Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD jeňçilerine zarba urulýar


Birleşen Ştatlaryň Gyzyl deňizdäki we Demirgazyk Arap aýlagyndaky gämilerinden jemi 47 Tomahawk raketasy atyldy.
Birleşen Ştatlaryň Gyzyl deňizdäki we Demirgazyk Arap aýlagyndaky gämilerinden jemi 47 Tomahawk raketasy atyldy.

Birleşen Ştatlar we birnäçe arap döwleti «Yslam döwletiniň» jeňçileriniň Siriýadaky güman edilýän nyşanalaryna garşy howa zarbalaryny urmaga başladylar.

Mundan ozal şeýle howa zarbalary «Yslam döwleti» toparynyň diňe Yrakdaky nyşanalaryna gönükdirilendi we täze zarbalar bu alnyp barylýan kampaniýanyň gerimini giňeldýär.

Pentagonyň çap eden beýanatynda bu kampaniýa gatnaşýan arap ýaranlarynyň arasynda Iordaniýanyň, Saud Arabystanynyň we Aýlak döwletleri bolan Bahreýniň, Kataryň we Birleşen Arap Emirlikleriniň bardygy aýdylýar.

Beýanatda Birleşen Ştatlaryň YD bilen ilteşikli nyşanalara 14 howa zarbasyny urandygy aýdylýar. Bu zarbalar söweş uçarlaryndan, bombaçylardan, daşdan dolandyrylýan dronlardan we Tomahawk raketalaryndan urlupdyr.

Birleşen Ştatlaryň Gyzyl deňizdäki we Demirgazyk Arap aýlagyndaky gämilerinden jemi 47 Tomahawk raketasy atyldy.

"Bu zarbalar YDYL-yň bir topar nyşanasyny ýok etdi ýa-da olara zeper ýetirdi. Ýok edilen we zyýan ýetirilen nyşanalar YDYL-yň söweşijelerini, tälim binalaryny, ofis jaýlaryny we komanda hem kontrolluk desgalaryny, maliýe merkezlerini, üpjünçilik ulaglaryny we harby tehnikalary öz içine alýar» diýip, beýanatda aýdylýar.

"Gatnaşdylar ýa goldaw berdiler"

Pentagon arap döwletleriniň bu howa zarbalarynyň urulmagyna «gatnaşandygyny ýa-da goldaw berendigini» aýtdy, emma şundan aňryk geçmedi.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy, ýagny Britaniýada ýerleşýän gözegçilik topary howa zarbalarynyň demirgazykdaky Rakka welaýatyny, onuň paýtagtyny, şeýle-de gündogarda, Yrak bilen serhetleşýän Deir el-Zour welaýatyny nyşana alandygyny aýtdy. Rakka «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň esasy mesgenidir.

Obserwatoriýanyň ýolbaşçysy Rami Abdurrahman özünde YD söweşijileriniň arasyndaky pidalar barada tassyklanan maglumatlaryň bardygyny aýtdy.

Pentagon Birleşen Ştatlaryň aýratynlykdaky sekiz howa zarbasynyň «Horasan topary» diýip bilinýän ozalky «Al-Kaýda» nökerlerine garşy gönükdirilendigini aýtdy.

Adam hukuklary obserwatoriýasynyň başlygy Abdurrahman Aleppo welaýatyndaky nyşanalara urlan zarbalarda “Al-Kaýda» bilen ilteşikli «Nusra frontuň» 30 söweşijisiniň, asuda ilatdan sekiz adamyň, şol sanda çagalaryň heläk bolandygyny aýtdy.

NATO 23-nji sentýabrda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda YD jeňçileriniň Siriýadaky nyşanalaryna garşy urlan zarbalara özüniň galtaşygynyň bolmandygyny aýtdy.

Orsýet bu howa zarbalarynyň Siriýanyň özygtyýarlylygyny we halkara kanunçylygyny bozandygyny aýtdy.

Siriýanyň Daşary işler ministrligi Damaska howa zarbalaryndan birnäçe sagat öň Birleşen Ştatlaryň we Waşingtonyň käbir ýaranlarynyň onuň territoriýasyndaky YD jeňçilerini nyşana aljakdygy aýdyldy diýdi.

Telewideniýede okalan beýanatda ýurduň Daşary işler ministrligine howa zarbalaryndan öň Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň Yragyň üsti bilen iberen haty gelip gowuşdy diýilýär.

Birleşen Ştatlaryň harby uçarlary, bombaçylary we dronlary awgustyň başyndan bäri Yrakdaky YD jeňçileriniň nyşanalaryna 190 çemesi howa zarbasyny urdy.

Birleşen Ştatlaryň hasaplamalaryna görä, YD jeňçileriniň üçden ikisine golaýy Siriýada ýerleşýär.

YD jeňçileri Siriýanyň içinden başlanyp, demirgazyk we günbatar Yrakda uly giňişligi öz içine alýan giň territoriýany basyp aldylar.

Şeýle-de olar müňlerçe adamy jezalandyryp öldürdiler, Birleşen Ştatlaryň iki žurnalistiniň, Britaniýanyň bir kömek işgäriniň kellesini kesdiler.

XS
SM
MD
LG