Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentlige kandidatlar hödürlenip başlanýar


15-nji dekabrda Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň gurultaýynyň geçiriljekdigi yglan edilipdi.
15-nji dekabrda Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň gurultaýynyň geçiriljekdigi yglan edilipdi.
Türkmenistanyň saýlawlar we referendumlar geçirmek boýunça Merkezi komissiýasy 13-nji dekabrda maslahat geçirip, 2011-nji ýylyň 14-nji dekabryndan Türkmenistanda prezidentlige kandidatlaryň hödürlenip başlanýandygyny yglan etdi.

Resmi maglumata görä, maslahatyň dowamynda jemgyýetçilik-syýasy aksiýany geçirmäge doly taýýardygy barada Türkmenistanyň welaýat hem paýtagt saýlaw komissiýalarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenipdir. 2307 saýlaw bölüminiň döredilendigi, onuň öňkülerden köpdügi, daşary ýurtlarda-da 29 saýlaw bölüminiň döredilendigi habar berilýär.

2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlarynda türkmenistanly ýönekeý graždanlaryň nähili hak-hukuklary bar? Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhin bilen gürrüňdeş boldy.

Ýewgeniý Greçuhin: Türkmenistanyň graždanlaryna “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakynda” soňky kabul edilen kanun esasynda öz kandidatyny hödürlemäge hukuk berilýär. Şol kandidatura 10 müň saýlawçynyň goly bilen goldalmaly. Şol gollary ýygnamak işi inisiatiwa topary tarapyndan gurnalýar. Şol toparyň düzümine ses bermäge hukugy bolan iň bärsinden 50 adam girmeli.

Azatlyk Radiosy: Graždan kollektiwleri tarapyndan öz kandidatyny hödürlemek üçin häzir Türkmenistanda şertler barmy?

Ýewgeniý Greçuhin: Graždanlar kollektiwlerinden kandidat bolmaz. Sebäbi, mysal üçin, Orsýetde öz kandidaturaňy hödürlemek üçin bir million gol gerek. Türkmenistanda 10 müň. Adamlarda işleýän ýerinden ýa ýaşaýan ýerinden umumy ýygnakda prezidentlige öz kandidatyny hödürlemek hukugy ýok. Biziň ýurdumyzda bir edaradan ýa kärhanadan 10 müň sany saýlaw ýaşly adamyň goluny ýygnamak mümkin däl, onça iş orny-da ýok. Şonuň üçin bu işiň nähili ýerine ýetiriljegini bilemok.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň täze kanunynda birnäçe kandidatyň prezidentlige dalaş etmäge haklydygy ýazylypdyr. Eger ýagdaý siziň aýdyşyňyz ýaly bolsa, alternatiw kandidatlar nähili peýda bolar?

Ýewgeniý Greçuhin: Men öz görşümi aýdaýyn: Türkmenistanyň aýal-gyzlar guramasy, profsoýuzlar, ýaşlar guramalary, ine, size üç kandidat.

Azatlyk Radiosy: Olaryň ählisi “Galkynyş “ hereketine girýän, häkimiýete garaşly guramalar dälmi?

Ýewgeniý Greçuhin: Olar, dogrudanam, “Galkynyşa” girýärler. Şol bir wagtda-da olar aýratyn guramalar hasap edilýärler we, öz kandidatyny hödürlemäge hakly. Olar ýurtda iň köp agzaly we abraýly guramalar hasap edilýärler.

Azatlyk Radiosy: Siz kandidat hödürlemek üçin 10 müň gol ýygnamak gerek, ol mümkin däl diýdiňiz. Näme üçin?

Ýewgeniý Greçuhin: Birinjiden, inisiatiwa toparyny döretmeli. Ony döretmäge aýgyt, töwekgellik edip biljek adam, meniň pikirimçe, Aşgabatda tapylmasa gerek. Eger geçen asyryň 89-90-njy ýyllary barada gürrüň gitse, başga mesele. Şol döwürde aktiw adamlar bardy, olar topar dörederler diýerdim.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, Türkmenistanyň graždanlarynyň indiki saýlawlar bilen bagly ýene nähili hukuklary bar?

Ýewgeniý Greçuhin: Kanun boýunça kandidatlary hödürlemäge-de, uçastok saýlaw komissiýalaryna gatnaşmaga-da haklary bar. Bu işde başga görýän zadym ýok. Gelerler, ses bereler, wessalam!

Azatlyk Radiosy: Ahyrky sorag, saýlawlaryň gidişinde düzgün bozmalar barasynda saýlawçylaryň ýerli hem halkara synçylara şikaýat etmäge haky barmy?

Ýewgeniý Greçuhin: Hawa, hawa! Ol täze kanunda ýazylan. Şikaýat etmek, saýlawçylaryň hukuklary, sud organlaryna çenli şikaýat etmek – hemmesi ýazylan. Ýöne şol düzgünleriň iş ýüzünde nähili ulanyljagyny aýdyp biljek däl.
XS
SM
MD
LG