Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky türkmenleriniň demokratiýa tejribeleri


Owgansytanly türkmenler
Owgansytanly türkmenler

Mälim bolşy ýaly, 20-nji ýanwarda demirgazyk Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şerif şäherinde etniki türkmenler 12 sany jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleri bileleşip, täze owgan hökümetinde türkmenlere ýeterlik derejede orun berilmändigine öz nägileliklerini bildirip, protest geçirdiler.

Eýsem, uzaga çeken uruşlaryň täsirinden ýaňy saplanyp ugran Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenler ýurtda özlerine nähili demoktarik hak-hukuklaryň berilmegini isleýärler?

Şeýle-de türkmenler, Owganystanda demokratik hak-hukuklara eýe bolmaklyk babatda nähili tejribeleri başdan geçirýärkä?

Owganystandaky etniki türkmenler ýurtda demokratik hak-hukuklardan deňhukukly peýdalanmaklyk babatdaky tagallalarynda nähili sepgitlere ýetdiler we geljekde olaryň bu ugurda nähili planlary bar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda, Owganystandaky etniki türkmenleriň demokratik deňhukuklylyk babatdaky tejribelerini ele alýar. Hemmeleri bu temadaky gepleşigimize goşant goşmaga çagyrýarys. Habarlaşmak üçin elektronik hat salgymyz: metbugat@gmail.com, bu barada öz pikirleriňizi galdyrmak isleseňiz, aşakdaky forumdan hem peydalanyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG