Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan kandidatlary häkimiýeti paýlaşýar


Owgan kandidatlary ylalaşyga geldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:18 0:00

Owgan kandidatlary ylalaşyga geldi

Owganystanyň prezident bolmak ugrunda dalaşgärlik edýän iki bäsdeş kandidaty Abdylla Abdylla bilen Aşraf Gani Kabulda «bütewi hökümet» häkimiýet paýlaşygy şertnamasyna gol çekdi.

Gelnen ylalaşyga laýyklykda, ýurtda bütewi hökümet döredilip, Gani ýurduň prezidenti, Abdylla bolsa häkimiýetiň baş ýerine ýetirijisi bolar.

Bu ylalaşyk iýunda geçirilen ikinji tapgyr prezident saýlawlarynyň netijeleri barada aýlap dowam eden dawalary soňlaýar.

Aýdylmagyna görä, bu şertnama gol çekmek barada 20-nji sentýabr güni giçlik ylalaşyga gelnipdir.

Owgan telewideniýesi iki bäsdeş kandidatyň şertnama gol çekiş dabarasyndan soň gujaklaşyşyny, prezident Hamid Karzaýyň sözlän sözüni göni efire berdi.
Karzaý olary gutlady we Owganystanda parahatçylygyň hem abadançylygyň bolmagyna umyt bildirdi.

Karzaýyň sözçüsi Aýmal Faýzi Ganiniň indiki hepde prezident hökmünde kasam kabul etjegini aýtdy.

Saýlawlaryň netijeleri 21-nji sentýabrda giçlik yglan edilmeli.

"Öňe süýşmekde ynamy dikelder"

Obama adminstrasiýasy häkimiýeti bölüşmek ylalaşygyna gol çekilmegini öwdi.
Ak tamyň beýanatynda bu şertnama ýurduň syýasy krizisini «ýapmaga» hem-de «öňe tarap süýşmekde ynamy» dikeltmäge kömek eder diýilýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bu ylalaşyk «adatdan daşary döwlet parasatlylyk pursaty» diýdi.

Ol Abdylla bilen Gani «Owganystanyň halkyny ilkinji orunda goýdy we olar öz ýurtlarynyň taryhyndaky ilkinji parahatçylykly demokratik geçişiň milli bütewilikden başlanmagyny kepillendirdi» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby güýçler şu ýylyň aýagynda Owganystandan çykandan soň, ylalaşylan möçberdäki howpsuzlyk güýçlerini bu ýerde saklamak baradaky şertnama gol çekişmek üçin, Waşingtona täze prezident gerek.

Karzaý Birleşen Ştatlar bilen howpsuzlyk şertnamasyna gol çekmekden ýüz öwürdi.

Owganystanyň prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry aprelde, ikinji tapgyry bolsa iýunda geçirildi. Emma giň ýaýran saýlaw galplyklary diýilýänler sebäpli ýeňijini kesgitläp bolmady.

BMG-niň howandarlygynda millionlarça sesiň auditi geçirildi, emma netijeler jemgyýetçilige aýan edilmedi.

Kandidatlaryň ikisi hem saýlawda ýeňendigini aýdýar, onsoň BMG we ABŞ, zorluklaryň möwjemeginden we etniki bölünişikden sowulmak üçin, «milli bütewilik hökümetini» gurmagy ündedi.

ABŞ-nyň ilçisi Jeýms Kanningem (James Cunningham) 18-nji sentýabrda Abdylla bilen Ganiniň arasyndaky gepleşiklerde araçylyk etdi. Şondan bir gün öň bütewi hökümet gurmak baradaky gepleşikler, saýlawlaryň ahyrky netijelerini nähili we haçan yglan etmeli diýen dawanyň üstünde, petige diräpdi.

XS
SM
MD
LG