Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: “Mekdep bazarlary” açyldy


Ikinji klasa gatnamaly gyzyň mekdep formasy üçin 250 manat töweregi pul harç etmeli.
Ikinji klasa gatnamaly gyzyň mekdep formasy üçin 250 manat töweregi pul harç etmeli.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, awgust aýynyň başynda paýtagtyň bazarlarynda, söwda merkezlerinde “Mekdep bazarlary” açylýar. Bu söwda nokatlarynyň assortimenti – mekdep okuwçylarynyň egin-eşigi we olaryň okuw esbaplary.

Bu hili “Mekdep bazarlarynyň” irileri “Gülüstan” söwda merkezinde (“Ors” bazarynda) we “Altyn asyr” Gündogar bazarynda ýa-da “Jygyldyk” bazarynda ýerleşýär. “Ors” bazaryndaky mekdep bazarynda döwlete degişli söwda guramalarynyň ýa-da edaralarynyň söwda nokatlary ýerleşýän bolsa, “Jygyldyk” bazarynda hususy söwdagärleriň mekdep harytlaryny satýan söwda nokatlary agdyklyk edýär.

Daşyndan göräýmäge olaryň satýan harytlary biri-birine meňzeş bolup görünse-de, esasy mekdep söwdasy “Jygyldyk” bazarynda bolýar. Bu bazaryň tapawudy onuň diňe bir assortiment baýlygynda däl, eýsem ondaky harytlaryň bahasy hem şäheriň merkezindäki mekdep bazarlarynyňkydan has elýeterli.

Okuwçylaryň lybaslary
Okuwçylaryň lybaslary

Mysal üçin, “Ors” bazaryndaky 80-90 manatlyk kostýum-balagy “Jygyldykda” 60-70 manada satyn alyp bolýar. Gowuja söwdalaşsaň, okuw esbaplaryny-da arzan satyn alyp bolýar. Paýtagtyň merkezindäki mekdep bazarlaryndaky döwlete degişli söwda nokatlarynda köplenç bahalar üýtgewsiz galýar.

Şol sebäpden bazar günleri “Jygyldyk” bazarynda çagalary bilen aýlanyp ýören ene-atalary köp görmek bolýar. Umuman, şu günler bu bazardaky esasy söwda mekdep, okuw bilen bagly. Bu ýere gelýän alyjylaryň köpüsi orta ýa-da ortadan hem pes gurpdaky ilat gatlagyndan.

Bu adamlaryň köpüsi üçin okuw esbaplaryny arzan almak, pullaryny tygşytlamak örän wajyp. Çünki mekdep formasyny, okuw esbaplaryny satyn almak maşgala býujetine o diýen ýeňil düşmeýär. Meselem, ikinji klasa gatnamaly gyzyň mekdep formasy üçin 250 manat töweregi pul harç etmeli. Oglanlar üçinem mekdep formasy, okuw esbaplary şondan arzana düşenok.

"Mekdep ýarmarkasy" açyldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:32 0:00

Ýeri gelende belläp geçsek, okuwçy gyzlar üçin mekdep formasy ýurduň içindäki tekstil fabrikleriniň önümleri. Emma okuwçy oglanlar üçin mekdep formasyna degişli harytlardan ýurduň içindäki tekstil fabrikleriniň önümlerinden sport we zähmet egin-eşikleri satyn alynýar diýäýmeseň, beýleki önümleri o diýen köp satyn alynmaýar. Ýerli tekstilçileriň kostýum-balaklarynyň bahasy 70-80 manat töweregi. Emma olaryň hili pes görülýär.

Okuwçylaryň hökmany geýmeli tahýalary
Okuwçylaryň hökmany geýmeli tahýalary

Söwdagärleriň aýtmaklaryna görä, daşary ýurtlarda, hususanam, oglanlar üçin Hytaýda we Türkiýede öndürilen kostýum-balaklar, köýnekler we köwüşler has gowy geçýär. Hytaýda öndürilen bu tekstil önümleriniň iň ýörgünlileriniň bahalary 100 manatdan ýokary geçenok. Olar Türkiýäniň tekstilçileriniň öndürýän egin-eşiklerini esasan gurply maşgalalaryň satyn alýandygyny aýdýarlar. Ol harytlaryň bahasy 100 manatdan başlap, tä 200 manada çenli ýetýär.

Mekdep, ýagny okuw esbaplary barada aýdylanda bolsa, olaryň arasynda Türkmenistanda öndürildi diýen ýazgyly harytlatyň bardygyna garamazdan, olaryň sany entek azlyk edýär. Türkmenistanda öndürilen okuw esbaplary, esasan, gündeliklerden, depderlerden, surat albomlaryndan we kontur kartalaryndan ybarat.

Kanselýariýa harytlary
Kanselýariýa harytlary

Şeýle-de türkmen dilinde Belarusda we Ukrainada çap edilen depderlerdir, gündelikler hem bar. Türkmenistanda öndürilen analoglaryndan bahasy gymmadrak bolan bu gündeliklerdir-depderleriň hili ýokary diýlip hasaplanýar.

Emma mekdep kanselýar harytlaryna gezek gelende, Türkmenistanda öndürilen bu hili harytlar ýok. Mekdep bazarlarynda Hytaýda öndürilen arzan kanselýar harytlary agdyklyk edýär. Ýokary hilli türk kanselýar harytlary bolsa her kime elýeterli däl. Mysal üçin, Türkiýede öndürilen umumy depderiň bahasy 10 manat bolsa, ýerli çaphanalaryň goýberen umumy depderleriniň bahasy 3-5 manat we GDA döwletlerinde öndürilen şeýle depderleriň bahasy-da 5-8 manat.

Mekdep okuwçylarynyň arkalarynda göterýän rýukzaklarynyň söwdasynda bolsa hytaý öndürijileriniň harytlary agdyklyk edýär. Olaryň bahalary hili boýunça tapawut edip, 20 manatdan tä 40-50 manada çenli ýetýär.

Umuman, öz çagalaryny okuw esbaplary bilen üpjün etmek üçin ene-atalar azyndan 100-150 manat harç etmeli bolýarlar. Elbetde, köp çagaly maşgalalar mekdep söwdasyna esseläp pul harç etmeli bolýarlar.

Türkmenistanda “Mekdep bazary” adyny alan mekdep harytlarynyň we okuw esbaplarynyň söwdasynyň möwsümi sentýabr aýynyň ortalaryna çenli dowam eder. “Mekdep bazarlary” ýurt boýunça 1 milliondan gowrak mekdep okuwçylaryny geýindirmeli, zerur okuw esbaplary bilen üpjün etmeli.

XS
SM
MD
LG