Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze syýasy partiýa döredilýär


Türkmenistanyň hökümet maslahatyna gatnaşýan döwlet resmileri.
Türkmenistanyň hökümet maslahatyna gatnaşýan döwlet resmileri.

Türkmenistanda “Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan” soňra üçünji sýyasy partiýa, ýagny “Agrar partiýany” döretmek barada gürrüň edilýär. Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn asyr” telekanalynyň maglumatyna görä, bu barada 10-njy sentýabrda guramaçylyk komitetiniň agzalarynyň arasynda gürrüň edilipdir.

Resmi habarda aýdylyşyna görä, şol ýygnakda partiýany Adalat ministrliginde hasaba aldyrmak üçin partiýanyň Programmasyny we Düzgünnamasyny taýýarlamak, partiýanyň gurultaýyny geçirmek barada welaýatlarda iş alyp barmak hakda hem pikir alşylypdyr.

Habar bermek

Habarda partiýanyň 2014-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda döredijilik gurultaýyny geçirmek we onuň döredilýändigi barada Adalat ministrligine habar bermek kararyna gelnendigi barada gürrüň edilýär.

Ýurdy dolandyrýan “Demokratik partiýa” we soňky birki ýyllykda döredilen “Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan” soňra döredilmegi göz öňünde tutulýan “Agrar partiýa”, eger bu ideýa dogrudanam durmuşa geçirilse, onda ol Türkmenistanda hereket edýän üçünji sýyasy partiýa bolar.

“Senagatçylar we telekeçiler partiýasy” ýurtda geçirilen soňky parlament saýlawlaryna gatnaşdy we Mejlisde ondan gowrak ýeri almagy başardy. Netijede 125 orundan ybarat Türkmen parlamentinde häzirki wagtda bu partiýa degişli 14 deputat iş alyp barýar.

"Täsiri ýok..."

Emma käbir garaşsyz synçylar “Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň” hökümetiň tarapynda durup çykyş edýändigini we iş ýüzünde bu partiýanyň ýurduň syýasy durmuşyna o diýen täsiriniň ýokdugyny aýdýarlar.

Mundan öňki döredilen partiýa senagatçylaryň we telekeçileriň adyndan hereket edýän bolsa, täze dörediljek “Agrar partiýa” daýhanlara we oba hojalyk pudagyna wekilçilik etmeli. Emma onuň iş ýüzünde öňki partiýadan näme bilen tapawutlanjagy barada häzirlikçe anyk bir zat aýtmak kyn.

Syýasy synçylaryň pikirine görä, bu agzalýan partiýalar Türkmenistan halkara guramalary we metbugaty tarapyndan ýeke partiýaly sistema arkaly dolandyrylýan awtoritar döwlet hökmünde yzygiderli tankyt edileninden soň döredilýär.

XS
SM
MD
LG