Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çäklilere kömek çäkli


Jemgyýetçilik transportynda maýyplar üçin hiç hili ýörite şertler göz öňünde tutulmandyr.
Jemgyýetçilik transportynda maýyplar üçin hiç hili ýörite şertler göz öňünde tutulmandyr.

"Durmuş üpjünçiligi hakynda" 2007-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Bütewi kanunynda beýleki meseleler bilen bir hatarda ilatyň durmuş ýagdaýy has ynjyk gatlaklaryny sosial taýdan goramak meselelerine hem garalýar.

Kanunyň 162-nji maddasynda düzgünleşdirilýän beýleki meseleler bilen birlikde, onda maýyplaryň “jemgyýetçilik we önümçilik binalaryna, desgalaryna we jaýlaryna baryp, jemgyýetçilik ulaglaryndan, aragatnaşyk we maglumat serişdelerinden peýdalanyp bilmekleri üçin şertleri döretmek” hem göz öňünde tutulypdyr.

Emma welin kagyz ýüzünde “borç” hökmünde ykrar edilýän çäreler iş ýüzünde o diýen berjaý hem edilibermeýär. Aşgabadyň köçelerinde maýyp adamlaryň, hususan-da ýanýodalardan arabajykly ýöreýän maýyplara şäherde aňsat hem howpsuz hereket etmäge ýeterlik mümkinçilikler döredilmändir.

Ýerasty geçelgelerde panduslar göz öňünde tutulmandyr
Ýerasty geçelgelerde panduslar göz öňünde tutulmandyr

Paýtagtyň köçelerinde gurlan ýerasty geçelgeleriň köpüsinde panduslar, ýagny zerur eňňitli ýoljagazlar ýok. Pandusly, eňňitli ýerasty geçelgeleriň-de diňe käbirlerinden arabajykly geçmek göwün diýerlik amatly. Beýlekileriniň panduslary typançak ýa-da aşa ýapgyt bolýar. Bu ýagdaýdan çen tutup, şol panduslaryň maýyplar üçin belli bir derejede howpludygyny hem aýtsa bolar.

Bu ýerasty geçelgeleriň 5-6 metr ýokary galýan panduslary bilen arabajykly ýokary galmak maýyplar üçin örän kyn. Bu hatda mümkinem däl diýerlik. Arabajyklary ýokary çekýän ýörite elektron abzallary bilen abzallaşdyrma beýle dursun, hatda bu ýerasty geçelgeleriň köpüsinde panduslaryň diwarlarynda ýapyşyp ýörär ýaly tutawaçlar hem ýok.

Panduslar bilen arabajykly ýokary galmak maýyplar üçin örän kyn.
Panduslar bilen arabajykly ýokary galmak maýyplar üçin örän kyn.

Ýerasty geçelgeleri diňe bir arabajykly maýyplar üçin däl, eýse eli hasaly maýyplara-da ýöremäge amatly däl. Olaryň çuň bolansoň, hasaly maýyplar bu geçelgelerden geçmän, köçäniň gyrasyndan geçmeli bolýarlar. Bu ýagdaýa paýtagtyň “Aşgabat” ýa-da Birinji parkynyň golaýyndaky ýerasty geçelgesiniň ýanynda ýygy-ýygydan gabat gelse bolýar.

Paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynyň hem köpüsinde panduslar gurulmandyr. Ylaýta-da sowet döwründe gurlan köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan arbajykly maýyplar bir-iki adamyň kömegi bilen jaýyň daşyna çykmaly bolýarlar.

Ugruna seredilmeýän panduslar
Ugruna seredilmeýän panduslar

Paýtagtyň köçeleriniň trotuarlarynyň beýige galýan ýerlerindäki panduslaryň hem köpüsiniň ýagdaýy ýaramaz. Bu eňňitlere eýýäm birnäçe ýyllap seredilmeýändigi görnüp dur.

Görmek mümkinçilikleri çäkli adamlara hem köçelerden geçmek ýeňil däl. Daşary ýurtlardaky ýaly sesli geçiriş abzally çatryklar ýok. Olar elmydama kimdir biriniň kömegine mätäç bolýarlar. Maýyplar jemgyýetleriniň golaýlarynda ýa-da olaryň köp bolýan ýerlerinde hem ýörite duýduryş beriji köçe belgileri goýulmandyr. Mysal üçin, paýtagtdaky Körler we kerler jemgyýetiniň ýerleşýän ýeriniň töwereklerindäki köçelerde bu hili belgiler ýok.

Awtobuslarda maýyplar üçin ýörite şertler döredilmändir.
Awtobuslarda maýyplar üçin ýörite şertler döredilmändir.

Maýyplaryň arabajykly diňe bir şäher boýunça hereket etmek mümkinçilikleri çäkli bolman, eýse olaryň jemgyýetçilik transportuna biriniň kömegi bolmazdan, özbaşdak münerin diýen tamalary hem ýok. Soňky döwürler satyn alnan ýüzlerçe ”Hýundaý” kysymly awtobuslaryň hiç haýsysynda maýyplaryň münüp-düşmegi üçin ýörite şertler döredilmändir. Bu awtobuslarda maýyplar üçin ýörite ýer-de göz öňünde tutulmandyr.

Emma şol bir wagtda hem soňky döwürlerde gurulýan täze binalaryň käbirlerinde arabajykly inwalidlere amatly bolan panduslar gurlupdyr. Mysal üçin, paýtagtyň Ýimpaş söwda merkeziniň golaýynda ýerleşen ”Gyşky oýunlar” köşgünde maýyplar üçin aýratyn girelge, şol girelgä barýan amatly pandus gurlupdyr. Paýtagtyň Bitaraplyk köçesindäki ýerasty geçelgelerde bolsa eskalatorlar goýlupdyr. Emma bu hili amatly şertler entek esasan paýtagtyň täze gurulýan raýonlarynda, maýyplaryň o diýen köp bolmaýan ýerleri diýip çaklap boljak ýerlerinde bar.

Türkmenistanda näçe maýyp adamlaryň bardygy hakynda statistik maglumatlar elýeterli däl. Emma resmi çeşmelerde diňe Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetinde 2012-nji ýylda 2859 agzanyň bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG