Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat “howpsuzlygy pugtalandyrýar”


Prezident ýurduň “harby kuwwatyny güýçlendirmek” barada aýratyn durup geçdi.
Prezident ýurduň “harby kuwwatyny güýçlendirmek” barada aýratyn durup geçdi.

Türkmenistanyň prezidenti geçen hepdäniň başynda Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meseleler bilen bir hatarda ýurduň “harby kuwwatyny güýçlendirmek” barada hem aýratyn durup geçdi. 4-nji noýabrda edilen bu çykyşyň nämeden gelip çykýandygy, şeýle-de onuň nähili durmuşa geçiriljekdigi barada goşmaça hiç hili maglumat berilmedi.

Emma türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagyna gabatlanyp edilen bu çykyş bilen bir hatarda, Aşgabadyň öz armiýasynyň iň bärkisi harby-tehniki üpjünçiligini güýçlendirip başlandygy we üçünji taraplar bilen “howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy” ýola goýmak ugrunda tagalla edýändigi göze ilýär.

Aşgabadyň ýarag importy barada elýeterli maglumat köp bolmasa-da, köpçülige aýan edilen käbir sanlar Aşgabadyň ýarag satyn almasyny artdyrandygyna güwä geçýär.

Ýarag

Türkiýäniň ýakynda ýaýradan sanlaryna görä, şu ýylyň 10 aýynyň dowamynda türk goranmak firmalary Türkmenistany bahasy 42 million 996 müň dollarlyk harby maksatly önümler bilen üpjün edipdirler. Ýeri gelende aýtsak, agzalan görkeziji geçen ýylkylara garanyňda has köpdür. Türkiýe Türkmenistana 2010-njy ýylda 65 müň dollarlyk, 2011-nji ýylda hem 13.9 million dollarlyk ýarag satypdy.

Şunuň bilen birlikde ýakynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Türkmenistana eden sapary hem käbir ýerli synçylaryň ünsüni çekip, onuň dowamynda howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada hem gürrüňiň edilendigi dogrusynda käbir pikirler orta atyldy.

Hyzmatdaşlyk

Bu aralykda soňky aýlaryň dowamynda Türkmenistana sapar edýän sebitiň beýleki resmileri bilen duşuşyklarda hem Aşgabadyň howpsuzlyk meselelerine aýratyn ünsi çekýändigini synlasa bolýar.

Oktýabryň aýagynda Aşgabatda bolan Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow, şu hepde Türkmenistana sapar eden gyrgyz lideri Almazbek Atambaýew bilen geçirilen gepleşiklerde hem “durnuklylygy pugtalandyrmak”, “howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny artdyrmak” ýaly meseleleriň geňeşilendigi äşgär boldy.

Geçen aýyň ahyrynda NATO-nyň wekilleri hem Aşgabatda bolup, özara gepleşikleri geçirdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýaranlygyň resmileri bilen “özara gyzyklanma” döredýän meseleleriň maslahat edilendigini habar berip çäklense-de, NATO öz saýtynda türkmen resmileri bilen Owganystandaky we Ukrainadaky ýagdaýlara hem garalandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň ýarag importyny artdyrmak, sebitdäki aktýorlar bilen “howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny” ýola goýmak ugrundaky edýän tagallalary bilen bir wagtda Aşgabadyň howpsuzlygy barha ýaramazlaşyp barýan türkmen-owgan serhedinde hem hüşgärlik çärelerini artdyrýandygy habar berilýär.

Serhet

Gürrüňi gidýän sebitde türkmen serhetçileriniň öldürilmegi, serhediň golaýynda “Talyban” söweşijileriniň güýçlenip, hemişelik ornaşmagy baradaky habarlardan soň, Türkmenistanyň tutuş serhede gözegçilik etmäge ukyply elektron gözegçilik sistemasyny ýola goýmaga taýýarlanýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar. Awgust aýynda agzalýan serhetde ÝHHG-niň gatnaşmagynda ýörite türgenleşik çäreleri hem geçirildi.

Gürrüňi gidýän türkmen-owgan serhediniň uzynlygy 744 kilometre barabar. Şu ýylyň aýagyna çenli Owganystandan Halkara güýçleriniň çykarylmagy bilen, Owganystanda we bütin sebitdäki howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagynyň mümkindigi baradaky howatyrlanmalar eşidilýär.

XS
SM
MD
LG