Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Söýgä bolýan däldirin"


Şygyrýet
Şygyrýet

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgulary.

"Bye-bye"

Her gözünde bir hanjar –
Jigerim gyýa-gyýa.
A gyz, öldürdiň halys
Seredip gyýa-gyýa!

Söýgä bolýan däldirin,
"Dat-bidat!" diýe-diýe…
Wah, sen-ä bir sarç keýik,
Men bolsam – düýe-düýe.

Göze ileliň bäri
Sygamok öýe-öýe.
Awçymy men, sawçymy?
Ümzügim toýa-toýa.

Uky haram gijeler,
Towlandym oýa-oýa.
Bu ömür hiç – lebiňden
Sormasam doýa-doýa.

Yhlasymyň çetinden
Kertmese güýe-güýe.
Aldamasam özümi
"Bagtly men" diýe-diýe.

Tä soňky deme deňiç
Ýaşasam söýe-söýe…
Ýogsa-da bir ýat dilde
Hiňlensem "bue-bue"*.

*"Bue-bue" - bu jümle inlis dilinde "baý-baý" (bye-bye) görnüşinde ulanylyp; bir-ä "gijäň rahat", birem hoşlaşyk pursadynda ulanylýar.

****

Gadymy dert

"Nury didäm, jan, ogul,
Iner ogul, han ogul,

Ne dert indi başyňa,
Kim tor gurdy daşyňa?

Ýere siňip barýaň-a,
Hopugýanym görýäň-ä.

Iýp-içmeden bizar sen,
Niçik dertden bimar sen?

Zordan alýan demiň bar,
Menden ýakyn kimiň bar?

Içiňde syr saklama,
Meni oda oklama.

Aýnadan daş bakaňok,
Dost-ýar diýip çykaňok.

Men borjumy bitirdim…
Kelep ujun ýitirdim".

"Bar zat ýerbe-ýer, eje,
Bolma derdeser, eje.

Jogap gözläp nädeýin,
Senden gizläp nädeýin:

Belki, hetden aşyp men…
Goňşy gyza aşyk men".

XS
SM
MD
LG