Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Internetiň hili peselýär


128kbit/s tizlikli internet aragatnaşygy indi köplenç 60-80kbit/s tizligi berýär.
128kbit/s tizlikli internet aragatnaşygy indi köplenç 60-80kbit/s tizligi berýär.

Täze ýyl baýramyndan soň paýtagtyň telefon ulgamynyň ýa-da AşTU-nyň ilata hödürleýän ADSL internet hyzmatynyň hili görnetin peseldi. Hil taýdan alanyňda, şu ýylyň başyna çenli durnukly bolup gelen bu internet aragatnaşygy indi käte günüň dowamynda birnäçe sagatlap işlemeýär. Tizligi bolsa günüň dowamynda üýtgäp, “oýnap” durýar.

128kbit/s tizlikli bu internet aragatnaşygy indi köplenç 60-80kbit/s tizligi berýär. AşTU-nyň müşderiler bilen işleýän bölüminiň işgärleri bu näsazlyklary profilaktika işleri bilen düşündirýärler. Özi-de şol işgärler bu işiň ýakyn wagtda, 3-4 günde tamamlanjakdygy barada Täze ýyl baýramyndan bäri eýýäm birnäçe gezek söz berdiler.

Emma olaryň plan boýunça geçirýän işleri henizem tamamlananok. Çünki häzirem bu edaranyň işgärleri “profilaktika işiniň gidýändigini” hem-de “bu profilaktika işiniň ýene-de birnäçe günden tamamlanjakdygyny” müşderilere habar bermeklerini dowam etdirýärler. AşTU-nyň işgärleri häzirki profilaktika işiniň internet aragatnaşygyny has gowulaşdyrmak üçin alnyp barylýandygyny aýdýarlar.

AşTU-nyň eýýäm 22 gün bäri dowam edýän “profilaktika işleriniň” netijesinde edaranyň müşderileriniň nägileligi artýar.

“AşTU-nyň ADSL internediniň häzirki ýagdaýynda iň bärkisi e-mail ýa-da elektron poçtalaryny hem açmak kyn bolýar” diýip, bu kärhanananyň müşderisi, paýtagtly ildeşimiz Kakamyrat aýdýar.

Aşgabadyň telefon ulgamy ýa-da AşTU döwlet kärhanasy limitsiz ADSL internet hyzmatyny 2013-nji ýylyň ikinji ýarymynda hödürläp başlady. Mundan başga-da bu kärhana ilata IPtv hyzmatyny hem hödürleýär.

Bu kärhananayň 128kbit/s tizlikli limitsiz ADSL internediniň hyzmatynyň bir aýlyk tölegi 100 manat. Edaranyň 256kbit/s we 512kbit/s tizlikli limitsiz ADSL internet tarifleri hem bar, olaryň degişlilikde bir aýlyk tölegi 250 we 600 manat.

XS
SM
MD
LG