Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 14:43

Kommentariý

Watana dolanmak

Gahar hem alaçsyzlyk adamy her hili ýola ataryp bilýär. Türkmenistanyň—ýagny, öz Watanlarynyň okuw jaýlaryndan özlerine orun tapyp bilmänlerinden soň türkmen ýaşlarynyň azyndan dört müň sanysy goňşy Gyrgyzystan respublikasynyň ýokary okuw jaýlaryna bilim almaga bardylar.

Tekstiň ululygy - +
Ykdysadyýeti gaty bir ösüşli bolmasa-da, tüýs «Bilimler ojagy» diýip at bermeli Gyrgyzystan ýurdunyň ýokary okuw jaýlary türkmen ýaşlaryna gujagyny giňden açyp, bilim öwredip ugrady.

Aslynda, Gyrgyzystandaky ýaly — tölegli ýol bilen bilim aljaklara ýol açmak Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky maliýe ýetmezçiliklerini düzetmäge hemaýat hem bolardy. Hatda şeýle tölegli ýol boýunça bilim berjek okuw jaýlaryny açmaga ýol berjekdigi hakda ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda gaty kän agzap geçendigine seretmezden, henize çenli Türkmenistanda tölegli hasaplaşyk boýunça okuwa kabul etmek işi ýöränok.

Kyn zatmyka?

Aslynda tölegli okuwa ýol açmak kyn zat hem däl. Ýöne näme üçindir, daşary ýurtlara hem walýutaň, hem ýaşlaryň gidip durka, bu mesele çözülmeýär?

Ýaş ýürekler okamak höwesinden doly. Okuw höwesine düşen juwan ýürekleriň öňüne ýurtdaky syýasat-da, ýat illerdäki kynçylyklar-da böwet basyp bilmeýär. Ýaşlyk — ýaşlyk bolýar. Watanda okamaga ýer tapmasa, olar islendik ýurda gitmäge taýýar bolýarlar.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna alynmaly bäş müň gowrak talyp üçin rugsat edilýän orun ýylda 100 müňden gowrak mekdepleri gutarýan ýaşlar üçin juda az bolýar. Ýurtdaky ýagdaý şeýle bolansoň, türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi Gyrgyzystan respublikasynyň okuw jaýlarynda bilim almaga başladylar.

Gyrgyzystanyň Oş we Jelalabad şäherlerinde bolan uruş wakalary türkmen talyplarynyň aglabasyny Watana dolanmaga mejbur etdi. Watandan hernäçe öýke-kine, gahar bilen gidilse-de, başa kynçylyk düşende adamyň gaçyp atýan ýeri — öz Watany, öz öýi bolýar.

Gyrgyzystana bilim almaga giden türkmen ýaşlarynyň ençemesi Gyrgyzystandaky uruş wakalary sebäpli Watanlaryna mydamalyk dolandylar hem-de öz Watanlaryndan haraý islediler. Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmäge synanyşmagy ýüreklerine düwdüler. Ýöne Watanda bu sapar hem olaryň döşünden itildi.

Gynançly täzelik...

Gyrgyzystanda okap gelen dört müňden gowrak talybyň hiç biriniň Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna alynmaly däldigi hakda, olaryň ählisiniň adynyň eýýäm “gara sanawa” girizilendigi hakda olar heniz bilýänem däldirler. Olary ilkinji ekzamenlerden geçirmän, kowup-kowup goýberipdirler.

«Bizden gorkýarlar. Gyrgyzystandaky demokratiýanyň ysyny türkmen ýaşlaryna-da geçireris öýdüp gorkýarlar» diýip, Gyrgyzystandan gaýdyp gelip, talyplyga dalaşgär bolan ýaşlaryň biri gürrüň berýär.

