Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington täze sanksiýalary girizýär


Gazna sekretary Jek Lýu ABŞ-nyň has kän çäre görmäge taýýardygyny aýtdy.
Gazna sekretary Jek Lýu ABŞ-nyň has kän çäre görmäge taýýardygyny aýtdy.
Birleşen Ştatlar Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi bilen baglylykda täze sanksiýalary yglan etdi we Waşingtonyň we onuň partnýorlarynyň Moskwa garşy has kän çäre görmäge taýýar bolandyklaryny duýdurdy.

Birleşen Ştatlaryň Gazna departamentiniň 11-nji apreldäki beýanatynda bu sanksiýalaryň “Çernomorneftgaz” gaz kompaniýasynyň hem-de regionyň Orsýet tarapyndan bölünmegine we anneksiýa edilmegine ilteşikli bolan alty sany krymly separatist lideriň, ozalky ukrain resmisiniň garşysyna girizilýändigi aýdylýar.

Bu karar garşysyna sanksiýa girizilenleriň Birleşen Ştatlaryň kanuny çäginde saklanýan islendik emlägini doňdurýar we amerikan raýatlarynyň olar bilen işleşmegini gadagan edýär.

“Çernomorneftgaza” garşy sanksiýa girizilmeginiň sebäbi bu kompaniýanyň Ukrainanyň döwlet emläklerini bikanun ele geçirmeklige gatnaşygy barada aýdylýan zatlar bilen bagly.

Birleşen Ştatlaryň Gazna sekretarynyň terrorizm we maliýe maglumatlary boýunça orunbasary Deýwid Kohen 11-nji aprelde şeýle diýdi: «Krym eýelenen territoriýa. Biz munuň bahalaryny Ukrainanyň özygtyýarlylygynyň we territorial bitewiliginiň dowam edýän bozulmasyna ilteşikli bolanlara ýüklemegi dowam etdireris."

Garşysyna sanksiýa girizilen şahslar şular: Krymy we şäheri Orsýete birikdirmek baradaky mart şertnamasyna gol çeken Sewastopol resmisi Alekseý Çaliý; mart aýynda bölünmek baradaky referendumy geçirmekde rol oýnamakda aýyplanýan Rustam Temirgaliýew, Ýuriý Žerebsow, Mihail Malyşew we Waleriý Medwedew; ozalky howpsuzlyk başlygy Pýotr Zima, ol Ukrainynyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçylary tarapyndan täze Krym häkimiýetlerine kasam kabul edenligi üçin işden boşadylypdy; Ukrainanyň parlamentiniň spikeriniň ozalky orunbasary Sergeý Treskow, onuň referendumyň geçirilmegine ýardam edendigi aýdylýar.

Bu Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky krizis bilen bagly girizýän sanksiýalarynyň üçünji tapgyry bolup durýar.

Şu arada Gazna sekretary Jek Lýu Waşingtonda, Halkara pul fondunyň, Bütindünýä bankynyň ýazky ýyllyk sessiýasynda, 11-nji aprelde çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň, Moskwa yza çekilmedik ýagdaýynda, has kän çäre görmäge hem taýýardygyny gaýtalady.

"Men öz duşuşyklarymda, şol sanda düýn (10-njy aprel) Orsýetiň maliýe ministri [Anton Siluanov] bilen bolan duşuşygymda Birleşen Ştatlaryň Orsýete Krymy bikanun we bidüzgün eýelemeginiň bahalaryny ýüklemegi dowam etdirjegini aýtdym» diýip, Lýu aýtdy.

Ol Waşingtonyň, eger Orsýet Ukrainadaky ýagdaýy ýitileşdirmegi dowam etse, Moskwa garşy goşmaça möhüm sanksiýalary hem girzmäge doly taýýardygyny sözüne goşdy.

Lýu G7-niň (senagat taýdan ösen ýurtlaryň) içinde sanksiýalary artdyrmak we Orsýetiň eskalasiýa hereketiniň bahalaryny tölemegi üçin giň we güýçli birleşigiň bardygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki 11-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň, Orsýetiň, Ukrainanyň we Ýewropa Bileleşiginiň uly derejeli resmileriniň arasynda 17-nji aprelde Ženewada gepleşik geçiriljegini aýtdy.

Psaki dört tarapyň gatnaşygynda guralýan duşuşyga Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň hem gatnaşjagyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşininiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton hem bu maslahata gatnaşjakdygyny tassyk etdi.
XS
SM
MD
LG