Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD Demirgazyk Owganystanda barha güýçlenýär


Gara baýdakly YD jeňçisi
Gara baýdakly YD jeňçisi

“Yslam döwleti” atly toparyň agzalarynyň Owganystanda, esasanam bu ýurduň demirgazygynda barha köp göze ilip başlandygy aýdylýar.

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Jowuzjan welaýatynyň polisiýa edarasynyň başlygynyň aýtmagyna görä, welaýatda olaryň sany barha köpelýär.

Käbir owganystanly bilermenler agzalýan toparyň hatarynda merkezi aziýaly jeňçileriň hem köpdügini, olaryň esasanam soňky döwür Pakistanyň tire-taýpalar regionynde jeňçilere garşy geçirilýän harby operasiýadan soň, Owganystanyň Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän demirgazyk sebitine ýerleşip başlandygyny aýdýarlar.

Şol jeňçileriň serhetýaka etraplarynda güýçlenip başlamagy bolsa, uzak möhletde Merkezi Aziýa ýurtlaryna hem howp abandyryp biler diýen howatyrlanmany döredýär.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myradynyň maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:13 0:00

XS
SM
MD
LG