Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Gurbansoltandan ‘arassalanýar’


Ozalky prezident S.Nyýazowyň ejesi Gurbansoltanyň ýadygärligi
Ozalky prezident S.Nyýazowyň ejesi Gurbansoltanyň ýadygärligi

Paýtagtyň taryhy merkezi raýony diýlip atlandyrylýan ýerden ozalky prezident S.Nyýazowyň ejesi Gurbansoltanyň ýadygärligi aýryldy. Häzir bu ýerde täze seýilgähiň gurluşygy gidýär. Aýdylşyna görä, S.Türkmenbaşy prospektinden Alyşir Nowaýy köçesine çenli uzajak täze seýilgähde 2000-nji ýyllaryň başynda gurlan ady agzalan ýadygärlik üçin orun bolmaz.

Paýtagtly bir medeniýet işgäriniň aýtmagyna görä, paýtagtyň merkezinden ýaňy-ýakynda aýrylan bu ýadygärlik Gypjak obasynda ýerleşdiriler. Emma häzirlikçe Gypjakda bu meselede alnyp barylýan nähilider anyk işler göze ilmeýär.

Beýleki heýkeller

Häzir paýtagtda Nyýazowyň ejesiniň ýene-de birnäçe ýadygärlikleri bar. Olaryň biri Adalat köşgüniň öňündäki eli terezili adalaty alamatlandyrýan Femida grek hudaýynyň obrazyndaky ýadygärlik. Wokzalyň golaýyndaky öňki Gurbansoltan eje adyndaky bagt köşgüniň binasynyň öňünde-de onuň ýadygärligi häzirem bar. Paýtagtdaky orta mekdepleriň birine ýörite onuň ady dakylyp, mekdebiň öňünde ýadygärligi hem oturdylypdy.

Mundan başga-da öňki Bitaraplyk binasynyň ýanynda ýerleşen häzir Bekrewä göçürilen, 1948-nji ýylda gurban bolanlaryň ýadygärligi – Öküziň şahyndaky ýer şarynyň ýarygyndan çykyp öz çagasyny halas edýän ene hem Gurbansoltanyň keşbi. Onuň elindäki altyn çaýylan çaga bolsa S.Nyýazowyň özi.

Ýeri gelende aýtsak, Gypjakdaky 1948-nji ýyldaky ýer titremäniň pidalaryna gurlan memorial ýadygärlikler toplumynda hem onuň edil şu manydaky ýadygärligi goýuldy.

Gurbansoltan ejäniň kulty diňe bir onuň ýadygärliklerini goýmak bilen çäklenilmändi. Nyýazowyň ejesiniň ady ýurtdaky zenanlar guramasynyň adyna, zenanlar üçin neşir edilýän žurnalyň adyna dakylyp, kalendaryň aprel aýy hem Gurbansoltan aýy diýlip atlandyrylypdy.

Tagzym

Mundan başga-da sözüň doly manysynda Gurbansoltana tagzym etdirilýärdi. Onuň doglan güni häzirki aýrylan ýadygärligine gül desseleri goýdurylýardy. Ýazyjy-şahyrlar hem ony wasp edip, goşgulary, hekaýalary, pýesalary ýazýardylar. Olaryň eserlerinde Gurbansoltanyň Saparmyrat Nyýazowy dogurmagy gahrymanlyk hökmünde wasp edilýärdi.

S.Nyýazow döwründe Gurbansotana resmi taýdan Türkmenistanyň gahrymany diýilýärdi. 2003-nji ýyl bolsa Gurbansoltan eje ýyly diýlip yglan edilipdi. Iki gezek onuň şekili ýerleşdirilen altyn şaýy hem çykarylypdy.

Gurbansoltan aýrylýar

Indi soňky döwürde ýurtda Nyýazowyň ejesi bilen bagly simwollaryň gitdigiçe azalyp, olardan döwlet derejesinde ýüz öwrülýänligini görse bolýar. Onuň ady dakylan žurnal indi “Zenan kalby” diýlip atlandyrylýar, kalendaryň aprel aýyndan hem Gurbansoltanyň ady aýryldy. Onuň adyny göteren kinoteatra hem, rekonstruksiýa edilip, “Türkmenistan” ady dakyldy. Ýurduň Zenanlar birleşiginiň adyndan hem onuň ady aýryldy. Zenanlara berilýän we ozal onuň adyny göteren orden hem şy ýylyň başynda “Zenan kalby” diýen ady aldy.

Emma onuň ady dakylan etraplardan, köçeden we käbir edara-kärhanalardan Gurbansoltan ady aýrylanok. Aşgabatdaky iň uly propsektleriň biri häzirem onuň adyny göterýär. Paýtagtdaky çagalar keselhanasy we bir orta mekdep entegem onuň adyny göterýär. Öňki N.Krupskaýanyň adyny göteren ýüň egriji fabrige hem onuň ady dakylypdy.

Daşoguz welaýatynyň öňki Ýylanly posýolagynyň hem-de Ýylanly etrabynyň ady hem 2004-nji ýylda Gurbansoltan eje diýlip atlandyryldy.

Gurbansoltan barada ençeme makalalardyr eserleriň ýazylandygyna garamazdan, onuň ömri barada maglumat az. Ol 1913-nji ýylda doglupdyr. Atamyrat Annanyýazowa durmuşa çykyp, üç ogul dogrupdyr. Onuň ikinji ogly Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow. Beýleki iki ogly bolsa onuň özi bilen 1948-nji ýyldaky ýertitremede wepat bolupdyr.

XS
SM
MD
LG