Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Garagumda batmak gowy ýatlama boldy"


Anjelo Agatino Nikolosi, Kim Fiedler Westergaard we Martin Lejsgaard Myrup ýanýan gaz ýatagynyň ýanynda. Türkmenistan, Derweze, maý, 2014.
Anjelo Agatino Nikolosi, Kim Fiedler Westergaard we Martin Lejsgaard Myrup ýanýan gaz ýatagynyň ýanynda. Türkmenistan, Derweze, maý, 2014.

Arhusdan, Daniýadan Hytaýyň Beýik diwarlaryna çenli, dokuz hepdede 21 ýurduň içinden 18 müň km aralyga maşynly syýahat eden üç kompýuter inženeriniň biri Anjelo Agatino Nikolosi Azatlyk Radiosyna özünde Türkmenistandan galan täsirler barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Anjelo, siz Türkmenistana nireden baryp girdiňiz we ol ýerde näçe gün bolduňyz?

Anjelo Nikolosi: Biz Türkmenistana Eýran serhedinden geldik. Ýagny biz irden türkmen-eýran serhedine geldik, emma serhetden geçmek biraz çylşyrymly boldy. Ilki serhediň eýran böleginden, soň türkmen böleginden geçdik, bu alty sagat çemesi wagt aldy. Serhetden geçip, Aşgabada geldik. Biz Aşgabatda iki gün ýaly bolduk. Soň biz maşynly Gargum çölünden geçip, Daşogza geldik. Umuman, biz Türkmenistanda jemi bäş gün bolduk.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistan we onuň halky barada özüňizde galan täsirleri paýlaşyp biljekmi?

Anjelo Nikolosi: Biz ilkinji türkmenistanla serhetde, polisiýa barlagyndan geçen wagtymyzda duşduk. Eýranda adamlar bize hemişe ýardamçy boldular we hemişe ýylgyryp, kömek berýärdiler. Emma türkmen polisiýasynyň ýüzi agyrdy. Belki-de bu olaryň kän ýewropalyny görmeýänligindendir, bilmedim. Ýöne birsellem gürleşip, garaşyp duranymyzdan soň olar bize kömek etdiler we rehimli boldular.

Aşgabatda birneme üýtgeşik boldy, käbir adamlar biz bilen gürleşmek isledi, emma arada dil kynçylygy bolansoň, köplenç yşarat bilen düşünişmeli bolduk. Bu kynrak, emma gülkünç ýatlama.

Aşgabatda geň gören zadymyz, şäheriň günorta böleginde mermer bilen gurşalan ägirt uly, şol bir wagtda töweregi boş jaýlar boldy. Biziň myhmanhanamyz Aşgabadyň başga bir bölegindedi we biz ol ýere baramyzda, adamlaryň hakykatda öz ömürlerini nirede, nähili şertlerde geçirýändigini gördük.

Olaryň ýaşaýan jaýlary biziň ilki gören mermer jaýlarymyzdan örän-örän tapawutlydy. Ýagny şäher düýpden başga-başga ýagdaýdady. Köçe şertleri hem gaty ýaramazdy. Biz ol ýerde öz myhmanhanamyzy tapmaga kömekleşen adamlara duşduk we yşarat arkaly düşünişip, otelimze bardyk.

Azatlyk Radiosy: Siziň Türkmenistandan iň ýadyňyzda galan zat näme?

Anjelo Nikolosi: Meniň ýadymda galan zat ýa-da biziň Türkmenistandaky iň gowy tejribämiz Garagum çölünden maşynly geçmek bilen bagly. Biz Garagumda kyrk ýyl bäri ýanyp ýatan açyk gaz ýatagyna baryp görmekçi bolup, ol ýere tarap öz maşynymyz bilen barmaga synanyşdyk. Emma biz gumda batdyk we howa gaty yssydy. Onsoň biz maşynyň tekeriniň aşagyny pil bilen gazyp, maşynymyzy gumdan çykarjak bolduk. Emma ol ýerinden gozganmady.

Garagumda
Garagumda

Ahyrynda, Garagumdan bir ýerden yzyna gelýän uly ýük maşynly işçi üstümizden geldi we, hiç hili gep-gürrüňsiz, bize kömek etdi. Ýagny ol hiç zat soraman, maşynymyzy batan ýerinden süýräp ýazyna çykardy. Bu diýseň ýakymly boldy.

Soň biz ýoluň ýakasynda bir çaýhana gabat geldik we şol ýerde-de bizi öz maşynynda ýanýan gaz ýatagyna alyp gitjek oglana duşduk. Ol gowy ýardamçy boldy we bize mugt kola, arak hem berdi (gülýär). Bu diýseň ýakymlydy. Onuň bäş-alty sany çagasy bar eken.

Biz oňa özümizi gaz ýatagyna äkideni we yzymyza getireni üçin birneme pul töledik, çagalaryna bolsa ýanymyzdaky el pökgüsi, saz diski ýaly zatlardan sowgatjyk etdik. Olar muňa örän şat boldular. Onsoň olaram bize sowgat berdiler, bular kiçijik zatlardy, emma diýseň ýakymlydy.

XS
SM
MD
LG