Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"YD" aýal güllesinden gorkýar


Kürtleriň "Peşmerge" söweşiji toparynyň aýal agzalary.
Kürtleriň "Peşmerge" söweşiji toparynyň aýal agzalary.

Iki çagaly, 30 ýaşyndaky kürt aýal söweşmäge gidipdir. Kürtleriň "Peşmerge" atly söweşijileriniň arasynda aýallar näme üçin beýle köpkä?

Yslam döwleti halyflygy indi Liwiýa baryp ýetipdir. Liwiýanyň port şäherinde uniwersitetde hukuk, tebigat bilimleri ýaly käbir sapaklar ýatyrylypdyr.

Obamanyň ”Yslam döwletine” garşy strategiýasyndaky ýetmezçilikler.

Moskwada restoranlar ýapylyp biler.

Dünýä metbugaty häzir ýene nämeler hakynda ýazýar?

"Wall Street Journal" gazýetiniň habarçysy Sandor Jaszberenyi Yrakdaky kürtleriň ”Peşmerge” söweşijileriniň arasynda bir aýal bilen tanşypdyr. Soň ol ýerden gaýdan mahaly onuň uruşda öldürilendigini eşidipdir. Rengin Yusuf atly ol aýal 31 ýaşynda ekeni. Ol iki sany gyz çagasyny goýup, söweşmäge giden ekeni.

Rengin hemişe özüne "zenan peşmerge" diýilmezligini haýyş edýär ekeni. Çünki, onuň pikrine görä beýle zat bolmansoň, şeýle diýilmeli däl. Onuň düşündirişine görä, kürtçe peşmerge sözüniň özi "ölüm bilen söweşen" diýen manyny berýär.

Ýene Renginiň nygtamagyna görä, özi ýaly aýal-gyzlaryň söweşmegi "Peşmergäniň" jynsparazlykdan azat bolandygyny subut edýär.

Habarçynyň ýazmagyna görä, kürt söweşijileriniň arasynda aýal-gyzlar gaty köp. Munuň sebäbi başa-baş uruşda zenan bilen erkek adamyň arasynda tapawut görülmeýändigi däldir.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan kürtleriň aýtmagyna görä, ”Yslam döwleti” ýaragly toparlary ylaýta-da zenan söweşijiler tarapyndan öldürilmekden gaty gorkýarlar. Olaryň düşünjesine görä, aýalyň öldüren jyhatçysy jennete baryp bilenok.

Habarçy ýerli ruhanylardan şeýle pikriň dogrudygy ýa-da däldigi hakda soranda, yzly-yzyna şeýle jogaplary alypdyr, ýagny jyhatçy ölen mahaly göni jennete gidýär, ony kimiň, erkek adamyňmy ýa-da zenanyň öldürendigi tapawut etmeýär.

Ýöne "Yslam döwleti" ýaragly toparlary zenan söweşijilerinden şeýle erbet gorkýarlar welin, Hanakün diýen ýere hüjüm edenlerinde, ol ýeri goraýanlaryň diňe zenanlardygyny görüp, urşa başlaman, yzyna dolanyp gidipdirler. Habarçynyň düşündirişine görä, ”Yslam döwleti” ýaragly toparynyň beýle etmeginiň din bilen arabaglanyşygy ýok, ýagny bu diňe olaryň öz yrymydyr.

Uniwersitetde hukuk we tebigat bilimleri ýatyryldy

Spiegel žurnalynyň ýazmagyna görä, ”Yslam döwleti” guramasy öz halyflygyny Demirgazyk Afrika çenli giňeldýär we şeýlelikde oňa bakna ýerler köperlýär. Golaýda ýerli toparlar ”Yslam döwletine” garaşlydyklaryny yglan edipdirler. Žurnalyň ýazmagyna görä, Yrakda we Siriýada gurlan halyflygyň indi 300 km uzynlyga eýe deňiz kenary bar. Özem hut Liwiýada. Liwiýanyň deňiz porty bolan Darnada 80 müň halk ýaşaýar. Ol ýerde 18-nji asyrdan galan metjidiň üstünde ”Yslam döwletiniň” gara baydagy pasyrdaýar. Şäherde yslam polisi we şerigat kazyýetleri iş alyp barýar. Uniwersitetlerde dünýewilik ýatyrylypdyr we käbir ýerde student oglanlar bilen gyzlaryň arasyny diwar bilen aýrypdyrlar. Hukuk, tebigat bilimleri we daşary ýurt dilleri sapaklary goýbolsun edilipdir. Näme üçin düzgüniň üýtgedilendigini soran her bir adam ölüm howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýär.

Darna terrorçylaryň ygtyýaryna geçipdir. Darna Demirgazyk Afrikada ”Yslam döwleti” toparynyň deňiz serhedi bolmadyk ilkinji ýeri, ýagny anklawydyr.

