Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina ýas tutýar


Mariupol şäherinde onlarça adam öldürildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:54 0:00

Mariupol şäherinde onlarça adam öldürildi

Ukraina 25-nji ýanwarda, günorta-gündogar şäher Mariupola urlan raketa zarbalary 30 adamy öldürip, 90-dan gowrak adamy ýaralanyndan soň, ýas tutýar.

Ýerli wagt bilen günortan milli baýdaklar aşak goýberilip, wepat bolanlaryň hormatyna bir minutlyk dymyşlyk edildi.

Prezident Petro Poroşenko 25-nji ýanwara bellenen sport we medeniýet çärelerini goýbolsun etmegi buýurdy. Ukrainanyň Goranmak ministrligi şäheriň 24-nji ýanwarda, separatistleriň elindäki ýerlerden üç gezek aýry-aýry Grad raketalaryna tutulandygyny aýtdy.

Pitneçiler bu hüjümleriň arkasynda ukrain goşunlarynyň durandygyny öňe sürdiler.

ÝHHG raketalaryň pitneçileriň eýeleýän ýerlerinden gelendigini aýtdy. Bu hüjümler giň ýazgaryşa sezewar boldy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri «Orsýet-goldawly separatistleriň elhenç hüjümi Orsýetiň separatistleri kämil ýaraglaryň täze bölekleri bilen gaýtadan üpjün etmek baradaky jogapkräçiliksiz we howply karary esasynda mümkin boldy» diýdi.

"Adamzada garşy jenaýat"

Ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň beýanatynda bu hüjüm «adamzada garşy jenaýat» diýlip atlandyryldy. Ol bu hüjüm zerarly Saud Arabystanyna saparyny gysgaldyp, Ukraina dolanýandygyny aýtdy.

ÝHHG-nyň Ukrainadaky missiýasynyň beýanatynda bu hüjüme «biperwaý, seljermesiz we masgaraçylykly topa tutuşlyk» hökmünde baha berilýär.

Orsýetiň RIA Nowosti habar gullugynyň ýazmagyna görä, gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistleriň lideri Aleksandr Zaharçenko hüjümden biraz soň separatistleriň 24-nji ýanwarda Mariupola hüjüme geçendiklerini aýdypdyr.

Orsýet ýazgaryşa garşy

Orsýet BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň orsýetçi separatistleriň liderini tankytlaýan we gündogar Ukrainadaky soňky zorluklary ýazgarýan benaýatynyň öňüni baglady.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-munyň edarasy 24-nji ýanwarda Ukrainanyň port şäheri Mariupolyň raketa hüjümine sezewar edilmegini berk ýazgarýan beýanat çap etdi.

Banyň beýanatynda pitneçileriň ýolbaşçylary tarapyndan ýaraşyk ylalaşygyndan birtaraply çykylmagy we has ileri süýşmek baradaky prowakatiw beýanatlar hem ýazgaryldy.

Britaniýa Banyň ýazgarmasyny içine alýan beýanaty teklip etdi we Mariupol şäherine edilen hüjümiň derňelmegine çagyrdy, emma Orsýet muny ret etdi.
Bu beýanatda aýratynam gündogar Ukrainada öz-özüni jar eden Donetsk Halk respublikasynyň lideri Aleksandr Zaharçenkonyň ady tutulýar.

Zaharçenko 23-nji ýanwarda separatistleriň indi dokuz aýlyk konflikti soňlamak üçin ýaraşyk gepleşikleri barada tagalla etmejegini aýdypdy.

Bu konfliktde 5 müňden gowrak adam öldi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG