Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan ilçihanasynyň ulagy partladyldy


Owganystanyň howpsuzlyk resmileri Britaniýanyň ilçihanasynyň ulagyna hüjümiň edilen ýerini barlaýarlar, Kabul, 27-nji noýabr, 2014.
Owganystanyň howpsuzlyk resmileri Britaniýanyň ilçihanasynyň ulagyna hüjümiň edilen ýerini barlaýarlar, Kabul, 27-nji noýabr, 2014.

Owganystanyň häkimiýetleri 27-nji noýabrda janyndan geçen hüjümçiniň Britaniýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň ulagyna motorly baryp urmagynyň netijesinde bir britan raýatynyň we azyndan bäş owganystanlynyň wepat bolandygyny habar berdiler.

“Şu günki hüjümde bir britan raýaty wepat boldy” diýip, Kabulyň polisiýasynyň beýannamasynda aýdylýar.

Munuň öňüsyrasynda ilçihananyň metbugat wekili hüjüm barada maglumaty tassyklap, ulagyň içinde käbir adamlaryň ýaralanandygyny mälim etdi. Ol hüjüme sezewar bolan ulagyň içinde britan diplomatlarynyň bolmandygyny aýtdy.

Britan awtoulagyna hüjüm edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:01 0:00

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, hüjüm zerarly 30-dan gowrak adam, esasan, köçeden geçip barýan ýönekeý adamlar ýaralanypdyr.

Saglygy saklaýyş ministrligi ýaralananlaryň bäşisiniň çagalardygyny aýtdy.

Polisiýanyň resmileri partlamanyň paýtagtyň gündogar böleginde, uly Kabul-Jalalabad ýolunda bolandygyny habar berdiler. Şaýatlar güýçli partlamanyň Kabulyň böleklerini sarsdyryp, gara tüssä bürändigini gürrüň berdiler.

Partlamada ilçihananyň awtoulagy weýran boldy.

”Talyban” hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, hüjümçiniň “basyp alyjy daşary ýurtly güýçlere” zarba urandygyny aýtdy.

Partlamanyň bolan ýerinde daşary ýurtlulara degişli edaralaryň we halkara harby obýektleriň ençemesi ýerleşýär.

Soňky hepdelerde gozgalaňçylar harby kerwenlere we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýerleşýän we daşary ýurtlularyň ýaşaýan ýerlerine birnäçe hüjümleri geçirdiler.

24-nji noýabrda bu ýerde bolan bomba partlamasynda NATO-nyň iki esgeri wepat boldy we bir owgan raýaty ýaralandy.

Kabul her günde diýen ýaly ABŞ-nyň we NATO-nyň harbylarynyň garşysyna öz göreşini güýçlendiren gozgalaňçylaryň hüjümine sezewar bolýar. Halkara goşunlary şu ýylyň dekabr aýynda Owganystandaky söweş missiýasyny resmi taýdan tamamlaýarlar.

Britaniýa Owganystanyň günortasyndaky 13 ýyllyk harby missiýasyny şu hepdede tamamlady. Britaniýanyň Howa güýçleriniň iň soňky wekili Gandagar howa meýdanyny terk etdi.

XS
SM
MD
LG