Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Kisäňe, eliňe seredip durlar"


Türkmenistan, saglygy saýklaýyş desgalarynyň resmi görnüşi
Türkmenistan, saglygy saýklaýyş desgalarynyň resmi görnüşi
Türkmenistanda «Saglyk we bagt» şygary astynda sport aýy dowam edýär, emma häkimiýetler ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda giň ýaýran diýilýän korrupsiýa, parahorluk barada kän gürrüň etmeýärler.

Azatlyk Radiosyna ýurt içinden gowuşýan habarlarda aýdylmagyna görä, lukmanlaryň käbiri öz wezipesinden peýdalanyp, näsaglaryň hasabyna bikanun gazanç edýär, olara gerek däl dermanlary hem ýazyp, onsuzam eli ýuka adamlary uly harajada goýýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew bilen söhbetdeş bolan ýaşuly adam öz pensiýasynyň dermandan artmaýandygyny, bu ýagdaýda iýgi-içgisiniň uly alada bolýandygyny gürrüň berdi.
We are sorry, but this feature is currently not available
XS
SM
MD
LG