Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Dükanlaryň ýapylmagy kösençlik döredýär"


Bedew sebitinde ýapylan dükanlar. Aşgabat, 10-njy sentýabr, 2014.
Bedew sebitinde ýapylan dükanlar. Aşgabat, 10-njy sentýabr, 2014.

Türkmenistanda raýatlar tarapyndan açylýan we belli bir wagtyň dowamynda işläp, alyjylaryň gelim-gidimli ýerlerine öwrülýän hususy dükanlaryň birden ýapylmagy adaty zada öwrülip barýar.

17-nji sentýabrda paýtagt Aşgabatda, demirýoluň gaýrasyndaky Hitrowka, Posýolka diýlip atlandyrylýan ýerlerde hususy dükanlaryň onlarçasynyň ýapylandygy barada habarlar gelip gowuşdy.

Ýerli synçy Nurberdi Nurmämmedow adamlaryň ýaşaýan ýerleriniň golaýynda ýerleşýän dükanlaryň, hususan-da çörek dükanlarynyň ýapylmagy olaryň hemişelik alyjylaryna öwrülen raýatlary uly kösençlige saldy diýýär.

Bu barada ýerli synçy bilen geçirilen söhbetdeşligi diňläp, Türkmenistanda hususy dükan eýeleriniň duçar bolýan kynçylyklary, bu meseläniň kanuny taraplary we mümkin bolan praktiki çözgütleri hakynda pikir-garaýyşlaryňyzy ýazsaňyz, hoşal bolarys.

"Dükanlaryň ýapylmagy kösençlik döredýär"
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:58 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG