Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kyýamata 3 minut galar


"Kyýamat sagady"
"Kyýamat sagady"

Biynjalyk bolmaň, bu aýdylşy ýaly hakykata gabat gelmeýär. Ýöne edil olar ýaly utopiýa hem däl. Adamlaryň dünýäni dargadyp biljek howpunyň derejesini ölçän "Kyýamat sagady" wagty 11:57 görnüşinde görkezýär. Bu bolsa kyýamata jemi 3 minudyň galandygyny görkezýär diýmeklikdir. 1984-nji ýyldan bäri "Kyýamat sagadynda" wagt edil beýle sagat 12-ä golaý bolmandy.

Wagt iki minut öňe süýşüpdir

Alymlardan we ýadro hünärmenlerinden emele gelen bir topar tarapyndan ýadro urşy howpy göz öňünde tutulyp kesgitlenen bu wagt, aslynda simwoliki äýratynlyga eýedir. Şeýle maglumat ýadro alymlarynyň žurnalynda çap edilipdir. Ilkinji gezek 1947-nji ýylda geçirilen barlagda kesgitlenilenden bäri, bu ýagdaý dürli wagtlarda geçirilen derňewleriň netijesinde sagat 12-ä 17 minut galandan tä on ikä 3 minut galýança öňe süýşüpdir.

Barlagçylar bu gezek dünýäde howa şertleriniň üýtgemekligini, ýadro ýaraglarynyň döwrebaplaşmagyny we dünýädäki ýadro ýaraglarynyň möçberiniň köpelmekligini dünýäni ýok edip biljek howp hasaplapdyrlar. Şeýlelikde, alymlar kyýamat wagtynyň ýene 2 minut golaýlandygyny yglan edipdirler.

Ýadro ýaragynyň täsiri

"Kyýamat sagadynyň" suratyny ilkinji gezek 1947-nji ýylda suratkeş Martyl Langsdorf ýanýoldaşy fizik Aleksandr Langsdorf bilen bilelikde, adamsynyň hem agzalykda durýan alymlar toparynyň žurnalynyň daşyna çekipdir. Şonda suratdaky sagat 11:53 wagtyny görkezýär ekeni. Ondan iki ýyl soň SSSR-ň geçiren ýadro synagy hem bu ugurda alyp barýan işleri göz öňünde tutulyp, kyýamat wagty 4 minut öňe süýşürilipdir we sagadyň 11:57-ni görkezýän suraty çap edilipdir. Şondan bäri ylmy žurnalyň alymlardan ybarat redaksiýa topary, dünýäni ýok edip biljek derejede ýüze çykan problemalara üns çekmek maksady bilen, "Kyýamat sagadynyň" wagtyny öňe-yza üýtgedip gelýärler. Alymlar, kyýamat wagtyny kesgitlemeklikde ýadro ýaraglarynyň elýeterliligi we döwletleriň olary ulanyp biljek ähtimallygy ýaly täsirleri göz öňünde tutýarlar.

"Kyýamat sagadynyň" görkezijisiniň üýtgedilen ýyllary we onuň esasy sebäpleri:

1947-nji ýyl sagat 11:53 - Žurnalyň işgärleri halkara köpçüliginiň we syýasy ýolbaşçylaryň ünsüni ýadro howpunyň çynlakaýlygyna çekmek isläpdirler.

1949-njy ýyl sagat 11:57 - SSSR-iň ýadro synagy geçirmekligi.

1953-nji ýyl sagat 11:58 - ABŞ-nyň ilkinji termoýadro enjamyny synagdan geçirmekligi. Şonda dünýäniň ýagdaýy kyýamat wagtyna häzirkidenem iň golaýlan pursadyny başdan geçiripdir.

1960-njy ýyl sagat 11:53 - ABŞ bilen SSSR-iň ilkinji gezek sebitara dartgynlyklarda garşylyklaýyn herekete geçmekden gaça durmak islegini mälim etmekligi.

1963-nji ýyl sagat 11:48 - ABŞ bilen SSSR-iň atmosferada ýadro synagyny geçirmekligi gadagan edýän şertnama gol çekmekligi.

1968-nji ýyl sagat 11:53 - Wetnam urşy. Fransiýa bilen Hytaýyň ýadro ýaragyna bikanun ýagdaýda eýe bolmaklygy.

1969-njy ýyl sagat 11:50 - Ysraýyl, Hindistan we Pakistandan başga uly döwletleriň ýadro ýaraglarynyň ýaýbaňlanmagy şertnamasyna gol çekmekligi.

1972-nji ýyl sagat 11:48 - ABŞ bilen SSSR-iň strategiki ýaraglaryň çäklendirilmegi we antiballistik raketalar baradaky şertnamalara gol çekmekligi.

1974-nji ýyl sagat 11:51 - Hindistanyň ilkinji ýadro synagy.

1980-nji ýyl sagat 11:53 - Ýadro ýaraglaryndan el çekmeklik babatda esasy iki güýçli döwletiň geljek bilen baglanşykly hiç hili ädim ätmezligi.

1981-nji ýyl sagat 11:56 - SSSR-iň Owganystana harby hereket gurnamaklygy. ABŞ-nyň Moskwadaky Olimpiýada oýunlaryny boýkot etmekligi. Ronald Reýgeniň prezident saýlanmaklygy.

1984-nji ýyl sagat 11:57 - ABŞ bilen SSSR-iň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklaryň gaty ýaramazlaşmaklygy.

1988-nji ýyl sagat 11:54 - Reýgen bilen Gorbaçýowyň orta menzilli ýadro raketalarynyň ýok edilmekligi babatda şertnama gol çekmekligi.

1990-njy ýyl sagat 11:50 - Berlin diwarynyň ýykylmagy. Polşanyň, Çehoslawakiýanyň, Wengriýanyň we Rumyniýanyň SSSR-e baknalykdan halas bolmaklygy.

1991-nji ýyl sagat 11:43 - Sowuk urşuň gutarmaklygy. Dünýäniň kyýamatdan iň köp daşlaşan wagty.

1995-nji ýyl sagat 11:46 - Dünýäde entägem 40 müňden gowrak ýadro ýaraglarynyň galandygy.

1998-nji ýyl sagat 11:51 - Hindistan bilen Pakistanyň ýadro synaglaryny geçirmekligi.

2002-nji ýyl sagat 11:53 - ABŞ-nyň Antiballistik raketalar şertnamasyndan bir taraply ýagdaýda çekilmekligi.

2007-nji ýyl sagat 11:55 - Demirgazyk Koreýanyň ýadgo synagyny geçirmekligi.

2010-njy ýyl sagat 11:54 - ABŞ bilen Rusiýa federasiýasynyň Strategiki ýaraglary çäklendirilmeklik şertnamasyny täzeden ele almaklyk üçin gepleşikleri gurnamaklygy.

2012-nji ýyl sagat 11:55 - Dünýäniň ýadro ýaraglary, ýadro energiýasy we howanyň global gyzgynlygynyň ýokarlanmaklygy ýaly problemalar babatda gaty ejiz ýagdaýa düşmekligi.

2015-nji ýyl sagat 11:57 - Ýadro ýaraglarynyň döwrebaplaşmaklygy, howa şertleriniň ýaramazlaşmaklygy we ýadro ätiýaçlygynyň möçberiniň aşa köpdügi.

XS
SM
MD
LG