Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medallardan Nyýazow aýrylýar


Türkmenistanda hökümet medallarynyň täze, Nyýazowsyz görnüşleri döredilýär.
Resmi maglumata görä, ozaldan bar bolan medallaryň birnäçesinden ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň şekilleri aýrylypdyr, täze, Nyýazowsyz medal döredilipdir.

Mundan ozal Nyýazowyň binalaryň daşyndan asylan uly portretleri aýrylypdy, onuň iň beýik heýkeli Aşgabadyň merkezinden gyra göçürilipdi, «Ruhnama» mekdep programmasyndan aýrylypdy.

Eýsem medallardaky täzelik ýurtda Nyýazowyň syýasy mirasyndan barha daşlaşylýandygyny aňladýarmy?

Azatlyk radiosy bu barada Aşgabatda ýaşaýan syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmet bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:32 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG