Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 15:03

Türkmenistan

Uly neşe söwdagärleri ele salyndy

Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy ýurtda neşekeşlige garşy geçirilen işleriň netijeleri we bu ugurda alnyp barlan çäreler barada ýurduň prezidentine hasabat berdi.

Konfiskasiýa edilen pullar we neşe maddalary

Multimedia

Tekstiň ululygy - +
Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygynyň hasabatyna görä, bu gullugyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde alyp baran operatiw-gözleg we derňew işleriniň netijelerinde aýratyn uly möçberde neşe söwdasyny edenleriň birnäçesiniň ýüze çykarylandygy habar berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara neşe söwdagärleriniň saklanylmagy bilen bagly görkezilen wideoşekil «Watan» habarlar gepleşiginiň üsti bilen tutuş ýurda hem görkezildi.

22 adam saklandy

Tussag edilen jenaýatçylar telewideniýede görkezildi
Wideoşekilde beýan edilişine görä, hukuk goraýjy edaralar tarapyndan Balkan hem-de Ahal welaýatlaryndan neşe söwdasy bilen meşgullananlaryň 22-siniň saklanylandygy habar berildi. Neşe kontrabandaçylaryň ählisiniň ady we ýaşaýan ýeri telewideniýe arkaly köpçülige ýekän-ýekän mälim edildi. Olaryň arasynda iki sany zenan maşgalanyň-da ady tutuldy.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde bu jenaýatçylar topary tarapyndan Türkmenistana 65 kilogram tirýegiň geçirilendigi anyklanylypdyr. Guramaçylykly jenaýatçy topara degişli bolan pullar, birnäçe awtoulaglar hem-de jaýlar hukuk goraýjy edaralar tarapyndan konfiskasiýa edilendigi barada habar berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda jenaýata baş goşanlaryň birnäçesiniň toba gelip, eden çykyşlary görkezildi.

Ýolbaşçylaryň eli bar

Konfiskasiýa edilen ulaglar
Jenaýatçy toparyň esasysy hasaplanýan Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň ýaşaýjysy Meret Meredow Eýranyň raýatyndan alan 65 kilogram tirýegi ýurda geçirendigini boýun alyp çykyş etse-de, ol neşe maddasyny alan eýranly meslekdeşiniň adyny aýtmakdan saklandy.

Telewideniýe arkaly görkezilen gepleşikde Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň «Daýhanbankynyň» dolandyryjysynyň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Gyzylarbat» daýhan birleşiginiň başlygynyň atlarynyň tutulmagy bu jenaýatçy toparlara etrabyň çägindäki iň bir uly wezipeli adamlaryň goşulandygyny aýan etdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Lebap welaýatynda saklanan neşe kontrabandaçylarynyň saklanylyşy barada hem wideoşekil görkezildi. Bu guramaçylykly toparyň 18 kilograma golaý tirýek hem-de 2 ýarym kilogramdan gowrak geroin bilen ele salnandygy habar berildi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Galtaman nireden: Mary
31.08.2010 12:12
+0 / -0
Bu tutulanlardan 1000-lerce esse kop tutaslary gelse Gushga baryp serhetde 1 hepde garashsynlar.Konteynirlap geciryaler.

kimden: Рахман nireden: Канада
01.09.2010 05:07
+0 / -0
Озалы бир зада душунелин! Шол ёкарда отуран ка-бир башлыкусумаклар,неше маддасына шарикли. Бу группан тутулмагы,менин пикиримче,гурналан иш...................