Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Neşä garşy göreş güýçlendirilýär


Türkmenistanda ele salnan neşe maddalary. Türkmen mediasyndan şekiller.
Türkmenistanda ele salnan neşe maddalary. Türkmen mediasyndan şekiller.

Türkmenistanda neşä garşy göreş has güýçlendirilýär, bu ugurdan degişli administratiw hem kanuny çäreler gçrülýär we bar bolan kanunlar bolsa barha berkidilýär.

Bu barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli derejedäki hökümet ýolbaşçylary bilen 19-nji ýanwarda geçiren hökümet maslahatynda gürrüň edildi. Prezident Berdimuhamedow, şol ýygnakda şeýle diýdi: ”Bilişiňiz ýaly, neşekeşlik ýowuz bela. Biz neşekeşlige garşy aýgyttly göreş alyp barýarys, bu göreş halkymyzyň genefonduny gorap saklamaga gönükdirilendir. Şoňa görä, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi mundan beýlägem has güýçlendirmeli”.

Berdimuhamedow bu barada eden çykyşynda, neşe maddalarynyň bikanun dolanyşygynyň garşysyna alnyp barylýan göreşiň çäginde, şu ýyl ýaz aylarynda göknar ekilmegine garşy hem çäreleriň görüljekdigine ünsi çekdi.

Ol, aýratynam Mejlisin başlygy Nurberdiýewa ýüzlenip, neşe bilen bagly kanuny çäreleriň bünýädynyň berkidilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna gatnaşandygy üçin iş kesilen adamlaryň günäsini geçmegi mundan beýläk bes etmeli. Bu kadalary, hereket edýän kanunçylaga-da girizmeli. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna gatnaşandygy sebäpli iş kesilen adamlar üçin jeza çäresini güýçlendirýän kadalary Jenaýat kodeksine-de girizmeli diýip, prezident Berdimuhamedow bu barada eden çykyşynda nygtady.

Türkmenistanyň ”Altyn asyr” telekanalynda 19-njy ýanwarda görkezilen degişli maglumatda, tramadol dermanlary bilen tutulandygy aýdylýan käbir adamlaryň, öz-özlerini ýazgaryp eden çykyşlary hem görkezildi. Şol dermanlaryň nireden getirilendigi we tutulan adamlaryň hersiniň ýanyndan tapylan hem-de konfiskasiýa edilen dermanlaryň möçberi barada heniz jikme-jik maglumat berilmedi.

Prezident Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçensoň, umuman aýdylanda, Türkmenistanda neşe maddalarynyň dolanyşygyna hem ulanylyşyna garşy görlen berk çäreleriň netijesinde ýurtda bu beladan saplanmak boýunça göreşde belli bir üstünlikleriň gazanylandygy hakda mundan ozal hem käbir maglumatlar gelip gowuşýardy.

Serhet

Soňky döwürlerde bu temadan resmi derejedäki gürrüňleriň gaýtadan gün tertibine gelmeginiň sebäbi hakda häzirlikçe resmi mediada hiç hili maglumat berilmeýär. Türkmenistandaky bu düýpli aladalar türkmen-owgan serhedinde neşe bilen bagly soňky döwürde ýüze çykan käbir wakalaryň yzýanyna gabat geldi.

Demirgazyk Owganystandan gowuşýan maglumatlara görä, soňky üç aýyň dowamynda Türkmenistana onlarça kilo neşe maddasyny geçirmäge synanyşyk eden adamlaryň üçüsi owgan güýçleri tarapyndan serhetýaka etraplarda tussag edildiler.

Şeýle-de ýakynda Türkmenistanda ela salnandygy aýdylýan onlarça kilogram neşe maddasy oda ýakyldy. Bu wakalar Türkmenistanda temmäki önümleriniň aç-açan satylmagyna garşy-da dürli çäklendirmeleriň girizilen, olaryň bahasynyň ençeme esse gymmatladylan döwrüne gabat geldi.

XS
SM
MD
LG