Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bedewdäki dükanlar ýapyklygyna galýar


Aşgabadyň Bedew sebitindäki ýapyk dükanlar.
Aşgabadyň Bedew sebitindäki ýapyk dükanlar.

Paýtagtyň Bedew ýaşaýyş massiwindäki gurluşyk materiallary satylýan dükanlaryň ählisi diýen ýaly eýýäm dört aý bäri ýapyk. Bu söwda nokatlarynyň ýapylmalydygy barada maý aýynyň başlarynda tabşyryk berlipdi.

Satyjylar ýerli häkimlik tarapyndan görlen bu çäräniň ýaşaýyş jaýlarynda dükan açmagyň rugsat edilmeýändigi bilen düşündirilendigini, emma özleriniň şeýle söwda nokatlaryny ulanmaga rugsatnamalarynyň bardygyny aýdýarlar.

Bedew ýaşaýyş massiwiniň Respublika köçesiniň töwereklerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň her birinde diýen ýaly gurluşyk harytlary satylýan dükan bar. Hususy ýaşaýyş jaýlarynda açylan bu dükanlaryň sany ýüzden hem geçýär.

Häzir Bedew massiwindäki bu gurluşyk harytlary dükanlarynyň ählisi ýapyk. Olaryň käbirleriniň müşderi girýän girelgeleri hatda kerpiç bilen örülip, suwalypdyr. Hususan-da, Respublika köçesiniň ugrundaky öňki dükanlaryň girelgeleri beklenip, suwalypdyr.

Emma bu ýoluň arka ýüzündäki köçedäki dükanlaryň gapylary ýapyk bolsa-da, olaryň ýanynda oturan satyjylar öz harytlaryny bu ýere gelýän az sanly müşderilere hödürleýärler. Olar köplenç müşderilerini özleriniň haryt saklanýan başga ýerdäki ammarlaryna iberýärler.

Şeýle-de dükanlaryň gapylarynda habarlaşmak üçin telefon nomerleri ýazylgy bildirişler hem asylyp goýlupdyr. Şol telefon nomerleri arkaly habarlaşyp, zerur bolan harydy satyn alyp bolýar. Ýa-da iň bolmanda şol dükanlaryň täze ýerleşýän ýeriniň salgysyny alyp bolýar.

Täze dükan açmak

Bedewdäki gurluşyk harytlary dükanynyň satyjysy Ýazgulynyň aýtmagyna görä, häkimligiň işgärleri olara başga ýerlerden dükan açynmaklaryny talap edipdirler. Şonuň üçin başga ýerlerde täze dükan açanlar hem bar. Ýazguly hem täze jygyldyk bazaryndan söwda nokadyny arenda alypdyr.

Emma, onuň aýtmagyna görä, ol ýerde onuň söwdasy gowy gidenok. “Jygyldyk şäherden daş bolýar. Bu ýere gelýän müşderi entäk az. Onsoňam öňki müşderilerimizi hem ýitirdik” diýip, Ýazguly gürrüň berýär.

Şol bir wagtda hem bu ýerde dükanlary ýapylyp, işsiz galan dükan eýeleridir, satyjylar hem bar. Olaryň köpüsi, bu ýerde söwdanyň gadagan edilendigine garamazdan, iru-giç ýene-de bu taýda söwda rugsat beriljekdigine umyt edýärler.

Bu dükanlar öň hem ýapylyp, gaýtadan açylypdy, onsoň bu gezekki çäräniň hem wagtlaýyn boljakdygyna umyt bar. Emma Bedewdäki häzirki emele gelen ýagdaýdan çen tutulup aýdylsa, indi bu ýerdäki dükanlaryň açyljakdygy gümana.

“Söwdagärleriň köpüsi dükanlaryny boşatdy”

Bu ýerdäki dükan eýeleri, dükanlaryny açmaga rugsat sorap, häkimiýetlere birnäçe gezek ýüz tutanlarynda, olara rugsat bermändirler. Şonuň üçin Bedewdäki söwdagärleriň köpüsi dükanlaryny başga ýerlere göçürip bu ýerdäki dükanlaryny boşadypdyrlar.

Bedewdäki gurluşyk harytlarynyň dükanlary paýtagt boýunça gurluşyk harytlary satylýan iň iri söwda nokady. Gurluşyk harytlarynyň açyk asmanyň astyndaky özboluşly gipermarketi diýse-de boljak. Paýtagtda islendik gurluşyk edilende, esasan, bu ýerdäki dükanlardan zerur bolan gurluşyk önümleridir, gurallary satyn alynýar.

Şol sebäpden bu dükanlaryň ýapylmagy remont ýa-da gurluşyk edýän paýtagtlylara hem özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär. Ylaýta-da, tomus aýlarynda, ýagny remont işleriniň möwsümi döwründe bu ýerdäki dükanlaryň ýapylmagy alyjylary has-da nägile etdi.

“Öň, remont ýa-da gurluşyk etjek bolsaň, Bedewe geläýmelidi. Bu ýerde gurluşyk üçin ähli zat bardy. Indi bolsa şäher boýunça gerek zadyňy amatly bahadan satyn aljak bolup, gözläp ýörmeli. Bu ep-esli wagtyňy hem alýar” diýip, paýtagtly Nury Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

XS
SM
MD
LG