Liwiýa, umuman alanyňda ”Yslam döwleti” topary üçin örän möhüm strategiki ähmiýete eýe ýerdir. Ol ýerde döwlet gowşapdyr. Ol ýer Afrikanyň iň uly nebit känleriniň watanydyr. ”Yslam döwleti” topary Liwanyň köp bölegini ele alyp bilse, onda arap dünýäsiniň bütewüligini bozar. Bütewüligiň bozulmagy bilen ýüze çykjan haos bolsa ”Yslam döwleti” toparynyň bähbidinedir. Arap ýurtlarynyň haýsynda hökümet gowşak bolsa, ol ýerde halkyň ünsi "Arap baharyna" däl, eýse ”Yslam döwletine” gönükýär. Çünki ol ýerdäki guramalar ”Yslam döwleti” toparyny ýurda getirýär.

Soňky hepdelerde ýerli radikal toparlar gaty çalt ýagdaýda ”Yslam döwleti” toparyna goşulmaga başlapdyrlar. Sentýabrda Al-Jazira ”Halyflyk esgerleri toparynyň” ”Yslam döwleti” toparyna goşulandygyny yglan etdi. Geçen hepdede Müsüriň terrorçy topary-da ”Yslam döwleti” toparyna goşuldy.

"Spiegel" žurnalynyň ýazmagyna görä, indi ”Yslam döwleti” toparynyň nyşanasynda Tunis we döwletiň gaty gowşan ýeri bolan Liwiýa bar. Arap baharynyň watany bolan Tunisde öwrülişikden lapykeçlik gaty güýçli ýagdaýda. Şonuň üçinem ”Yslam döwleti” toparyna hem daşardan gelýän söweşijileriň iň köpüsi Tunisden gelip goşulýar.

Liwiýanyň Darna şäheri bolsa 2004-nji ýyldan bäri janyndan geçen bombaçylaryň iň köpüsini ýetişdiren şäherdir.

Obamanyň strategiýasy

"Washington Post" gazýetiniň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň prezidenti Obama "Yslam döwleti" guramasyna garşy strategiýa problemasyny çözmelidir. Obama ýene bir amerikalynyň kellesiniň kesilmegine "hakyky şeýtanyň işi" görnüşinde baha berdi. Onuň şeýle gatyrganmagy ABŞ-nyň ”Yslam döwleti” toparyny derbi-dagyn etmek isleginiň alamaty. Ýöne, gazýetiň ýazmagyna görä, Obamanyň çykyşynda ABŞ-nyň ”YD” strategiýasyndaky ýetmezçilikleriň nähili düzediljekdigi babatda söz açylmazlygy lapykeçlik döretdi.

Obamanyň owalky goranmak ministri Robert Gates hepdäniň ahyrynda amerikan generallarynyň öňünde eden çykyşynda Yrak goşunynyň ýörite tälimli güýçleri bolmasa, onda ”YD” toparyna garşy alnyp barylýan urşuň täsirli bolup bilmejekdigini nygtady.

“Wall Street Journal” gazýetiniň ýazmagyna görä, Gates şeýle diýipdir: "Obama olara ”YD-ni” derbi-dagyn etmek missiýasyny tabşyrypdyr. Ýöne siz goşuna tabşyrylan maksada ýetmeklik üçin harby serişde bermedik mahalyňyz olary gaty geň ýagdaýa düşürýärsiňiz".

Gazýetiň ýazmagyna görä, Obamanyň ”YD-e” garşy strategiýasyna ABŞ-nyň sebitdäki Türkiýe, Katar ýaly hyzmatdaşlary bilen bir hatarda muňa düşünip bilýän ýekeje-de general ýok.

Gazýetiň jemleýji sözlerinde bellemegine görä, Obama ”YD-niň” howpuna düşünýär we bu Obamanyň ”YD” bilen göreşmekde ünsüni jemlemegine itergi berer. Ýöne, Obama bu urşa guryýer goşunlaryny ibermek islemeýär.

Moskwadaky restoranlaryň ýüzden 25 bölegi

"Moscow Times" gazýetiniň ýazmagyna görä, rubluň hümmetiniň pese gaçmagy Russiýanyň ykdysadyýetiniň daşarky dünýä garaşly ähli ugurlaryna zyýan ýetirýär. Muňa diňe bir söwda-satyk we turizm degişli däl.

Geljek ýyl Moskwadaky restoranlaryň ýüzden 25 böleginiň ýapylmagyna garaşylýar.

Turizm babatda hökümet 4 million resminiň daşary ýurtlara dynç alşa gitmegini gadagan edipdir. Bu san turistleriň umumy sanynyň ýüzden ýigrim iki bölegini emele getirýär. Rubluň öz hümmetini ýitirmegi ýaly bu ýagdaý hem Russiýanyň turizm senagatyny çökerip biler.

XS
SM
MD
LG