Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze keselhanalaryň 'elýeterliligi'


Kelle we boýun keselleri keselhanasy. Aşgabat
Kelle we boýun keselleri keselhanasy. Aşgabat
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda paýtagt Aşgabatda ençeme täze keselhanalar açyldy. Paýtagtyň günortasynda bolsa Kardiologiýa, Kelle we boýun, göz, iç keselleri ýaly birnäçe keselhanalardan ybarat özboluşly medisina şäherçesi hem döredildi. Aşgabadyň beýleki raýonlarynda hem ak mermer bilen örtülen täze keselhanalar guruldy we gurulýar.

Çoganlyda Ýokanç keseller keselhanalar toplumy, Bekrewe ýolunyň ugrunda Şikesleri bejeriş halkara merkezi guruldy. Onuň gapdalynda bolsa häzirki wagtda Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň binasy gurulýar. Öňki ”Gyzyl haç” keselhanasynyň ýerinde hem täze keselhana bina edilýär.

Döwrebap medisina tehnika bilen üpjün edilen, näsaglar üçin örän amatly şertler döredilen bu keselehanalaryň ýerli mediada “ilatyň medisina üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen gurulýandygy” yzygiderli tekrarlansa-da, görnüşine görä, olara bejergi almak üçin barýan adaty raýatlaryň sany onçakly köp däl, hatda barmak basyp sanaýmaly diýse-de boljak.

Sebäpler

Munuň esasy sebäpleriniň biri hem bu keselhanalaryň hödürleýän hyzmatlarynyň, ýerli ilatyň girdejileri göz öňünde tutulanda, has gymmatlygy bilen baglanyşdyrlýar.
Kelle we boýun keselleri keselhanasynyň içi
Kelle we boýun keselleri keselhanasynyň içi
Mysal üçin, Kelle we boýun keselleri keselhanasynda diňe analizleriň bahasy 200 manatdan geçýär. 1 gün keselhanada ýatanyň üçin hem 200 manat tölemelidigi aýdylýar. Deňeşdirmek üçin paýtagtyň sowet döwründe gurlan "Demir ýol keselhanasynda" 10 gün ýatmak üçin 400 manat tölemeli. Dogry, bu nyrhlar medisina ätiýaçlandyryşsyz bolmadyk ýagdaýynda tölemeli pullar. Emma medisina ätiýaçlandyryşly 50% arzan bolanda-da, täze gurlan keselhanalarda bejergi alyp, birnäçe gün keselhanada ýatmak her kime elýeterli däl.

Ýöne her niçik hem bolsa, keselhanada häzirki zaman medisina enjamlary oturdylansoň, raýatlar analizlerini tabşyrmak üçin bu ýere gelip, maşgala býujeti üçin adatdan daşary ýokary çykdajylary etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

"Alajym barmy?!"

“Adamlarda başga alaç ýok. Gymmadam bolsa adamlar şu keselhana gelmeli bolýarlar. Ýöne keselhananyň öz içinde ýatyp, bejergi alýanlar gaty gurply adamlar. Ýönekeý işçi ýa daýhan üçin bular hiç elýeterli däl” diýip, oňurgasy sebäpli MRT analizini etdirmek üçin gelen Ýagşymyrat gürrüň berýär.

Bahalaryň gymmatlygy diňe bir bu keselhana däl, eýsem beýleki täze gurlan keselhanalara-da mahsus ýagdaý.

Sowet döwründe gurlan keselhanalardan tapawutlylykda bu keselhanalaryň köpüsinde näsaglar üçin has ýokary amatlyklar döredilipdir. Näsaglaryň ýatýan palatalarynda telewizor, duş ýaly amatlyklar bar. Ýyladyyjy we sowadyjy sistemalar işleýär. Olaryň ýatýan koýkalaryny-da näsagyň islegi boýunça üýtgedip bolýar.

Emma, başda belleýşimiz ýaly, adamlar nyrhlaryň özleri üçin juda gymmatdygyny we şonuň üçin-de bu amatlyklardan peýdalanyp, özlerine onça puly rowa görüp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Şol sebäpden bu keselhanalarda operasiýa etdirip, soňra öýünde bejergi almagy dowam etdirýänler hem az däl.

Kelle we boýun keselleri keselhanasyna bejergi almaga gelen Ýusup hem operasiýa etdirip, soň öýünde medisina bejergisini dowam etdirjekdigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, keselhanada ýatyp bejergi almaga onuň mümkinçilgi ýok.

Ýusup bu barada öz pikirini şeýle beýan edýär: “Men diňe analizler üçin eýýäm 600 manat sarp etdim. Entäk operasiýa etdirip, keselhanada ýatmak üçinem ep-eslije pul tölemeli bolar. Onuň ýaly pulum bolsa ýok. Şonuň üçin öýde bejergi almaly bolaryn. Başga alajym barmy näme?!”.

Täze gurlan keselhanalar häzirki zaman medisina enjamlary bilen üpjün edilip, olarda ýokary derejeli lukmanlaryň işleýändigi baradaky resmi metbugatda yzygiderli çap edilýän waspnamalara garamazdan, bu keselhanalarda hem eýýämden “tanyş lukmany tapmak” diýen ýaly ýagdaýlar bar.

“Bu keselhananyň daş we iç keşbi beýleki keselhanalardan tapawutlanýar diýäýmeseň, ondaky bejergi usullary beýlekilerden o diýen tapawut edenok. Bu keselhanada meniň ýeňňem oňurgasyndaky gryžany operasiýa etdirdi. Şondan soň ol ýöräp bilenok. Şonuň üçin, ilki bilen gowy lukmany tapmaly. Şondan soň operasiýa etdirmeli” diýip, Ýagşymyrat öz durmuş tejribesinde gören zadyny gürrüň berýär.

Netijede ýurduň medisina ulgamynyň binalarynyň daşky we içki keşbiniň döwrebaplaşdyrylýandygyna garamazdan, medisina hyzmatynyň hilinden we elýeterliliginden nägilelik bildirýänler az däl.
XS
SM
MD
LG