Gyrgyzystandan gaýdyp gelen ýaşlaryň ýüreginde eýýäm hökümete gahar bar, nägilelik bar. Watanda döşünden itilen halaty, ep-esli ýaşan, aga-gara düşünýän adamlar üçin hem aňsat däl. Ýöne juwan ýaşda Watandan orun berilmese, bu ýagdaý ýaşlar üçin örän kyn ýagdaý. Bu ýagdaý olary ruhdan düşürýär, ruhy sarsgynlyga, ýürek döwülmä, göwni çökgünlige eltýär.

Bialaç ýagdaýda Watana dolanýanlaryň döşünden itilmese ýagşy. Hökümet diýeniň her bir ýüze çykýan ýagdaýy gowulyk bilen çözmegi başarmaly. «Gyrgyzystanyň okuw jaýlaryny tamamlap gelende-de, häzirki hökümet ýaşap ýörse, olara bu ýurtda iş hem berilmeýär» diýip, Bilim ministrliginiň işgärleriniň biri gürrüň berýär.

Tölegli ýol boýunça daşary ýurtlarda, aýratyn-da Gyrgyzystan respublikasynda bilim alýan ýaşlar bu günler kelepleriniň ujuny ýitirýärler. Şeýle ýagdaýa düşen perzentlerine nähili ýoly salgy berjegini olaryň ene-atalary hem bilenoklar.

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: men nireden: belgıa
16.08.2010 09:30
+0 / -0
Hökümet nämeden gorkyarka?-dıen sorag yüze çykyar. Şu bespredel dowam etse, yurtda dıne ozleri galar-da. 'wah begenerlera'

kimden: Talyp nireden: Dashoguz
16.08.2010 15:37
+0 / -0
Her yyl dashary yurtlara oz tolegleri bilen okamaga gidyan yashlaryng sanawy anyk belli dal bolsa gerek.Yone bu yashlaryng (talyplaryng) her birining yylda azyndan $ 1500-3000 USD dashary yurtlarda harchlayandygy her kime malimdir. Bu yagday Turkmenistanyng Ykdysady we Maliye yagdayy uchin tasirli bolsa gerek. Bu pullar Turkmenistanyng ichinde kynlyk bilen gazanylyp, dashary yurtlarda harchlanyar.
Hazirki dashary yurtlarda tolegli okayan turkmen talyplarynyng islendik birisinden, "Turkmenistanda tolegli yagdayda okajakmy" diyip sorasang, doly razylyk bildirer.
Eger-de Turkmenistanda Yokary okuw jaylarynda tolegli bolum achylsa, onda okuwa girmek uchin berilyan PARAnyng yuwash-yuwashdan azalmagy ya-da yok bolup gitmegi mumkin.

kimden: Рахман nireden: Канада
16.08.2010 18:16
+0 / -0
Догры,туркменистанда-да толегли окувлар ачылса говы боларды.Йоне шейле окув жайларында,хатда довлет окув жайларында-да педогогик ишгарлери учун дузгуни беркедилсе хас говы боларды.Дашары юртларда толегли окув жайларында окаян ве хасир хем окаян яшларымызын ка биринин ики толеге душяндыгыны хем беллап гечмели.Олар толенилйан толегден дашары,ка бир себаплере гора,мугаллымларын киселерине толег толейарлер.А кабирлери окувларыны ташлап би дузгунчулиге йуз урярлар.Гынансакда,тазе гелжегин онуне палта урянлар барка(юртда),ылмы тарапдан яшлары осдурмек энтеклап довам эдер.Мунун дуйп себаби, икинжи диктатор довруни башдан гечирйандигимиз.Хазирки президентин ене бир срок шол дережеде отуржагы горунуп дур.Себаби, оны туркмен халкы сайламады, бюджетин пулы билен дашары юртлар тарапындан(шол санда оретин хем эсасы эли бар),сайланды.(Бу менин шахсы пикитим).

kimden: Atsyz
17.08.2010 04:42
+0 / -0
"Родина зовет" diyyar orslar welin, barsanam shu zatlar "razdrojat" edya!!! Derrew çykyp gaydasyn gelyar.