Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jaýlar hususylaşdyrylyp başlandy


Döwletiň jaý fondundaky ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrmak baradaky kanun 2013-nji ýylyň 22-nji iýunynda kabul edildi.
Döwletiň jaý fondundaky ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrmak baradaky kanun 2013-nji ýylyň 22-nji iýunynda kabul edildi.

Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrmak işi başlandy. Paýtagtyň domouprawleniýe, ýagny ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginde jaýlary hususylaşdyrmak üçin zerur bolan dokumentleriň sanawy görkezilen gollanmalar asylypdyr. Ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak boýunça prosesiň başlanyna eýýäm bir hepdeden gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, domouprawleniýe, ýagny ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliklerinde jaýlaryny hususylaşdyrjak bolýan raýatlar köp däl.

Ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň käbir işgärleriniň aýtmaklaryna görä, häzirlikçe günde bary-ýogy iki-üç adam ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrmagyň şertleri bilen gyzyklanyp, gelip-gidýärler. Häzire çenli hususylaşdyrmak boýunça dokument getiren adamlaryň ýokdugyny 14-nji domouprawleniýäniň bir işgäri atdy.

“Sorap gidýänleriň sany hem o diýen köp däl. Garaz priwatizasiýa bilen gyzyklanýan şu wagt az” diýip, paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky ýaşaýyş jaý ulanyş müdirlikleriniň biriniň işgäri gürrüň berdi.

Bildiriş
Bildiriş

Ýurduň raýatlarynyň arasynda öz ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmaga höwesekleriniň sanynyň azlygy bu babatda ilatyň arasynda ýörite bildiriş kampaniýasynyň geçirilmändigi bilen hem baglanyşdyrylýar. Köpçülikleýin habar serişdelerinde şu wagta çenli bu barada bildirişler çap edilmedi. Hatda ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliklerinde hem ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrmagyň başlanandygy barada ýörite bildirişler görnenok.

Ýaňky aýdylyşy ýaly domouprawleniýelerde “Ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň göni (salgyly) görnüşinde muzdsuz berilmeginiň, ýaşaýyş jaýlarynyň satyn alynmagy görnüşinde hususylaşdyrmagyň, ýaşaýyş jaýlarynyň bäsleşikli söwdasynyň guralmagynyň we geçirilmeginiň tertipleriniň ýerine ýetirilişi boýunça gollanma” diýip atlandyrylýan dokument asylypdyr.

Bu bildirişde jaýlary hususylaşdyrmak üçin zerur bolan dokumentleriň sanawy görkezilipdir. Şeýle-de jaýlaryny hususylaşdyrýan raýatlary we şol prosese gatnaşýan döwlet edaralarynyň wezipeleri görkezilen.

Sprawkalar

Gollanmada görkezilişi ýaly, ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak isleýän raýat birnäçe ýerden birnäçe sprawkalary almaly. Onuň barmaly ýerleri şulardan ybarat: ýaşaýyş jaý ulanyş müdirligi, energo gözegçilik edarasy, telefon aragatnaşyk ulgamynyň edarasy, ýerine ýetirji häkimiýet edaralary ýa-da Geňeşler.

Adamlar ilki bilen ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginden maşgala düzümi hakynda #3 formaly sprawkany, ýaşaýyş jaý ulanyş müdirligi tarapyndan tassyklanan orderiň göçürme nusgasyny, jaý tölegi bergisiniň hem-de jemagat hyzmatlarynyň töleginiň ýoklugy barada kepilnamany almaly.

Şeýle-de, ol energo-gözegçilik edarasyndan elektrik energiýasynyň sarp edilişi barada kepilnama, telefon aragatnaşyk ulgamy edarasyndan aragatnaşyk hyzmatlary üçin bergisiniň ýokdugy hakynda kepilnamany almaly. Ýerine ýetirji häkimiýet edaralaryna ýa-da Geňeşlere bolsa arzany we oňa goşulan dokumentleri tabşyrmaly.

Şol bir wagtda hem ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak işine näçe wagt sarp ediljekdigi entek näbelli. Ýöne paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky domouprawleniýeleriň biriniň işgäriniň aýtmagyna görä, ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak prosesi azyndan 2-3 aý wagta çenli çekip biler.

“Ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak üçin birnäçe resminamalary tabşyranyňdan soň hem döwlet edaralary şol dokumentlere seretmeli, barlamaly şondan soň degişli netije çykarmaly. Bu bolsa ep-esli wagt dowam edip biler. Mysal üçin, paýtagtyň tehniki tükelleýiş edarasynda raýatyň işine seretmek bir aýdan gowrak wagtlap gider. Sebäbi ol bütin paýtagt boýunça bir edara” diýip, paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky domouprawleniýeleriň biriniň işgäri gürrüň berýär.

Ýöne ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliklerinde asylan bildirişlerde aýdylyşy ýaly Türkmenistanyň prezidentiniň 2014-nji ýylyň aprel aýynyň 2-ne çykaran “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakyndaky” karary möhletsiz, döwürleýin esasda ýerine ýetirilýär. Ýagny, ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, jaýlary hususylaşdyrmagyň belli bir kesgitli möhleti ýok.

Döwletiň jaý fondundaky ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrmak baradaky kanun 2013-nji ýylyň 22-nji iýunynda kabul edildi. Bu kanun şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Emma häzire çenli ýurduň raýatlarynda döwlet eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlaryny öz hususy eýeçiligine geçirmäge mümkinçilik ýokdy.

XS
SM
MD
LG