Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen saglyk pudagynyň hakyky ýüzi


Türkmenistan, saglygy saklaýyş desgalarynyň resmi görnüşi.
Türkmenistan, saglygy saklaýyş desgalarynyň resmi görnüşi.
Bu aý Türkmenistanda Saglyk we Sport aýy diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň müňlerçe raýatlary ýurduň parklaryna gezelenje çykarylýarlar we olar özleriniň iş ýerlerinde guralýan bedeni berkidiş çärelerine gatnaşdyrylýarlar.

Ýurtda yglan edilen bu kampaniýa Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk ulgamyndaky “başlangyçylaryndan” ugur alýar. Ol 2006-njy ýylda hökümet başyna geçeli bäri ýurduň saglyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin kaşaň saglyk merkezlerini bina edip, olaryň içini soňky tehnologiýa bilen üpjün etmek üçin 10 millionlarça dollar pul serişdesini sarp etdi.

Ýöne, muňa garamazdan, Türkmenistanyň adaty raýatlary üçin saglyk pudagynyň iş ýüzündäki ýagdaýy gaty bir öwerlik däl. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň taýýarlan maglumatlary esasynda Radionyň habar merkeziniň habarçysy Farangis Najibulla habar berýär.

2004-2005-nji ýyllarda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow saglyk gullugy boýunça 15 müň adamlyk iş ornuny kemeldipdi we ol welaýatlardaky syrkawhanalaryň käbirlerini ýapdyrypdy. Ozalky prezident saglygyny bejertjekleri paýtagt Aşgabada gelip bejergi almagy ündäpdi.

2006-njy ýylda hökümet başyna geçen diş lukmany Gurbanguly Berdimuhamedow düýpli özgerişlere gol çekip, ýurduň saglyk ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak üçin 10 millionlarça dollar pul serişdesini sarp etdi.

Täze saglyk desgalary gurulýar...

Paýtagt Aşgabatda köp sanly keselhanalar, saglyk öýleri we sport desgalary bina edildi. Olaryň hemmesi döwrebap tilsimatlar bilen üpjün edildi.

Habar sirişdeleriniň berýän maglumatlaryna görä, paýtagt Aşgabatda “Göz kesellerini bejermek” boýunça bahasy 56 million dollara barabar bolan saglyk kompleksi guruldy. Şol sanda, paýtagtda bahasy 47 million dollara barabar bolan trawmatologiýa merkezi gurlup, ulanylmaga berildi.

Ýurduň internet saýtlarynda türkmen häkimiýetleriniň ýurtda bar bolan energiýa serişdelerini, tebigy gazy daşary ýurtlara satyp, şolardan alnan girdejileriň hasabyna bina edilen saglyk merkezleriniň mahabatly suratlary ýerleşdirlipdir.

Ynha, ýöne bir topar türkmenistanly iş ýüzünde mümkinçilikleriň öwerlik däldiginden şikaýat edýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, ýurduň saglyk pudagynyň diňe daş ýüzi özgeripdir. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan käbir lukmanlaryň we hassalaryň aýtmaklaryna görä, Berdimuhamedow Nyýazowyň ýapdyran käbir keselhanalaryny täzeden açdyran hem bolsa, saglyk hyzmatlarynyň hilinde özgeriş bolmandyr.

"Welaýatlarda 70-nji ýyllaryň derejesi"

Özüni Maral Nedirowa diýip tanadan türkmenistanly lukman: “Welaýat keselhanalarynda ýagdaý häli bu güne çenli 70-nji ýyllardaky ýaly” diýýär.

Türkmenistanyň saglyk pudagynda ýigrimi ýyllap iç keselleri boýunça lukmany bolup işlän Nedirowa şu ýylyň başynda ýurdy terk edipdir. Onuň soňky işlän ýeri Aşgabadyň Nyýazow keselhanasy ekeni.

Nedirowa: “Aşgabadyň keselhanalary parahorluga çümdi, oba ýerlerindäki keselhanalarda bolsa iň ýönekeý medisina enjamlary hem tapdyrmaýar” diýýär.
Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Tagtabazar etrabynyň “Inçekesel hassahanalarynda-da” ýagdaý şeýle. Ýary ýumrulan keselhana binasynyň diwarlary boýaldy, ýöne şonda-da hassahanada suw ýok, ýyladyş ulgamynyň we hajathanalarynyň hem şol öňki köneligi.
Saglyk hepdesi, Türkmenabat. 7-nji aprel, 2013.
Saglyk hepdesi, Türkmenabat. 7-nji aprel, 2013.

Keselhanadaky hassalar binanyň daşyndaky hajathanalary ulanmaga mejbur bolýarlar we olar sowet döwründen galan krowatlarda ýatmaly bolýarlar. Gürrüňi edilýän keselhananyň naharhanasynda köne holodilnik (sowadyjy), oturgyçlar we üsti köne-küşül skatert bilen örtülen stollar bar.

Nedirowa ýurduň ähli etraplaryndaky hassahanalaryň ýagdaýynyň şundan üýtgeşik däldigini aýdýar: “Olarda döwrebap hajathanalar ýok, muňa derek hassalar binanyň daşyndaky hajathanalary ulanmaly bolýarlar. Ýurduň çäginde ýerleşýän köp sanly keselhanalaryň binalary täzelenmedi. Hassahanalarda porsy ys bar. Arassaçylyk ýagdaýlar pes we otaglar sowuk. Hassalar öz iýjek naharlaryny öýlerinden getirdip iýýärler.

Hassalar hemme zat üçin töleg töleýärler, ýöne şol pullaryň welin, nirä gidýänini bilýän adam ýok. Etrap hassahanalarynda merkezi ýyladyş ulgamy ýok. Şonuň üçinem hassalar gyş paslynda öz ýyladyjylaryny ýanlary bilen getirýärler”.
Nedirowanyň aýtmagyna görä, Aşgabadyň soňky tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylan “kaşaň” keselhanalarynda işlär ýäly we şol enjamlara erk eder ýaly taýýarlykly işgär ýok.

Keselhanalardaky "elhençlik"

Gündogar Türkmenistanyň Türkmenabat şäheriniň lukmançylyk mekdebinde okan Bahar etrap syrkawhanalarynyň birinde hünär öwreniş tejribe okuwyny geçipdir. Ol keselhanalardaky ýagdaýy “elhençlik” diýip häsiýetlendirýär.

Bahar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyny beren interwýusynda şeýle diýýär: “Keselhana binasy örän köne we ähli medisina enjamlary hem-de mebeller örän köne. Keselhananyň otaglary dar we çäklendirilen. Ol ýerde haçan görseň, yzygiderli ýagdaýda derman ýetmezçiligi bolýar”.

Şeýle ýeter-ýetmezçiliklerine garamazdan, etrap keselhanalary köp sanly garamaýak türkmeniň lukmana görnüp biljek ýeke-täk ýeri. Pully hassalar bejergi almak üçin Aşgabada gaýdýarlar. Paýtagtyň döwrebap hassahanalarynda çykdajy edip, bejergi almak üçin hatda orta girdejili türkmenistanlylaryň hem güýji ýetmeýär.

Türkmenistanda döwlet keselhanalarynda bejergi alýan we “saglyk ätiýaçlygy” bolan hassalaryň saglyk hyzmatlary üçin töleýän tölegleriniň belli bir mukdary kagyz ýüzünde döwlet tarapyndan tölenilýär.

Ýöne Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan hassalar hakykatda özleriniň hemme zat üçin, hatda keselhanalaryň krowatlarynda ýatany üçin, iýmedik naharlary üçin, dermanlar üçin we operasiýalar üçin hem töleg tölemeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Saglyga agyz urýan parahorluk

Häzirki wagtda nirede ýaşaýanlygy barada maglumat bermekden saklanan Nedirowa: “Türkmen keselhanalarynda parahorluk kanuna öwrüldi” diýip gürrüň berýär. Ol öz sözünde:

“Hassalar, şepagat uýalaryndan başlap tä hirurglara barýança, hemmä nagt görnüşinde pul tölemeli bolýarlar. Bu hassalaryň keselhanada hasaba duranlarynda töleýän resmi töleglerinden daşgary, goşmaça tölenýän tölegler” diýýär.

“Aşgabadyň mermere gaplanan saglyk merkezlerinde lukmanlar biderek nobatlary döredýärler. Şeýdip, olar hyzmaty tizlendirmek isleýän hassalardan para alýarlar. Mysal üçin tomografiýa barlagyndan geçmek isleýän hassalar, eger-de para bermeseler, iki-üç aý garaşmaly bolýarlar”.

Habar serişdelerindäki maglumatlardan çen tutsaň, adamlar adaty rak operasiýasyny etdirmek üçin keselhanalara resmi ýagdaýda 8500 amerikan dollary möçberinde pul tölemeli. Ýöne Nedriowanyň aýtmagyna görä, lukmanlara we şepagat uýalaryna berilmeli paralary hem hasaba alsaň, operasiýanyň tölegi iş ýüzünde has köp bolýar.

Saglyk bejergisini almak üçin öýüni, maşynyny satýan ýa-da dogan-garyndaşlaryndan pul karz almaly bolýan agyr hassalaryň hem bolýandygy aýdylýar.
Daşoguzdaky saglyk binasy
Daşoguzdaky saglyk binasy

Günbatar Türkmenistanda ýerleşýän Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy, öý hojalykçy, 55 ýaşly Arzuw hroniki böwrek näsazlygy sebäpli her alty aýda bir gezek bejergi almaly bolýar. Arzuwyň ogul-gyzy yzygiderli galýan bejergi tölegleri we mejbury paralary işläp, üzmeli bolýarlar. Arzuw “Mundan beýläk bejergi almasammykam?” diýip hem oýlanýar, sebäbi onuň maşgalasynyň bu tölegleri yzygiderli tölemäge gurby ýok.

Ozallar “bir mydar türkmenler” saglyk bejergisini almak üçin Türkiýä, Eýrana ýa-da Orsýete giderdiler. Ýöne soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri munuň öňüni almak üçin adamlary bir topar “dereksiz dokumentleri” taýýarlamaga mejbur edip, bu prosesi çylşyrymlaşdyrdylar.

Göwsünde howply çiş dörän 27 ýaşly Aýna has oňat şertlerde bejergi almak üçin garaşmaly bolupdyr we şol döwürde onuň ýagdaýy has hem ýaramazlaşypdyr.

Aýna: “Men operasiýa üçin Eýrana gitjek boldum, ýöne maňa rugsat bermediler. Soňra men, hamana gezelenje barýan ýaly bolup, Türkiýä gitdim. Türkmen häkimiýetleri, eger-de öz raýatlary saglyk bejergisini almak üçin daşary ýurtlara gidip başlasalar, onda bütin dünýä Türkmenistanyň saglyk pudagynyň hakyky ýüzüni görer diýip oda-köze düşýärler” diýip gürrüň berýär.
XS
SM
MD
LG