Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gymmat etiň gytçylygy


Hususyýetçi gassaplar indi öz öýlerinde mal soýup satmaly bolýarlar
Hususyýetçi gassaplar indi öz öýlerinde mal soýup satmaly bolýarlar

Ylaýyk iki ýyl mundan ozal paýtagtyň bazarlarynda satylýan elin etiň bahasy gymmatlap başlady. Şol wagt elin etiň bir kilogramynyň bahasy 12 manatdan 16-17 manada ýetdi. Emma häkimiýetler etiň gymmatlamagynyň öňüni almak üçin gassaplardan bazarda satylýan etiň bir kilogramynyň bahasy 12 manatdan ýokary bolmaly däl diýip talap etdiler.

Bu talaba boýun bolmadyklar bazarlardan çykaryldy. Mysal üçin, paýtagtyň “Teke bazaryndaky” gassaplaryň ählisi diýen ýaly häzirki wagtda şol bazaryň döwlet işgärleri. “Gülüstan” söwda merkezi ýa-da “Ors bazary” diýlip atlandyrylýan bazardaky hususy gassaplaryň dükanlary ýapylyp, häzir şol dükanlarda etden başga azyk önümleri satylýar. Häzirki wagtda, umuman, paýtagtyň bazarlarynda hususy işleýän gassaplara duşmak kyn.

Çünki geçen ýyl bazarlarda elin eti satmak gadagan edilipdi. Resmi taýdan munuň anyk sebäpleri düşündürilmedi. Ýöne, etçileriň käbirleriniň aýtmagyna görä, bu gadagançylyk elin etiň gymmatlygy sebäpli hem-de daşary ýurtlardan getirilýän bahasy arzan etleri satdyrmak üçin edilipdir.

"Goşundyly" et

Emma soňky wagtlarda her halda paýtagtyň bazarlarynda elin ete duşmak bolýar. Paýtagtyň käbir bazarlarynda elin etiň bir kilogramy 12 manatdan satylýar. Emma bu söwdanyň öz aýratynlyklary-da bar. Bir kilogramy 12 manatdan satylýan ete öýken ýa-da süňk-saňk goşulyp berilýär. Munuň şeýle boljakdygyny satyjylaryň özleri hem duýdurýarlar.

"Ors bazarynda" satylýan towuk we gäwmiş eti
"Ors bazarynda" satylýan towuk we gäwmiş eti

Bazarlarda “goşundysyz” elin eti satýan gassaplar-da bar. Emma olaryň satýan etiniň bir kilogramynyň bahasy döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan has ýokary. Mysal üçin, “Ors bazarynda” “goşundysyz” elin etiň bir kilogramynyň bahasy 20 manada ýetýär. Eti mundan has ýokary nyrhdan, ýagny 22 manatdan satýan söwdagärler-de bar. Özi-de bu söwda gizlinlikde alnyp barylýar. Başgaça aýdanyňda, sowet döwründäki ýaly “prilawkanyň aşagyndan” satylýar.

“Paýa girmek”

Paýtagtyň bazarlaryndan çykarylan hususyýetçi gassaplar indi öz öýlerinde mal soýup satmaly bolýarlar. Olaryň satýan elin etiniň bir kilogramy paýtagtyň bazarlarynda gizlinlikde satylýan etden arzanrak bolýar. Häzir öýünde mal soýup satýan gassaplardan elin etiň bir kilogramyny 18 manatdan satyn alyp bolýar. Emma bir aý mundan ozal olaryň satýan elin etiniň bir kilogramynyň bahasy 17 manatdy.

Il içinde “paýa girmek” diýip at alan bu et söwdasy häzirlikçe paýtagt boýunça elin et tapmagyň ýeke-täk usuly diýip aýtsa bolar. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň “paýa girilýän” et söwdasyna häkimiýetler kontrollyk etmeýärler.

Emma häkimiýetler bazarlardaky et söwdasyna berk kontrollyk edýärler. Olaryň bu gözegçiligi etiň diňe bir döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasyny saklamak bilen çäklenmän, eýse, umuman, etiň bahasyny aşak düşürmek üçin daşary ýurtlardan et önümleri hem satyn alynýar.

Et import edilýär

Häkimiýetler tarapyndan etiň bahasyny durnuklaşdyrmak üçin daşary ýurtlardan sygyr we gäwmiş eti import edilýär. Aýdylyşyna görä, bu et önümleri Ukrainadan we Hindistandan import edilýär. Bir kilogramy 12 manatdan satylýan bu etlere et önümlerini satýan islendik ýöriteleşdirilen dükanlarda duşmak bolýar. Döwlete degişli adaty azyk dükanlarynda hem gäwmiş eti satylýar.

Ilkibaşda daşary ýurtlardan getirilýän bu “bloçnyý” diýlip atlandyrylýan etleri satyn alýanlar azdy. Emma soň et gytçylygy we onuň bahasynyň ýokary galmagy bilen daşary ýurtlardan getirilýän eti satyn alýanlar-da köpeldi.

Et söwdagärleriniň aýtmaklaryna görä, esasanam Hindistandan getirilýän gäwmiş eti has gowy geçýär. Et söwdagärleriniň aýtmagyna görä, bu eti soňky döwürde diňe bir ýönekeý raýatlar däl-de, eýse kolbasa we şoňa meňzeş et önümlerini öndürýän hususy kärhanalar, kafeler we restoranlar hem köp satyn alýarlar.

Emma ak bazarda etiň bahasyny durnuklaşdyrmak üçin häkimiýetler onuň bir kilogramyny 12 manat töwereginden satdyrsalar-da, ýurduň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2014-nji ýylyň iýul aýy üçin berlen hasabatynda bu ugurdan başgarak maglumaty görse bolýar. Türkmenistan we sebitler boýunça bölek satuw söwdasynda harytlaryň hem-de hyzmatlaryň ortaça bazar nyrhlary baradaky statistik ýygyndyda – täze ýa-da elin sygyr we goýun etiniň bahalarynyň 16-17 manat töweregidigi bellenilýär.

Bu statistik ýygyndy-da bir kilogramy 12 manatdan satylýan sygyr we goýun etiniň döwlet maldarçylyk birleşiginiň we beýlekileriň önümleridigi hem-de olaryň çäklendirilen görnüşde satylýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG