Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Düzgüni bozduňmy, jerime töle"


Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň köçeleriniň birinde polisiýa işgärleri köçe-ýol hereketine gözegçilik edýärler.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň köçeleriniň birinde polisiýa işgärleri köçe-ýol hereketine gözegçilik edýärler.

Ýurtda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýär. Bu çäräniň çäginde ýurduň habar serişdelerinde ýol howpsuzlygy barada ýörite gepleşiklerdir wideorolikler görkezilýär. Şol gepleşiklerdir wideoroliklerde pyýadalaryň köçelerden bellenen ýerlerden geçmekleri barada hem gürrüň edilýär.

Ýol hereketiniň kada-kanunlary diňe bir türkmen mediasynda düşündirilmän, eýse şol kada-kanunlaryň köçelerde berjaý edilişine-de uly üns berilýändigini görkezýän ýagdaýlar hem duş gelýär.

Paýtagtyň uly we merkezi köçelerinde elleri jürlewükli ýörite polisiýa işgärleri durup, olar pyýadalaryň köçäniň pyýadalar üçin bellenen ýerinden geçmeklerini talap edýärler. Bu resmi çäreleriň iş ýüzünde amala aşyrlyşyny görkezýän alamatlardan biridir.

Beýleki tarapdan, bu aladanyň adamlaryň durmuşyna öz dürli täsirini ýetirýändigini, hatda polisiýa işgärleriniň düzgüni berjaý etmedik pyýadalara jerime salýandygyny aýdýanlar hem bar.

“Düzgün bozma”

“Geçen hepdäniň sişenbe güni Türkmenbaşy prospektinde raýat egin-eşikli polisiýanyň işgärleri ençeme pyýada bilen bilelikde meni hem saklap, golaýdaky polisiýa bölümleriniň birine administratiw düzgün bozma baradaky protokoly doldurmaga alyp bardylar” diýip, özüni Mekan diýip tanadan aşgabatly gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, alnyp gidilen adamlar polisiýa bölümine eltilip, şahsyýetleri anyklanýança birnäçe sagat garaşmaly bolupdyrlar. Çünki olaryň ýanlarynda pasportlary bolmansoň, olaryň ýakynlary pasportlaryny polisiýa bölümine getirip bermeli bolupdyrlar.

Agzalýan pyýadalar, köçäni geçmesiz ýerden geçmekde aýyplanyp, olaryň hersine, 20 manat jerime töledilip, boşadylypdyr. Düzgüni bozýan pyýadalar diňe bir maliýe ýitgilerini çekmän, eýse olaryň işden, okuwdan gija galanlary-da bolýar.

Mysal üçin, geçen hepde Aşgabatdaky “Ýimpaş” söwda merkeziniň golaýynda saklanan dört sany talyp “okuwa gija galýarys, jerimäni şu ýerde töläli” diýip teklip edenlerinde, raýat egin-eşigindäki polisiýa işgärleri” polisiýa bölümine baryp, düzgün bozmany resmişileşdirmeli” diýip jogap beripdirler we olary söwda merkeziniň ýanynda ençeme wagtlap saklapdyrlar. Bu barada şol talyplardan biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Duýduryşlar

Ýeri gelende belläp geçsek, pyýadalara, geçmesiz ýerden geçseler jerime salynjakdygy barada geçen ýyl paýtagtyň dürli ýerlerinde bildirişler hem asylyp başlanypdy. Bu hili duýduryşlar mekdep okuwçylarynyň käbirleriniň gündelik depderlerine hem ýelmenipdir.

Bu duýduryşlaryň berlendigine garamazdan, geçen ýyl şonuň ýaly jerime salnan halatlary ýokdy. Emma “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly çäräniň ikinji gezek bellenilýän ýyly bolan bu ýyl häkimiýetler ýol düzgünleriniň berjaý edilişi bilen bagly ýagdaýlara berk gözegçilik edýärler.

Ýol hereketini bozan adamlara salynýan jerime Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 231-nji maddasynda göz öňünde tutulypdyr. Agzalýan kodeksde pyýadalaryň ýol hereketini düzgünleşdiriji signallara boýun egmezligi ýa-da bellenmedik, geçmesiz ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden geçen halatynda administratiw jerimäniň binýatlyk mukdarynyň 0,1 böleginden 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär diýilýär. Bu hem 10-20 manada barabardyr.

Geçelgeler

Şol bir wagtda hem paýtagtyň köçelerinde pyýadalar üçin geçelgeleriň amatsyzdygy, käbir ýerlerde bolsa olaryň asla ýokdugy aýdylýar. Paýtagtyň Andalyp, 10 ýyl abadançylyk köçelerindäki pyýada geçelgeleriniň köpüsi biri-birinden ep-esli aradaşlykda ýerleşýär.

Paýtagtyň köçeleriniň käbirlerinde asla pyýada geçelgeleriniň ýoklugy bolsa pyýadalara üçin amatsyzlygy, käte bolsa ýol hereketi hadysalarynyň döremegine getirip biljek ýagdaýlary döredýär. Bu hili ýagdaý ylaýta-da paýtagtyň merkezinden uzagrakda ýerleşýän köçelerde bar. Bu köçelere o diýen köp üns berilmänsoň, olarda ne degişli ýol belgileri bar, ne-de polisiýanyň ýol gözegçilik inspektorlary bu köçelere gözegçilik edýärler.

Ýurtda 1-nji sentýabrda badalga alan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly kompaniýa sentýabr aýynda dowam eder. Bu tutuş aý dowam edýän kampaniýa geçen ýyl ilkinji gezek geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG