Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Internet: Nyrhlar artýar


Internet
Internet

“Türkmentelekom” döwlet kompaniýasy 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-ne milli manadyň ABŞ-nyň dollaryna bolan hümmetiniň üýtgänligi sebäpli Internet hyzmatynyň edara-kärhanalar üçin nyrhlarynyň ütgedilendigini habar berdi.

Öz resmi saýtynda ýerleşdiren bu bildirişinde “Türkmentelekom” Internet hyzmatlary üçin ABŞ-nyň dollarynda tassyklanan nyrhlary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şol sene üçin bellän resmi hümmeti boýunça milli manatda amala aşyryljakdygyny mälim edýär.

Başgaça aýdanyňda, dollaryň galmagy bilen, “Türkmentelekomyň” ýuridiki şahslar üçin Internet hyzmatlarynyň nyrhlary hem ýokary galýar. Şol bir wagtda-da fiziki şahslar, ýagny ýönekeý raýatlar üçin entek nyrhlaryň öňküligine galdyryljakdygyny ”Türkmentelekomyň” müşderilere hyzmat ediş ofisinde aýtdylar. Häzirlikçe nyrhlar diňe ýuridiki şahslar üçin ýokary galdyrylar.

Nyrhlar

Mysal üçin, mundan ozal döwlete degişli edara-kärhanalar üçin 2 mbit/s tizlige çenli çäklendirilmedik (limitsiz) ADSL internet tarifiniň aýda tölegi 5 müň manat bolan bolsa, indi 5,339 manat tölemeli bolar. Döwlete degişli däl edara-kärhanalar üçin edil şunuň ýaly tarif boýunça öň 6,250 manat tölenen bolsa, indi 6,674 manat tölemeli.

“Türkmentelekomyň” Türkmenistan – Onlaýn ulgamynyň bölünip berlen kanaly boýunça infokanalyň kärendesiniň nyrhlary hem ýokary galypdyr. Mundan öň döwlete degişli edara-kärhanalar üçin 1mbit/s tizlikli Internet argatnaşygy üçin aýlyk töleg 5625 manat bolan bolsa, indi 6006 manat tölemeli. Döwlete degişli däl edara-kärhanalar üçin edil şonuň ýaly hyzmatyň bahasy öň 6750 manatdy. Indi 7208 manat tölemeli.

Ýeri gelende aýtsak, ýurtda ýokarda agzalan hyzmatlary diňe “Türkmentelekom” döwlet edarasy amala aşyrýar. Beýleki prowaýderlerden munuň ýaly hyzmatlary satyn alyp bolanok. Şol bir wagtda hem “Türkmentelekomyň” hödürleýän Internet hyzmatlarynyň bahasy beýleki döwletler bilen deňeşdirilende gymmat diýlip hasaplanýar.

Bu döwlet kärhanasynyň käbir tarifleriniň aýlyk tölegleri 31 müň dollara hem ýetip bilýär. Mysal üçin, Türkmenistan – Onlaýn ulgamynyň bölünip berlen kanaly boýunça infokanalyň 100 mbit/s tizlikli tarifiniň aýlyk tölegi 31045 dollara durýar.

“Türkmentelekomyň” çäklendirilmedik ADSL Internet hyzmatynyň ýuridiki şähslar üçin tarifleri barada aýdylanda, döwlete degişli edara-kärhanalar üçin iň pes tizlikli we arzan 2 mbit/s tizlikli internediň aýlyk tölegi 1,525 dollar, gymmat we iň ýokary tizlikli 10 mbit/s tizlikli tarifiniň aýlyk tölegi bolsa 3,164 dollar.

Şol bir wagtda hem “Türkmentelekomyň” fiziki şahslar, ýagny ýönekeý adamlar üçin hödürleýän internet hyzmatlarynyň bahasy soňky 1-2 ýylda arzanlady. Onuň müşderiler üçin hödürleýän çäklendirilmedik ADSL hyzmatynyň 128 kbit/s tizlikli tarifiniň ilat üçin aýlyk tölegi 100 manat.

Emma beýleki tarapdan, “Türkmentelekomyň” 265 kbit/s we 512 kbit/s tizlikli çäklendirilmedik ADSL Internet tarifleriniň bahalary degişlilikde 250 we 600 manat bolup, ilat köpçüligine o diýen elýeter däl.

“Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasy 1993-nji ýylyň 7-nji aprelinde döredildi. “Türkmentelekom” ýurtda aragatnaşygyň ähli görnüşlerini hödürleýän ýeke-täk kompaniýadyr.

XS
SM
MD
LG