Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýdak konsertine ýagyş astynda tomaşa edildi


Baýdak baýramy, Aşgabat, 20-nji fewral, 2015.
Baýdak baýramy, Aşgabat, 20-nji fewral, 2015.

Türkmenistanda, her ýyl bolşy ýaly, 19-njy fewralda paýtagtyň Garaşsyzlyk şaýolunda ozal bir döwürde dünýäde iň beýik baýdak sütüni diýlip mahabatlandyrylan baýdak sütüniniň ýanynda Baýdak baýramynyň esasy çäresi bolup geçdi.

Howanyň sowuk we ýagynlydygyna garamazdan, açyk howada geçirilen we ençeme sagada çeken bu baýramçylyk konsertine, ozalkylary ýaly, ýene-de ýüzlerçe mekdep okuwçylary gatnaşdyryldy.

Çärä ýygnanlaryň arasynda ýokary okuw jaýlarynyň studentleri agdyklyk etse-de, dynç alyş günüdigine garamazdan, oňa mugallymlar, döwlet edara-kärhanalarynyň we dürli jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri-de köpçülikleýin gatnaşdyryldy.

Tomaşa etmek tertibi

Konsert gyzyşdygyça ýagyş hem gaty ýagdy. Konserte gatnaşanlardan käbirleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýagyşly howa garamazdan, adamlara konserti terk etmäge, hatda öz ýerlerinden gozganmaga-da rugsat edilmändir.

Konsert köçede geçirildi, bu çärä gatnaşmaly edilen adamlar toparlarynyň hersine öňünden belli bir ýer aýrylyp berlipdir we adamlaryň bellenen ýerlerinde durmagyna berk gözegçilik edildi. Ýörite bellenen wekiller bolsa çärä gelenleri ýekän-ýekän bellige alýardylar.

18-00-da başlanmaly konserte gatnaşyjylar, konsert jaýyna iki-üç sagat öň getirildiler we konsert başlansoň, iki sagatlap aýak üstünde durmaly boldular. Tomaşaçylara gözegçilik edýän adamlar bolsa konsertiň bütin dowamynda tomaşaçylara aýak üstünde durmalydygyny hem-de özlerini şadyýan alyp barmalydygyny yzygiderli ýatladyp durdular.

Çärä getirilen adamlar howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýekän-ýekän barlanyp, içeri salyndy.

Ýakubyň gürrüňi

Çärä getirilenlerden biri, özüni Ýakup diýip tanadan medeniýet işgäri, işleýän edarasynyň işgärleriniň günüň dowamynda iki gezek ýagşa ezilmeli bolandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýakup bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Ilkinji gezek baýdaga gül goýmak dabarasyna gitmeli diýdiler. Soňra, ikinji gezegem, bu baýdak baýramçylygyna bagyşlanan konserte gatnaşmaly diyildi. Garaz, şeýle pursatlarda hemişe bolşy ýaly, bu gezegem dynç günümiz şeýleräk geçdi”.

Ýöne şol gün Ýakubyň aýdýan prezidentiň gatnaşmagyndaky geçen gül goýmak çäresine gatnaşanlaryň köpüsi agşamky konsertden boşadylypdyrlar.

“Biziň edaramyzda ýa gül goýmaga gitmeli ýa-da konserte gitmeli diýip, şert goýdular. Meniň, işim çykansoň, konserti saýladym” diýip, özüni Maýsa diýip tanadan, çagalar bagynyň ýaşy 50-ä golaýlan terbiýeçisi bize gürrüň berdi.

Bu konserte gelen adamlaryň arasynda dürli hünärdäki, dürli ýaşlardaky adamlara duşmak bolýardy. Az hem bolsa, başlangyç mekdep ýaşyndaky çagalar hem bardy. Çärä tomaşa edýänleriň arasynda çagalar baglarynyň terbiýeçilerini, lukmanlary, mugallymlardyr studentleri görse bolýardy.

Konsert tamamlanansoň, sanlary müňlerçe bolan tomaşaçylar awtobuslarda dyknyşyp öz öýlerine gaýdypdyrlar. Baýdak baýramyna bagyşlanan dürli çäreler, köpçüligiň, esasanam okuwçylaryň köpçülikleýin gatnaşdyrylmagynda ýurduň beýleki welaýatlarynda hem bolup geçdi.

XS
SM
MD
LG