Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Kreml mugtuna howpsuzlyk bermez"


Ymamnazar serhet geçelgesinde. 2009 ý.
Ymamnazar serhet geçelgesinde. 2009 ý.

Soňky aýlarda türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýlarynyň barha kän üýtgeýändigi barada habarlar çykýar. Azatlyk Radiosy bu habarlar we türkmen hökümetiniň pozisiýasy barada Merkezi Aziýa meselelerini ýakyndan yzarlaýan žurnalist Brus Panniýeriň pikirini sorady.

Azatlyk radiosy: Brus, bu meseläni ýakyndan synlap ýören ekspert hökmünde aýtsaňyz, siziň pikiriňizçe, Türkmen hökümetiniň häzirki ýagdaýda türkmen-owgan serhedi meselesine çemeleşişi nähili?

Brus Panniýer: Hakykatda Türkmen hökümetiniň edýän we etmeýän zatlaryny görmek lapykeç edýär. Şu ýylyň başynda serhediň Türkmenistan tarapynda adamlar öldürilende we häzir, daşary ýurt goşunlarynyň Owganystandan çykmaga taýýarlyk görýän wagtynda ýagdaýyň belki-de togsanynjy ýyllaryň ahyryndaky ýaly bolmajagyna, ol ýerde «Talybanyň» we jeňçi toparlaryň has erkin gezmegine ýol açyljagyna düşüniler öýtdük. Türkmen hökümeti bu meselede öz ýöretjek syýasatyny kesgitlemedik ýaly görünýär. Ol bir zatlar etmäge synanýar, soň ony etmegi goýýar.

Biz birnäçe aý mundan öň olaryň Owganystandaky, serhediň beýle ýüzündäki obalylar, tire wekilleri bilen duşuşyp, has gowy gatnaşyk gurjak bolup başlandygyny gördük. Ýagny olar ekerançylyk ýerlerini opuryp, akymyny üýtgedýän derýanyň kenarynda gaçy galdyrmak, Owganystana köpräk elektrik toguny bermek-beýleki barada gürrüň etdiler.

Ýagny olar Owganystanyň Türkmenistan bilen serhet ýakasynda ýaşaýan oba adamlary bilen has dostlaşýan ýaly göründiler, ýagny bu olaryň howpsuzlyk syýasaty bolup, Owganystanyň demirgazyk serhediniň boýundaky türkmen toparlarynyň «Talybanyň», «Özbegistanyň Yslam hereketiniň» agzalarynyň ýa beýlekileriň serhedi bozup, Türkmenistanda gowga döretmeginiň öňüni almalydy...

Azatlyk radiosy: Indi bu meselede näme üýtgedi?

Brus Panniýer: Indi soňky maglumatlar türkmen resmileriniň owgan serhediniň beýle tarapyndaky adamlar bilen duşuşmaýandyklaryny görkezýär. Mundanam başga, türkmen tarapy «gorag galasy» ýaly bir zat gurmaga başlady. Ýagny olar bu ýere gurluşyk materiallaryny getirip, has kän serhet beklerini, gorag diwarlaryny, haýatlary gurmakçy ýaly görünýär. Şol bir wagtda bu tutuş serhet boýunda däl.

Ýagny Owganystanyň gowgalyrak etrabynyň deňinde diwar gurup, onuň goňşy etrabynda, biraz parahat etrabyň gabadynda gorag diwaryny gurmak gerek däl diýip pikir edilýän ýaly. Emma bu Türkmenistan tarapyndan akyllylyk däl, sebäbi ol ýerden geçjekler haýatyň ýok ýerinden, goralmaýan ýerinden geçip bilerler ahyryn.

Azatlyk Radiosy: Azatlygyň diňleýjileriniň käbiri Türkmenistanyň bu meselede Orsýete bil baglaýandygyny öňe sürýär. Siziňçe, eger serhetde ýagdaý üýtgese, Orsýete Türkmenistana kömek edermi?

Brus Panniýer: Meniň pikirimçe, bu diňe Türkmenistan babatynda däl, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinde, eger-de ýagdaý gaty erbetleşse, ýagny hökümet ýykylmak ýagdaýyna düşse, Moskwa telefon edip, gel, gaýrat et-de bize kömek et diýmek ähtimallygy ýaly bir zat bar. Elbetde, Moskwa gelmäge hem kömek etmäge höwesek bolar. Eýsem näme üçin kömek etmäge höwesek bolar? Bu diňe gelip kömek etmek we soň gitmek bolmaz, bu ýerde bir ylalaşyk baglaşylar.

Ýagny biz size jeňçileriňizden dynmaga kömek ederis, emma biziň bu ýerde bolýan zatlar barada öz aýtjak zadymyz bar diýler. Eger başga sebäp bolmasa, biz öz getiren esgerlerimiziň hemmesini bärden çykarjak däl, ýagny bir bölegini siziň ýurduňyzda saklajak diýerler. Ýa-da bolmasa biz daşary işler ministrligimizden käbir adamlary bärde goýjak, olar size nädip hökümet dolandyrmalydygy barada maslahat bererler, sebäbi biz ýene şeýle ýagdaýyň bolmagyny islemeýäris diýerler.

Ýagny Orsýet deregine bir zatlar alman, olara howpsuzlyk bermez. Hawa, umuman Orsýet Merkezi Aziýada howpsuzlygyň kepili, emma muňa derek Kremliň diýýän zatlaryny gowy diňlemeli bolar we syýasaty özüň däl-de, olar ýöreder.

XS
SM
MD
LG