Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat ABŞ-dan harby kömek soraýar


Türkmen-owghan serhedi
Türkmen-owghan serhedi

Türkmenistan Birleşen Ştatlara ýurduň Owganystan bilen serhedindäki durnuksyzlyk meselesini çözmekde harby ýardam sorap ýüz tutdy we Waşington bu talaby kanagatlandyrmaga çalyşýar diýip, eurasianet.org neşiri ýazýar we bu habaryň amerikan harby resmileri tarapyndan tassyklanandygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň merkezi komandowaniýesiniň başlygy, general Lloyd Austin şu hepde Kongresde çykyş edende ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky resmi harby syýasaty babatda giňişleýin gürrüň etdi we onuň bu ýyl iň bir habar bereniňe degýän beýanaty, belki-de, Türkmenistan babatda boldy diýip, Joşua Kusera ýazýar.

Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatyny yglan etmeginiň iki ýurduň arasyndaky düýpli harbydan harby hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini çäklendirýändigini bellemek bilen, Austin «türkmenleriň golaýda Owganystan bilen aralykdaky günorta serhetlerine abanýan howp-hatarlara garşy durmak üçin Birleşen Ştatlaryň harby enjamlaryny we tehnologiýasyny edinmek isleglerini bildirendiklerini» aýtdy.

Bu talaby berjaý etmek üçin mümkin bolan zatlaryň ediljegini bellän general nähili enjamlary bermegiň pikiriniň edilýändigi baradaky detallary aýtmady.
"Eurasia.net" neşiri soňky wagtlarda Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde, Türkmenistan bilen araçäge golaý ýerlerde «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň aktiwleşendigini we Orsýetiň Türkmenistana öz harby kömegini almagy babatda basyş görkezýändigini belleýär.

Şeýle-de Austin Özbegistan bilen aralykdaky harby hyzmatdaşlygynyň ösýändigini, bu ýurduň ýaragly güýçlerine 300-den gowrak bronly tehnikany bermegiň karar edilendigini aýdypdyr.

"Geçen ýyl ABŞ bilen Özbegistanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk ep-esli derejede güýçlendi» diýip, Austin aýdypdyr we Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleriniň özbek harbylarynyň howpsuzlyk synaglaryna garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmaga mundan beýläk-de ýardam etjegini nygtapdyr.

General Austin Täjigistanyň Goranmak ministrliginiň ýokary gatlak resmileriniň täzelenmeginiň bu ýurduň harbylary bilen edilýän hyzmatdaşlygy biraz çylşyrymlaşdyrandygyny belläp, Gazagystan, Gyrgyzystan bilen edilýän harby hyzmatdaşlyklar barada hem maglumat beripdir.

Amerikan generalynyň Kongresde eden giňişleýin çykyşynda bellenmegine görä, Türkmenistanyň Owganystandaky ynsanperwerlik kömegi, regional ykdysady integrasiýany ýokarlandyrmak ugrunda edýän tagallalary Merkezi Aziýada we oňa golaý regionda durnuklylygy berkitmekde möhüm rol oýnaýar.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň yglan eden öňyn bitaraplyk syýasaty düýpli harby hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligini çäklendirýär. Hazar deňziniň howpsuzlygy babatda, betbagtçylyklaryň öňüni almak meselesinde, saglyk hyzmatlarynyň taýýarlygy, professional harby bilim babatdaky hyzmatdaşlyklar dowam edýär, ýöne olar çäkli diýip, general aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG