp barmaýarlar.»

Elbetde, mellek ýerleriniň berilmezliginiň dürli sebäpleriniň bolmagy mümkin. Ýerli synçylaryň käbiri bu ýagdaýyň ýerli ýolbaşçylaryň iş başarmazlygynyň netijesi bolup biljegine hem ynanman duramaýar. Ýöne olarda bu meseläni çözmek üçin ýeterlik ygtyýaryň we serişdäniň ýokudygyny aýdýan synçylar hem bar. Käbir pikirlere görä bolsa, oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak barada berilýän görkezmeler döwlet tarapyndan gurulýan jaýlara alyjy tapmak zerurlygy sebäpli, emeli ýagdaýda, bilkastdan hem bökdelip biler.

Gurluşyk syýasaty

Garaşsyz žurnalist D.Ýazgulyýew soňky ýyllarda ilaty döwletiň gurýan jaýlaryndan jaý almaga iteklemek tendensiýasynyň duýulýandygyny aýdýar. Ol bu jaýlardan almak üçin banklardan uzak möhletli karz almalydygyny, emma ol serişdäniň oba ýerlerindäki kärendeçilere berilmeýändigini, sebäbi olaryň işli adam hasaplanmaýandygyny gürrüň berýär.

Daşary ýurt metbugatynda Türkmenistan barada çap edilýän makalalarda bu ýurduň territoriýasynyň Angliýanyň iki essesi ýa Fransiýanyň topragy ýaly giň territoriýany eýeleýändigi aýdylýar. Türkmenistanyň deňeşdirilýän ýurtlarynyň hersinde azyndan 60 million adam ýaşaýar. Onsoň, Türkmenistanyň ilat sany bilen, bu ýurtda mellek ýeri problemasy bolmaly däl ýaly. Onda näme üçin bu mesele ýyldan-ýyla geçip, barha ýitileşip barýar?

Ýerli synçylaryň köpüsi bu problemany S.Nyýazow döwründe alnyp barlan we häzir hem dowam edýän gurluşyk syýasaty bilen düşündirýär. Olaryň aýtmagyna görä, sowet ýyllarynda oba posýoloklary gurlup, infrastruktura döretmekde belli bir iş edildi. Emma garaşsyzlyk ýyllarynda uly döwlet serişdeleri gymmat bahaly otelleri, ofisleri, metjitleri… gurmaga gönükdirilip, obalary giňeltmek, mellek üçin paýlap boljak ýerlere tok, gaz, suw, ýol çekmek işleri ünsden düşürildi.

Gelýän habarlar bu ýagdaýyň häkimiýet çalşandan soň hem o diýen üýtgemändigini tassyklaýar. Mysal üçin, prezident G.Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwarynda gurluşyklar we oba hojalygy barada söz açyp, «obalaryň, şäherçeleriň, etrap merkezleriniň we şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça milli maksatnamamyzy durmuşa geçirmegi dowam etdirmeli, bu ugurda 1 milliard 700 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmaly» diýdi. Emma ol şu ýylda we 2011-nji ýylda 23 milliard 600 million amerikan dollarynyň iri gurluşyklara harç ediljegini aýtdy.

«Propagandadan işe geçmeli!»

Sowet ýyllarynda «Şäher bilen bäsleşip dur obamyz» diýip aýdym aýdylardy. Biziň gürrüňdeş bolan synçylarymyz oba erlerinde ýaşaýan ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulaşdyrmakda propagadadan işe geçilmeldigini aýdýarlar.

Bäherdenli mugallym Sazak Durdymyradow ilata mellek erlerini bermek meselesi çözülse, munuň ýurtda işsizligiň azalmagyna, bazarlardaky gök hem maldarçylyk önümleriniň bolçulygyna hem täsir etjegini, il-günüň abadançylygyny berkitjegini aýdýar. Onuň pikirine görä, mellek ýerlerini bermekde bolmanda sowet ýyllaryndaky derejä galmaly: «Meniň pikirimçe, ýaşlaryň garaşsyz ýaşamagyny üpjün etmek üçin olara bolmanda 24 sotka möçberinde mellek ýerlerini bermeli.»

Graždan aktiwistiniň pikirine görä, kämillik ýaşyna ýeten her bir raýata, oguldygyna ýa gyzdygyna garamazdan, mellek ýerini bermegi haýdan-haý ýola goýmaly.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: nabelli nireden: istanbul
01.06.2010 17:06
+0 / -0
Obalarda yer-a bir gyt welin , hiçhili arassaçylyk yok , ibaly yörar yaly yol yok . Adamlaryn köpüsi köçan gyrasyna malyn dersini üyşürip köçani hapalap yörler. Oban içinden geçyan zey kanalaryn içi hem musurdan doly , muna beytman diyyanem yok , durun diyyanem yok !
Agyz suwy meselesi hem gaty erbet yagdayda. Obalara suw turbalary çekilmedik. Adamlar howuz gurduryp , suw maşyn bilen suw getirdip howuzy dolduryalar. Hiçhili gigiena , arassaçylyk yok. Beyle yagdayda herhili kesel dörap biler.
Hökümetin obalary abadanlaşdyrmak maksatnamasy welin dine Aşgabatdaky obalarda durmuşa geçirilyar , beyleki welayatlarda yagday gaty erbet.

