Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Kiýewe bardy


ABŞ-nyň wise-prezienti Jo Baýden
ABŞ-nyň wise-prezienti Jo Baýden
ABŞ-nyň wise-prezienti Jo Baýden Kiýewe geldi. Bu saparyň dowamynda Baýdeniň Ukrainanyň häkimiýetleri bilen gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Baýdeniň töweregindäki ýokary derejeli resminiň beren maglumatyna görä, iki günlük saparyň dowamynda ABŞ-nyň Ukraina etmekçi bolýan tehniki hemaýaty mälim ediler.

Resminiň sözlerine görä, bu hemaýatyň çäginde tebigy gaz gorlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly tehniki kömek hem bolar.

Russiýa Ukraina akdyrýan gazy üçin bahany birden ýokarlandyrmagy netijesinde, ýurduň energiýa meselesi barada käbir aladalar döredi. Moskwa bu ädimi Krymy anneksiýa edeninden soň ätdi.

Baýden prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Oleksandr Turçynow, premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk we ukrain parlamentiniň deputatlary bilen hem gepleşikleri geçirer.

ABŞ Ukrainanyň täze hökümetiniň tarapynda çykyş edýär. Waşington eger-de Moskwa Ukrainanyň gündogaryndaky dartgynlylygy aradan aýyrmak üçin çäreleri görmese, Russiýa garşy ýene-de sanskiýalaryň girizilmeginiň mümkindigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG