Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama ABŞ-Krym söwdasyny gadagan edýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama amerikan harytlarynyň, tehnologiýasynyň ýa hyzmatlarynyň Ukrainanyň Krym regionyna eksport edilmegini gadagan etmek baradaky görkezmä gol çekdi.

Şeýle-de Obama Gazna departamentiniň bu regionda işleýän şahslara we kompaniýalara garşy sanksiýa girizmekligine ygtyýar berdi.

19-njy dekabrda täze çäreleri yglan etmek bilen, Obama Orsýetiň bu regiondaky anneksiýasyny bes etmegine çagyrdy.

Gazna departamenti bu buýruk esasynda 17 şahsyýeti, ýedi kärhanany gara sanawa girizdi.

Kanada hem 19-njy dekabrda Orsýetiň Ukrainadaky hereketleri sebäpli täze sanksiýalaryny yglan etdi.

Bu çäreler Ýewropa Bileleşigi Krymda maýa ýatyrmagy gadagan edeninden bir gün soň görüldi.

Obama 18-nji dekabrda täze rus sanksiýalaryna ygtyýar berýän aýratyn kanuna hem gol çekdi, emma ol bu gezek bu ygtyýarlygyny ulanmajagyny aýtdy.

Bu kanun prezidente Ukrainanyň harbylaryna ýarag ibermek ygtyýaryny hem berýär.
Krym mart aýynda Orsýetiň goldawyndaky güýçler ýarym adany Ukrainadan alaly bäri de fakto Moskwanyň kontrolynda galýar.

"Men Orsýeti ýene bir gezek basybalyjylygy hem-de Krymy anneksiýa etmek synanyşygyny soňlamaga, özüniň gündogar Ukraiandaky separatistlere goldaw bermegini bes etmäge, Minsk şertnamasy esasynda öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrýaryn" diýip, Obama aýtdy.

Sentýabr aýynda gol çekilen Minsk protokoly gündogar Ukrainada ýaraşyk baglaşylmagyna getirdi, emma söweşi togtatmagy başarmady.

Ukraina we Günbatar ýurtlary Kremli orsýetçi gozgalaňçylara ýarag we goşun goldawyny berip, gündogar Ukrainadaky pitnäni güýçlendirmekde aýyplaýarlar.

Moskwa bu aýyplamany, gereginden artyk subutnamanyň bolmagyna garamazdan, yzygiderli inkär edýär.

Kanadynyň premýer-ministri Stefen Harper 19-njy dekabrda Orsýete garşy täze sanksiýalary, şol sanda nebit-gaz senagatynda ulanylýan tehnologiýalary eksport etmeklige girizilen goşmaça çäklendirmeleri yglan etdi.

Harper «Putin režiminiň Ukrainanyň toprak bütewiligini, özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny dowamly bozandygyny» duýdurdy.

"Kanada Krymyň bikanun basylyp alynmagyny we gündogar Ukrainadaky höçjet, prowokatiw harby aktiwlikleri kabul etmez» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kanadanyň daşary işler ministri Jon Baird, Orsýetiň Ukrainadaky hereketleri sebäpli, on bir sany orsýetli, dokuz sany ukrainaly şahsyýete garşy sanksiýa girizilýändigini aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Aleksandr Lukaşewiç 20-nji dekabrda «biz Waşingtonyň we Ottawanyň bu hili aksiýalaryň yzynyň netijesiniň boljagy barada pikir etmegini maslahat berýäris» diýdi we Orsýetiň muňa jogap çärelerini görjegini duýdurdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG