Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerzemine gabalan sport


Aşgabatdaky Hapkido merkezi
Aşgabatdaky Hapkido merkezi

Ýurtda soňky ýyllaryň dowamynda täze, döwrebap sport mekdepleriniň ençemesiniň gurlandygyna garamazdan, jaý arendasy has arzan bolansoň, çagalaryň gatnaýan sport seksiýalaryndan, mekdeplerinden we klublaryndan entegem podwallarda, ýagny ýerzeminlerde ýerleşýänleri az däl.

Paýtagtyň 11-nji mikroraýonyndaky 112A jaýynyň ýerzemininde ýerleşýän hapkido boýunça sport kluby hem şolaryň biri.

Öň bu ýerzemin bir döwürlerde bilýard oýnalýan ýer bolupdyr. Emma bu hapkido klubunyň tälimçisi 2-3 ýyl mundan ozal ýerzemini kireýine alyp, harabaçylyga golaý ýeri özi arassalap, gerek çykdajylary edip, hapkido klubyny açypdyr. Aýdylyşyna görä, bu ýerzemindäki hapalary çykaryp, ony abadanlaşdyrmak üçin bu klubyň treneri öz hasabyna 2 müň dollardan gowrak çykdajy edipdir. Ol munuň üçin öz awtoulagyny girewine goýup, karz pul alypdyr.

Hapkido merkeziniň girelgesi
Hapkido merkeziniň girelgesi

Her niçik hem bolsa, bu ýerzeminiň häzirki ýagdaýy-da o diýen öwerlik däl. Podwalyň ýokarsynda ýerleşen döwlet dükanyndan suw akyp, onuň içiniň çygjaryp durýan halatlary hem seýrek däl. Diwarlaryndaky oýulan bir-iki sany deşik diýäýmeseň, jaýyň içiniň howasyny täzeläp durjak wentilýasiýa ulgamy-da ýok.

Bu ýerzeminde iki otag bolup, onuň birinde ýaş sportsmenler türgenleşik geçýärler. Beýlekisi egin-eşik çykarylýan hem-de sport enjamlary saklanýan otag hökmünde ulanylýar. Bu klubuň baýraklary hem şol otagda tümlügiň içinde hatarlanyp goýlupdyr.

Jemgyýetçilik guramasy bolan Hapkido sport klubuna 40-a golaý çaga gatnaýar. Türgenleşikler günaşa geçirilýär. Gündiz çagalar türgenleşýän bolsalar, agşamlaryna ýurduň hapkido boýunça ýygyndy komandasynyň 15-e golaý agzasy bu podwalda türgenleşik geçýär. Çagalaryň höwes bilen gatnaýan bu sport klubuna gatnamak üçin olaryň ene-atalary aýda 40 manat töleýärler.

Emma ýerzeminiň darlyk edýändigi sebäpli hapkido sport klubunyň bu sport seksiýasyna gatnamaga höwes edýänleriň hemmesini alyp bilmeýändigini hem aýdýarlar. Uly sport zalyny arenda almaga bolsa bu klubuň gurby çatmaýar. Häzir bu klubuň ýerzemindäki jaýy üçin aýda 100 dollara golaý arenda puly tölenýär.

Hapkido merkezine barýan basgançak
Hapkido merkezine barýan basgançak

Ýurtda soňky döwürlerde täze sport desgalarynyň gurulýandygyna garamazdan, olardaky aýda tölemeli jaý arenda tölegleriniň hapkido kluby ýaly maliýe mümkinçilkleri çäkli sport seksiýalary, mekdepleri we klublary üçin elýeterli däl. Meselem, agzalýan hapkido klubunyň öz ýakynynda ýerleşen ”Galkynyş” sport merkezinde arenda ýer almaga mümkinçiligi bolmandyr. Şol sport merkezinde ýer üçin aýda 250 dollar arenda tölegini sorapdyrlar.

Gürrüňi edilýän hapkido sport klubunyň ýagdaýyna meňzeş ýagdaýdaky sport seksiýalary, mekdepleri we klublary paýtagtda başga-da az däl. Mysal üçin, 30-njy mikroraýonda ýerleşýän Aşgabat şäheriniň häkimliginiň bedenterbiýe we sport komitetiniň küşt sport mekdebiniň ýagdaýy hem hapkido sport klubunyňkydan o diýen tapawutly däl. Ýogsa, bu sport mekdebi döwlet guramasyna degişli.

Magtymguly şaýoly boýunça 185-nji jaýyň öň hapa ýatan ýerzemini öz döwründe höwesjeňler tarapyndan arassalanyp, onda 1982-nji ýylda küşt sport mekdebi açylypdyr. Küşt mekdebiniň ýerleşýän bu podwalynda ýokardan suw akmak, diwarlarynyň suwagynyň gopmagy, çyglylykdan dem almagyň kynçylygy ýaly ýerzemindäki jaýlara mahsus kynçylyklar bar.

Bu ýerzeminde birnäçe okuw otaglary bar, ýöne ol otaglaryň içi dymyk, howa çalyşmasy kyn. Bu küşt mekdebiniň aram-aram remont edilýändigine garamazdan, onuň gözgyny ýagdaýy üýtgäberenok.

Şol bir wagtda bu küşt klubunyň tälimçilerinňiň biriniň aýtmagyna görä, ýakyn wagtda olary täze bina göçürmek göz öňünde tutulýar. Ýimpaş söwda merkeziniň arkasynda gurulýan bu täze binada küşt we şaşka sporty boýunça sport mekdebi ýerleşer.

Aşgabat şäher häkimliginiň bedenterbiýe we sport komitetiniň küşt sport mekdepleri ýaly döwlete degişli sport mekdepleri, dogrudanam, soňky ýyllarda ýerzeminlerden çykarylyp, täze binalara göçürilip başlandy.

Emma hapkido kluby ýaly jemgyýetçilik guramalary kategoriýasyna degişli sport seksiýalarydyr, klublar döwlet tarapyndan degerli goldaw bolmasa, entek-entekler ýerzeminlerden çykyp biljege meňzänoklar.

XS
SM
MD
LG