Owganystanda ilkinji gezek bir türkmen şahyry Owganystanyň prezident edarasy tarapyndan ýokary orden bilen sylaglandy. Owganystanda ýaşaýan etniki türkmen şahyry Hojanepes Mesaýedama 49 sany owgan şahyry bilen birlikde “Mirbeçehan” adyndaky ýokary orden berildi.
Bu orden şahyr Mesaýedama owgan prezidenti Hamit Karzaý tarapyndan gowşuryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.