Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Pyhy Taganyň mertligi


Men ejemiň ýüregini ýardym.
Men ejemiň ýüregini ýardym.

Pyhy Taganyň mertligi

Bir gezek Pyhy Taganyň dişi agyrap, uzak gije ýatyp bilmeýär. Ertesi aýaly Owadan ýeňňe “Pyhy, sen on ýyllap türmäniň jebir-sütemine çydadyň. Agyrýan dişiňi sogurtmaga welin gorkýaň. “Är garrasa gorkak bolar…” diýen gepem bar. Ýöne beýdip özüňi horlap ýörme! Gowusy, şol agyrýan dişiň peýdasyndan geç, mertlik et-de lukmana bar, dessine sogrup berer” diýýär. Erkek adamyň mertebesi, mertlik-namartlyk ara düşeni üçin Pyhy Tagan ýüregini daşa baglap “Saglyk öýüne” gidýär. Sähel salymdan öýüne dolanip gelýär. Owadan ýňňe “ Pyhy, aýdanyma “hä” diýip, akyl etdiň! Nätdiň, dişiňi sogurtdyňmy?” diýip soraýar. Pyhy Tagan:

-Diş lukmany iş ýerinde ýok eken. Ýene-de üç günden işe çykjakmyşyn. Oňa çenli diş agyrym-da galar--diýip, şadyýan ýylgyrypdyr.

Başlyk aýtdy, işi gaýtdy

Publisist, žurnalist Çary Annagurbanow Türkmenistanyň Tele-radio gepleşikler baradaky döwlet komitetine uzak mütdet ýolbaşçylyk etdi. Onuň beýleki ministrlere meňzemeýän iş stili (usuly) bardy. Iş hepdesiniň başynda geçen hepdäniň jemini jemläp, telewideniýäniň hem-de radioniň baş redaktorlary, baş režessýorlary, baş operatorlary …, olaryň orunbasarlary bilen geçirýän ýygnagyna (ýörgünli ady “Letuçka”) geçen hepdedäki işine nägilelik bildirjeklerini çagyrýardy.

“Işini köstsüz berjaý edýän işgärleri Letuçka çagyryp, wagtyny almak onuň döredijiligine kast etmek bolýar” diýerdi. Şeýle Letuçkalaryň birinde radio gepleşikleri taýýarlaýan režessýorlaryň işini berk tankyt etdi. Radionyň baş režessýory Durdy Saparowyň zähmet rugsadyna çykandygy üçin onuň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän meşhur artist Juma Ýazmyradow özüni aklap:

- Durdy Sapar olary başyna goýberipdir. Şu günden başlap režissýorlary berk gysaryn-diýdi. Çary Annagurbanow “Juma, Durdy Sapar ýene näçe günden işe çykýar?” diýip, oňa sowal berdi. Juma “Ýene-de iki günden” diýdi. Ministr hezil edip güldi. Soňra-da:

- Durdy Sapar iki günden işe çykýan bolsa, gowusy, özüň gysaýsana, Juma!-diýdi. Islendik söze şerebeli jogap gaýtarýan Juma Ýazmyrat şol gezek jaýdar jogap tapyp bilmän “Başlyk aýtdy, işi gaýtdy” diýip, eşekden ýykylanyň hüňürdisini etdi.

Eşek ürküzýän sary garry

Bir gezek saçak başyndaky meýlisde meşhur artist Alty Garlyýew ussat aktýor Sarry Garrynyň çetine degip, “Keşbine gözi düşende eşek ürkmese, şol erkek kişi görmegeý adam saýylýar. Ine, Sary Garryny görende eşegem ürkýär. Sary, sen dünýä inmänkäň günä gazanan bolmaly. Alla saňa görk-görmek bermändir. Üstesine-de doglaňda ejeň pahyr ýaş üstünde aradan çykypdyr” diýdi. Deň-duş dosty Alty Garlyny gepde utmakdan lezzet alýan Sary Garry:

- Alty, sen görk bazaryndan görmegeýligi satyn alýan wagtyň men zehin bazaryndadym. Şonuň üçinem men senden zehinli. Ejem pahyr-da ýaş üstünde ýogalmandyr. Doglamda göbegimi kesip, gundap getienlerinde, meniň keşbimden gorkup, ýüregi ýarylyp, aradan çykypdyr. Onsaň eşegiň ürkmegi dagy witjik zat—diýip, onuň üstüne “hüjüme” geçdi.

Toplan we taraşlan Amanmyrat Bugaýew.

XS
SM
MD
LG