Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

F.Batman: "Iýmit goşmaçalary zyýansyz"


Iýmit üçin goşmaça maddalar.
Iýmit üçin goşmaça maddalar.
Sportsmenler üçin niýetlenen ýörite iýmit goşmaçalary (Food supplements) barada il arasynda dürli garaýyşlar bar. Käbir adamlar onuň zyýanlydygyny, käbirleri bolsa tersine sportsmenleriň türgenleşýän mahaly we ondan soňraky bedenini dikeldiş döwri organizmi zerur bolan belok, uglewod, amino kislotalar, witaminler ýaly maddalar bilen üpjün etmek üçin bu önümleriň zyýansyzdygyny aýdýarlar.

Eýsem, sportsmenler üçin niýetlenen bu ýörite iýmit goşmaçalary näme? Ony kimler, nähili usulda ulanyp bilýärler?

Azatlyk Radiosy bu soraglaryň anygyna ýetmek üçin Türkiýäniň belli iýmitleniş we berhiz bilermenleriniň biri Fermin Batman bilen söhbetdeş boldy. Ol Türkiýäniň Seda Sayan Show ýaly programmalarynda çykyş edip, onuň Sabah, Hürriýet, Radikal, Milliýet ýaly gazetlerde interwýudyr makalalary çap boldy. Şeýle-de, onuň onlaýn görnüşde masalaht berýän “Ferin Batman iýmitleniş we berhiz bilermeni” atly websahypasy hem bar.

Azatlyk Radiosy: Sportsmenler üçin niýetlenen ýörite iýmit goşmaçalary, ýagny “Food supplements” näme?

Ferin Batman: Bu iýmit goşmaçalarynda adaty azyk önümleriniň düzümindäki maddalaryň has ýokary derejedäki mukdary bar. Sebäbi bular “peýniralty suwy” diýilýän maddalardan öndürilýär. Meselem diýeli, muny arassa protein ýaly göz öňüne getiriň, ýagny düzüminde hiç hili ýag ýok.
Türkiýäniň belli iýmitleniş we berhiz bilermeni Ferin Batman.
Türkiýäniň belli iýmitleniş we berhiz bilermeni Ferin Batman.
Şeýle bolany üçin hem bu önümler adamlarda öz bedenlerinde muskul döretmek, ýagny bedeniniň gujuryny, kuwwatyny, owadanlygyny artdyrmak üçin ulanylýar.

Sportsmenler bu maddalardan peýdalansa, onuň hiç hili zyýanly tarapy ýok. Bu önümleri, esasanda, öz bedenleriniň muskullaryny ösdürmek isleýän adamlar ulanýarlar. Ýöne bu önümler ýalňyş ulanylan wagty, ol adamyň böwreklerine zyýan ýetirýär. Şonuň üçin hem olar sportsmeniň türgenleşigine görä berilmelidir.

Meselem, bir sportsmen bu önümleri ulanmak isleýän bolsa, hökmany suratda bu ugurdan iýmitleniş we berhiz bilermenine ýüz tutup, bu önümleri şonuň maslahatyna görä ulanmaly.

Meselem, bize bir sportsmen bu ugurda maslahat almak üçin ýüz tutanda, biz onuň sport bilen nähili ýygylykda we onuň haýsy görnüşi bilen meşgullanýandygyny soraýarys.

Şeýle-de sportsmeniň bedenindäki ýagyň mukdaryny hem ölçeýäris we şoňa görä hem bu önümlerden näçe mukdarda peýdalanmalydygyny kesgitleýäris. Ortaça ölçegden alsak, bu önümiň her bir sportsmene başda berilýän mukdary 1 we 1,2 gm-dan başlaýar.Şeýle-de bu önümleriň ulanylyşy sportsmeniň ýaşyna, jynsyna, aşgazanynyň işleýşine görä hem üýtgeýär. Şonuň netijesinde hem biz sportsmeniň her gün bu önümlerden 25 grammy ýa-da 50 gram ulanmalydygyny kesgitleýäris.

​Bu önümler sportsmenler üçin gaty peýdaly, ýöne, elbetde, muny bir bilermeniň kömegi bilen ulanmaly. Sebäbi ýaňy aýdyşym ýaly, ýalňyş ulanylan wagty, adamyň böwrek, bagyr ýaly organlaryna hakyky manyda zeper ýetirýär. Şonuň üçin hem sportsmenlere, bu ugurdan bilermen bilen maslahatlaşman, bu önümleri ulanmaklygy maslahat bermeýärin.

Azatlyk Radiosy: Sportsmenler üçin niýetlenen bu ýörite önümleriň “Anabolik, Steroit” ýaly maddalar bilen garyşdyrylmaly däldigi aýdylýar. “Anabolik, Steroit” diýilýän bu maddalar näme?

Ferin Batman: Men ilki bilen şuny belläp geçesim gelýär, biz “anabolik, steroit” diýilýän bu maddalaryň ulanylmagyny hiç hili maslahat bermeýäris. Ýagny, bu maddalar hökmany suratda bilermeniň yzygiderli gözegçiliginde ulanylmalydyr. Käbir adamlar bedenini gowy we sagdyn etjek bolup “anabolik, steroit” ýaly maddalary ulanýarlar. Olar bolsa, eger gözegçiliksiz ulanylsa, adamyň saglygyna gaty uly howp salýar.

“Anabolik, steroit” maddalar näme?

Bu maddalary hem sportsmenleriň öz bedenlerinde muskul emele getirmek, ýagny bedenini gujurly, kuwwatly, owadan etmek üçin ulanylýandygy aýdylýar. Bu sportsmeniň bedenindäki energiýanyň örän çalt depginde daşary çykmagyna kömek edýär. Bu önümleriň sport bilen meşgullanmazdan öň we soňra has köp ýaramaz täsirleri bar. Umuman aýdanymda, bu maddalaryň ýaramaz täsirleri köp.

Azatlyk Radiosy: Sportsmenler üçin niýetlenen ýörite iýmit goşmaçalary, ýagny önümler haýsy pudaklarda ulanylýar?

Ferin Batman: Haýsy pudaklarda ulanylýandygy barada takyk maglumatym ýok. Ýöne olary, esasan, sport bilen meşgullanýan we öz bedenleriniň muskullaryny ösdürmek, ýagny bedenlerini gujurly, kuwwatly, owadan etmek isleýänler ulanýarlar. Bu dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly şolar ýaly.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandaky ýörite sport dükanlarynda, fitness merkezlerinde sportsmenler üçin niýetlenen bu ýörite iýmit goşmaçalarynyň satylmaýandygy aýdylýar. Siziň pikiriňizçe, bu önümleriň satylmagyna rugsat berilmezligi ýa-da gadagan edilmegi üçin bir sebäp barmy?

Ferin Batman: Olar dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly satylýar. Meniň pikirimçe, eger gözegçilik astynda satylsa, bu önümleriň saglyga hiç hili zyýany ýok. Muny aýtmagymyň sebäbi bu önümleriň galp görnüşleriniň hem öndürilmegi ahmal. Şol sebäpden, eger gözegçilik astynda satylýan bolsa, onuň zyýanly tarapy ýok.
XS
SM
MD
LG