Türkmenistan öz ýokary okuw jaýlaryna daşary ýurtlardan, şol sanda Owganystandan okuwçy alýar. Emma Owganystandan Türkmenistana gidip bilim alýanlaryň arasynda etnik türkmenleriň azdygy aýdylýar. Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Owganystandan Türkmenistana studentleriň iberilişiniň tertipleri bilen gyzyklanyp, Türkmenistanda bilim alan owganystanly Muhammet Ýakub Gurbany bilen söhbetdeş boldy.