kimden: Ayhan
01.06.2010 18:15
+0 / -0
İlki bilen azathabar.com-yn üytgan taze sahypasy gutly-mübarek bolsun! Hormatly Azatlyk! Dine dogrylaryn, adam hak we hukuklarynyn we azatlygyn, hakyky adalatyn yanynda bolmaga dowam edin nesip bolsa! Janynyz sag, Üstünlikler hemranyz bolsun!

kimden: Aydymçy
02.06.2010 13:00
+0 / -0
Bay-bay seretsene Taze Galkynyşlaryn: Döwlet adam üçin diyip agyz dolduryp gürleyan krutoy Prezidentinin 5-6 milyonlyk ilatyn jay-mellek üpjünçiligini çözmage gayratynyn hem dogumynyn yokdugyna? Sen Yurdun başynda boşuna otursynmy bar günani beyleki yaranjan we sana hyzmatkar bolan yolbaşçylaryn üstüne atjak bolsan? Sen name yolbaşçy hükmünde erkin we başarnygyn yokmy name? Men anyk bilyan yerimden - göbek ganymyn daman yeri bolan Murgap etrabyndan söz açyp bir-iki mysal bereyin Size. Bir rayatyn 5-6 sany ogly bar Baryny öyerdi Bir körpe ogly öylenmedik entek. Şolaryn birini göçürdi dine Galany bir mellekde otyr Olam ors döwründe köprak berilen şol 32 sotuk yerlerde.Her haysynynam azyndan 5-6 sany çagasy bar Yene-de gaty köp mysallar bar Ay, garaz, sanasan sowaby bar. Şumy indi Döwlet adam üçin diyilyan hekaya? Hany nirede jay-mellek? Aslynda ol yaşulyn Mara barmaga yüzem yok Yene utanmanam gelyar Düşünjeleri-dünyagarayyşlary gaty pes. Türkmenistany Aşgabat bilen Gypjakdan ybaratdyr öydyarlermika? Akylly adam 1.5 milyonlyk ullakan welayaty garşysyna almaz we adamlaryn problemalary bilen yakyndan gyzyklanyp olary çözmek üçin adam yalyjak iş eder, şöhratparazlyk üçin özüni öwdürip ya Yurdumyz görlüp eşdilmedik derejede ösyar diyip samsyklap 'masgara' 'bolmaz Her zadynam bir çaky bar Name gerek biderek bolmajyn bolup adamlary öz üstünden güldürip yörmek? Halk tanayar-a senin kimdigini Gelen wagtyn öz ene dilini Türkmençe-de gürlabilenokdyn Hazirem agzyna salyp beryarler gürlejek zadyny Şon üçinem öz Türkmenin -halkyn gözünde senin ullakan bir abrayynam yok. Ay bolya-da Magtymguly Atamyz aytmyşlayyn: Akmak sürer döwrany, akyl onyn hayrany

kimden: Galtaman nireden: Mary
02.06.2010 16:22
+0 / -0
2000-nji yylda kakam arza berdi mana mellek almak ucin.5 yyl garasdyk nobat yetmedi.Son tanyslarymyz aytdylar beydip nobatynyza garasyp yorseniz omur yetmez.Tak cto mellek paylayany gorun diydiler.Mellek paylayany gordi kakam.Onunam ozunin ayratyn listi bar ekeni,kime hacan mellek bermeli.Ol aytdy 1 yyl garasyn onsan bir zatlar ederis diydi.400$ berdik aydysy yaly 1 yyl toverek son mellek berdi.
Muňa jogap

kimden: hakykatçy nireden: türkiye
02.06.2010 16:56
+0 / -0
Galtaman dost !
Menem mellek almana ''Synanyşyp'' görjekdim.Haysy şertler gerek mellek almak üçin?Öylenen bolmalymy?400 dollar berip mellek alan bolsan bize-de bir zatlar maslahat edayersinda ! Tanyş-a hökman gerekdir?! Sonam indi alan mellegine jayam gurup berilyamiş !!! Dogrymyka.Mellek hakynda name bilyan bolsan yazsan, Dost !
Muňa jogap

kimden: Galtaman nireden: Mary
03.06.2010 02:22
+0 / -0
Hakykatca!
Ay dost ynanjan ekeninay:)Mena omurem ynanmazdym jay salyp beryar diyseler.400$ mundan 5 yyl onki bahady.Indi bolsa in azyndan 700$,suwun,gazyn baran yerinden mellek aljak bolsan in azyndan 1000$ bahasy bar.Eger obanyz shahere zada yakynyrak bolsa ondanam yokaryk galyar bahalar.Tanysam her obada mellek paylayan yorute bir adam bar,goni shona barmaly.Baslyk eyleki beyleki cozenok.Kakam mana mellegi alanda men oylenmedikdim.Yone bilmedim 400$-yn guyji bolmagy mumkin oylenmedigem bolsam beren bolmaklary.Yone obada propiskan bar bolsa mellek almaga hakyn bar oydyan (oylenen yada oylenmedik).Gel bizin obamyza gonsym edip mellek alyp bereyin:)
Muňa jogap

kimden: hakykatçy nireden: türkiye
04.06.2010 15:15
+0 / -0
Ey 1000 dollar bolsa 1000 dollar.1000 dollaram hazir köp pul dala manat bn-14 million manat bolya.Sen alan mellegin shahere yakyn yerdemi? Nace yaşynda bolmaly mellek almak üçin?Ya on yaly şertem yokmy?