Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝOJ synaglaryndan “Ruhnama” aýryldy


Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde giriş synaglary tabşyrmaga taýýarlanýan ýaşlar.
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde giriş synaglary tabşyrmaga taýýarlanýan ýaşlar.

Ýurtda harby bolmadyk ýokary okuw jaýlaryna kabul etmek kampaniýasy başlandy. Şu ýylky ýokary okuw jaýlaryna kabul etmek kampaniýasy öňkülerden özünde “Ruhnamadan” ekzamen ýoklugy bilen tapawutlanýar.

Abituriýentler indi bu dersiň ýerine Türkmenistanyň taryhy boýunça ekzamen tabşyrarlar. Ýatlap geçsek, geçen ýyl “Ruhnama” sapagy orta mekdepleriň okuw programmasyndan hem aýryldy.

Okuwa kabul ediş kampaniýasy has ir başlanýan harby ýokary okuw jaýlarynyň şu ýyldaky giriş synaglarynyň arasynda hem “Ruhnama” boýunça ekzamenler ýokdy. Olar hem bu ýyl “Ruhnamanyň” deregine Türkmenistanyň taryhy boýunça giriş ekzamenlerini tabşyrdylar.

Türkmenistany "Türkmenistan" atly gazetinde ÝOJ-lara kabul edişlik barada çap edilen maglumat.
Türkmenistany "Türkmenistan" atly gazetinde ÝOJ-lara kabul edişlik barada çap edilen maglumat.

Gepiň gerdişi gelende aýtsak, şu ýyl harby bolmadyk ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän adamlaryň sany hem geçen ýyldaka garanyňda 761 adam köp bolar. Jemi 6 müň 861 adamynyň ýokary okuw jaýlaryna kabul ediljekdigi resmi metbugatda habar berildi.

Täze döredilen uniwersitet

Resmi metbugatdaky maglumatdan çen tutsaň, mundan başga-da täze döredilen Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetine 14 hünär boýunça 280 talyby kabul etmek teklip edilýär.

Şu ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen döredilen bu uniwersitetiň binasynyň gurluşygy entek tamamlananok. Bu gurluşyk awgust aýynda tamamlanmaly. Şol sebäpden bu uniwersitete girmek üçin zerur bolan resmi iş kagyzlaryny kabul edýän komissiýa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binasynda ýerleşer.

Bu uniwersitetde okuwlaryň bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça 1 ýyl dil öwreniş bölüminden soňra iňlis dilinde, tölegli esasda alnyp baryljakdygy barada bu uniwersitetiň şu günki merkezi gazetlerde çap edilen bildirişinde habar berilýär.

Okuw tölegleri...

Emma tölegli okadyljak bu ýokary okuw jaýynda tölegleriň näçe boljakdygy barada onuň gazetlerde çap edilen bildirişinde habar berilmeýär. Azatlyk Radiosy bu bildirişdäki habarlaşmak üçin görkezilen telefon nomeri boýunça jaň edip, muny anyklajak bolanda, ol ýerde tölegleriň näçe boljakdygyny entek özleriniň hem bilmeýändiklerini aýtdylar.

Şol bir wagtda-da beýleki ýokary okuw jaýlarynda tölegli bölümleriň açylýandygy ýa-da açylmaýandygy barada hem maglumat tapmak başartmady. Ýogsa, geçen ýyldan bäri bu hili bölümleriň ýokary okuw jaýlarynyň aglabasynda açyljakdygy barada gürrüňler döräpdi. Şeýle-de ýokary okuw jaýlarynda gaýybana bölümleriň açyljakdygy barada hem entek hiç hili maglumat ýok.

Ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin resmi iş kagyzlary 9-25-nji iýul aralygynda kabul ediler. Ýokary okuw jaýlaryna resmi iş kagyzlary, esasan, welaýat merkezlerinde we paýtagt Aşgabatda kabul edilýär. Diňe käbir ýokary okuw jaýlaryna paýtagt Aşgabatda resmi iş kagyzlary kabul edilýär. Mysal üçin, Türkmen döwlet medeniýet institutyna abituriýentiň resmi iş kagyzlary diňe paýtagt Aşgabatda kabul edilýär.

Ýurduň 19 sany harby bolmadyk ýokary okuw jaýlaryna Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

XS
SM
MD
LG