Penşenbe, Oktýabr 02, 2014 Aşgabat wagty 19:27

Türkmenistan

Aşgabatda gijeki durmuş

Aşgabadyň özgerip barýan gijeki durmuşynyň öňüne böwet basmak o diýen aňsat bolmajak ýaly.
Aşgabadyň özgerip barýan gijeki durmuşynyň öňüne böwet basmak o diýen aňsat bolmajak ýaly.

Multimedia

Audio
Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän bir kafeniň esasy aýratynlygy – onuň 23.00-da başlaýan ýurtda yglan edilmedik “komendant sagady” dowam edýän wagty hem açyk bolmagy. Bu gadagançylyga garamazdan, onuň muşderileriniň sany hem az däl, gije işlemek üçin onuň şertlerem amatly. 

Ýarympodwal jaýda ýerleşýän kafeniň daşyndan onuň diňe girelgesi görünýär. Bir gezek seredeniňde kafeniň işleýändigini bilmek kyn, emma hakykatda ol diňe kafe däl, Aşgabadyň gijesine diskoteka öwrülýän iň köp adamly güýmenje merkezlerinden biri.

—Biziň müşderilerimiz 18-25 ýaş aralygyndaky ýaşlar. 30 ýaşa ýetenler hem bar. Emma olar az. Kafemiziň müşderileriniň aglabasy gurply adamlar bolansoň, gijeki kafedäki bahalaryň gündizdäkiden esseläp ýokary bolmagy müşderilerimiziň sanyna o diýen täsirini ýetirenok—diýip, kafeniň özüni Mekan diýip tanadan işgärlerinden biri özara söhbetdeşlikde aýtdy.

Bu kafe Aşgabadyň üýtgäp barýan gijeki durmuşyny suratlandyrýan alamatlardan diňe biri. Ondan başga-da soňky döwürlerde paýtagtda gurlan uly myhmanhanalaryň diskotekalaryna gatnaýan ýaşlaram az däl. Hatda şol güýmenje ýerlerine gatnaýanlaryň arasynda soňky döwürlerde ýaş gelin-gyzlaram görmek mümkin.

“Çyraçylar”

Diskotekler bilen bir hatarda ýaşlaryň gijeki güýmenjelerinden biri hem daşary ýurtlarda “street race” diýlip atlandyrylýan “çyraçylar” bolup, şol güýmenje umuman ýiti yşykly awtoulaglaryň arasynda köçelerde geçirilýän ýaryşlardan ybaratdyr.

Bu ýaryşlar paýtagt Aşgabadyň köçelerinde Orsýetiň “WAZ” awtozawodynyň awtoulaglarynda bikanun gurnalýardy we 2010-njy ýylda “çyraçylara” garşy berk çäre görülýänçä, bu güýmenje şäherli ýaşlaryň arasynda sub-kultura derejesine baryp ýetipdi.

Emma bu ýaryşlaryň çäklendirilmegi, gije 23-den soňra köçelere çykmak gadagançylygynyň dowam etmegi, köçäniň ugrundaky käfelerdir-dükanlaryň irden ýapylmagy ýaly zatlar gijeki durmyşa öwrenişip barýan aşgabatly ýaşlaryň lapyny keç edýär.

24 ýaşly Begenç hem edil şeýle ýaşlardan biri, ol bu çäreleriň ýaşlaryň hereket azatlygyny çäklendirmäge, hatda halky kontrollykda saklamaga gönükdirilen ädimlerden ybaratdygyny aýdyp, ony hökümetiň sýyasaty bilen baglanşdyrýar:

—Gije 23-00 den soň köçelere çykmagyň gadagan edilmegi baradaky çäklendirme Nyýazowyň döwründe başlapdy. Döwlet adamlary bir garaýyşly, bir pikirli etmek isleýär. Hatda adamlaryň birmeňzeş geýinmegini isleýär. Onuň bu islegi, esasanam, ýaşlara degişli.

Şikaýat edýänlerem ýok däl

Hökümet bilen bir hatarda Aşgabat şäheriniň özgerip barýan gijeki durmuşyna garşy çykýan ilatam bar. Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän we gije 23-00-dan soň açyk bolan kafeniň ýerleşýän raýonynyň ýaşaýjysy, 54 ýaşly Meret Aga esasan goh-galmagaldan şikaýat edýär:

—Her gije uruş-sögüş. Goh-galmagal sebäpli gije ýatyp bolanok. Polisiýany çagyrsaňam, diňe uruşýanlary ýygnap gidýär. Kafe bolsa bütin gije işläp dur, gykylykdan ýaňa ýatyp bolanok.

Meret aga Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, esasanam, gije köçelerde aýlanyp ýören ýaşlaryň özlerini ahlaksyz alyp barýanlygyny hem belläp “serhoş ýaşlaryň özara uruşlarynyň käbir halatlarda pyçaklaşma çenli baryp ýetýänligini” aýdýar.

Emma, ilatyň käbir gatlaklarynyň garşy çykmagyna we hökümetiň görýän dürli çäklendirmelerine garamazdan, Aşgabadyň özgerip barýan gijeki durmuşynyň öňüne böwet basmak o diýen aňsat bolmajak ýaly.

Gije 23-00-dan soňra yglan edilmedik “komendant sagadynyň” dowam etdirilmegi gizlin kafeleriň açylmagyna ýol açan bolsa, çyraçylar hem öz güýmenjelerini dowam etdirmek üçin toý-tomaşalaryň ýoluny tutdular.

Onsoň, şäheriň köçelerinde ýatyşanam bolsa, “çyraçylyk trýuklaryny” indi gelinalyjylarda görmek bolýar. Gelinalyjylardaky “trýuklar” üçin pulam tölenýär.

Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän kafeniň işgäri Mekanyň pikirine görä, artyp barýan bu talaba çäklendirmeler bilen böwet bolmak kyn:

—Ýaşlar dünýäniň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly kadaly şertlerde ýaşamak isleýärler. Dünýäniň köp ýurtlarynda şäheriň gijeki durmuşy diýen ýagdaý bar. Bu ýagdaý, bir tarapdan, ilatyň belli bir gatlagyna, hususan-da ýaşlara gije dynç almaga mümkinçilik berýän bolsa, beýleki bir tarapdan, şäheriň myhmanlary üçin ol turistik aýratynlyk  bolup hyzmat edýär. Bizde hem bu iş dogry ýola goýulsa, bu ýagdaýdan hiç kim kösenmez.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswir
     
kimden: Dr.Bega
13.03.2012 23:40
+0 / -0
Çyraçylaryn içinde berdimuhamedowyn yegenam barmyş diyaler dogrymay şol
Muňa jogap

kimden: Serdar
14.03.2012 03:34
+0 / -0
Sona menem esitdim, adam Serdar diyyarlar
Muňa jogap

kimden: Atsyz
14.03.2012 04:20
+0 / -0
Serdar ogly, on diyyani Shamyrat (Shammy)
Muňa jogap

kimden: Rawshan we Jamshut nireden: Kebek
14.03.2012 17:43
+0 / -0
Prezidentin yegenlerıne hemme zat prav!Edesı gelenını edyaler Türkmenıstanda we Ejelerem!

kimden: Artyk nireden: Ukraina
14.03.2012 14:48
+0 / -0
Çäklendirmeler, bolanoklar, bilemoklardan halk halys ýadady, eger şeýle dowam etse, ilaty näme nahar iýjegiňem öňürti ýolbaşçylardan soramaly ederler.

Elbetde halk çydap bilmez, elbetde özleriçe çykalga gözlärler, elbetde mydama goýun ýaly bolup ýaşamazlar, şoňa göz ýetirip bilmeýän ýolbaşçylarymyz öz ykbalynyň aladasyny etmeli.

Ýurdy, ulakan türmä öwürdiler, üstesinede halky türmäniň şertlerini öwdürmäge hem mahabatlandyrmaga mejbur edýärler, ilat halys ýadady şu zatlardan.

kimden: MAMA nireden: OBA
14.03.2012 15:54
+0 / -0
Elbetde bizin yaşlarmyz hem beýleki ýurtlarda bolşy ýaly kadaly şertlerde ýaşamak isleýärler.Yeri gelende aydyp otyrsak dine yaşlar dal halkymyzyn hemmesi hem kadaly şertde yaşamak isleyar.Yone gynansakda beyle yagdayda dalde ,durmuş şertlerinde kop kynçylyklary bolan,yapyk yurtda yaşayarys.

kimden: mc.turkmen nireden: Ibiza
16.03.2012 05:05
+0 / -0
dogry... yadan bolsak, onda... muny yadatdyrmaz yaly etmek kim isleyar? hemmaniz bolsanyz bir gun etdirtmeli bors... dogry...