Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Benziniň nyrhy 60% galdy


A-95 benzin mundan öň 62 teňňe bolan bolsa, indi onuň bahasy bir manada çykdy.
A-95 benzin mundan öň 62 teňňe bolan bolsa, indi onuň bahasy bir manada çykdy.

Täze 2015-nji ýylyň birinji gününden başlap Türkmenistanda benziniň bahasy 60% töweregi galdyryldy. A-95 benzin mundan öň 62 teňňe bolan bolsa, indi onuň bahasy bir manada çykdy. A-92 benziniň bahasy bolsa 58 teňňeden 94 teňňä çenli ýokary galdyryldy.

Häkimiýetleriň duýdansyz girizen bu gymmatçylygy adamlar üçin garaşylmadyk “sowgat” boldy. Benziniň gymmatlandygy baradaky bildiriş benzin guýulýan beketlerde goýlupdyr diýäýmeseň, bu barada habar serişdelerinde öňem hiç hili maglumat berilmedi, häzirem berlenok. Benziniň täze bahalary baradaky agzalýan häzirki bildirişlerem käbir benzin guýulýan beketlerde entegem asylanok.

Täze bahalar
Täze bahalar

Şeýle-de häkimiýetler benziniň bahasynyň gymmatladylmagynyň sebäpleri barada halka häzire bu güne çenli hiç hili düşündiriş berenoklar. Ýogsa, bu täze ýyl “sowgady” eýýäm hususy awtotransport gatnawynyň ýol kireý nyrhyna öz täsirini ýetirdi.

Paýtagtyň içinde gatnaýan hususy taksiçileriň köpüsi täze ýyldan öňki nyrhlaryny bir manat ýokary galdyrdylar. Şäherara gatnaýan hususy taksileriň hem ýol kireý nyrhlarynyň ýokary galandygyny aýdýan ildeşlerimiz bar.

Daşoguzly ildeşimiz Mämmetjumanyň aýtmagyna görä, Daşoguza gatnaýan hususy taksiçiler ýol kireýini eýýäm 10 manat ýokary galdyrypdyrlar.

Ozal

Ýatlap geçsek, iň soňky gezek ýurtda benziniň bahasy 2008-nji ýylda ýokary galdyrylypdy. Şol wagta çenli Türkmenistanda bir stakan gazly suwuň bahasyndan hem arzan bolan benzin ýangyjy bir gezekde 8 essä golaý gymmatladylypdy. Şol ýyl hem şahsy awtoulaglary bolan adamlara belli bir mukdarda benzin mugt berlip başlandy.

Şol döwürde ýylda iki gezekden berilýän ol talonlar esasynda ýeňil awtoulgalary bolan adamlara her 6 aý üçin 720 litr ýangyç goýberilýärdi. Şahsy ýük awtoulaglary bolan raýatlara bolsa her 6 aý üçin 1 tonna 200 litr ýangyç berilmeli edilipdi.

Emma, 2012-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, hususy ýük awtoulaglary bolan sürüjilere mugt benzin talonyny bermeklik doly ýatyryldy. Şonda häkimiýetler bu çäräni “käbir ýük awtoulaglaryň eýeleri, resmi rugsady bolmazdan, döwletiň her ýylda berýän mugt ýangyjyny hususy maksatlar üçin bikanun ulanýarlar” diýen düşündiriş bilen dellilendiripdiler.

Geçen ýyl, has takygy 2014-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, ýeňil awtoulaglaryň eýelerine ähli görnüşdäki awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň mugt berilmegi bes edildi.

Geçen ýyl prezidentiň benziniň mugt berilmegini ýatyrmak baradaky kararynda bu kararyň “Ýurduň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek, nebit önümleriniň rejeli peýdalanylmagyny gazanmak we Türkmenistanyň içerki bazarynda ýerlenmegini tertipleşdirmek maksady bilen” kabul edilendigi aýdylypdy.

Emma häzirki wagtda häkimiýetler täze 2015-nji ýyldan başlap benziniň bahasynyň gymmatladylmagynyň sebäplerini halk köpçüligine düşündirmeýärler.

XS
SM
MD
LG