Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sadalygyň pidasy


Ata Gowşudow
Ata Gowşudow

1953-üň baharynda Staliniň ölümine atasyny ýitiren ýaly aglan türkmen şol ýylyň gyşynda özüniň ajaýyp bir ýazyjysynyň dünýäden ötenini bilmänem galaýdy gerek.

Bary-ýogy 50 ýyldan ybarat gysga ömrüni pukaralykda ötüren beýik ýazyjy döwürdeşleriniň ýatlamasyna görä, hor-homsy ýaşap, ömrüniň soňky ýyllaryny garyplykda diýen ýaly geçiripdir.

Ata Gowşudowyň ykbaly bir beýik şahyryň «Entek sadalykdan zyýan çeken ýok» diýen setiri bilen jedelleşmäge bize doly esas berýär.

Kiçigöwünlilikden, pespällikden, sadalykdan Ata Gowşudow ýaly uly zyýan çeken başga bir ýazyjy türkmen edebiýatynda barmykan?

Ýazyjynyň unudylyp barýan adynyň täzeden lowurdap çykmagyna sebäp bolan «Perman» romanynyň başga bir ýazyjynyň öýünde 40 ýyllap, bahyllygyň pidasy bolup, çaňa garylyp ýatmagyndan uly zyýan bolup bilermi?

Hydyr Derýaýewiň «Ykbal», Beki Seýtäkowyň «Doganlar», Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» ýaly eserleri bilen deň derejede türkmen edebiýatyny bezäp biljek «Perman» romany Ata Gowşudowyň galamyndan çykan naýbaşy eser bolsa gerek. Ýogsam, biziň-ä çagalykdan ýazuw-pozuwy öwrenip, ilki okan iri eserimiz bu ýazyjynyň «Mähri – Wepa» romanydy. Soňra «Köpetdagyň eteginde», ondan soň – «Dordepel»…

Galyberse-de, Ata Gowşudowyň professor Mäti Kösäýew bilen bilelikde redaktirlän hem çapa taýýarlan «Görogly» eposy bu ýazyjynyň türkmen edebiýatynyň öňünde bitiren ýene bir ägirt uly hyzmatyndan habar bermeýärmi?

Ata Gowşudow aradan çykanda, biz bir 7-8 ýaşly oglandyk. Ýazyjynyň özüni görmeg-ä beýlede dursun, onuň bir ibaly suratyna-da gözümiz düşmändi. Okuw kitaplarynda ýerleşdirilen ýazyjy-şahyrlaryň ählisiniň suraty ýalpyldap dursa-da, diňe Ata Gowşudowyň elde çekilen keşbini görerdik.

Soň-soňlar, ýazyjynyň ogly Ilşat bilen Aşgabatda tanşyp, az-kem tirkeşmek, gyzy Bahar bilen 30-njy mikroraýonda goňşy ýaşaşmak hem saçakly gatnaşmak miýesser edipdi.

Baharyň ýatlamalaryndan:

«Kakam «Perman» romanynyň nokadyny goýan güni golýazmasyny Ýazyjylar soýuzyna eltip, sekretarita tabşyryp geldi-de: «Egnimden dag aýrylan ýaly bolaýdy» diýip, ýassyga gyşardy.

Galamdaşlarynyň roman baradaky pikirini bilmäge howlugyp, çakylyga kän garaşdy. Bir aý töweregi netije bolmansoň, özi ýola düşdi Soýuza tarap…

«Ýitipmişin! Romana aýak bitipmişin! -- Kakamy beýle ýagdaýda ilkinji görşümdi. – Iňňe däl-ä ol näçe ýüz sahypalyk golýazma!.. – Birdenem ol adaty kaddyna geldi-de: «Aý, bähbit bol-a» diýip, basyrylgy çäýnegi öňüne çekdi… - Sag bolsun Nargylyç Hojageldiýew, «Permany» rejelep-redaktirlep, gül ýaly edip, «Sowet edebiýaty» žurnalynda çapdan çykardy…»

- Şiraly Nurmyrat

Makalada öňe sürülýän pikirler awotryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG