Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ylalaşygynyň Merkezi Aziýa täsiri


Şweýsariýada Tähranyň ýadro programmasy boýunça deslapky ylalaşyga gelindi.
Şweýsariýada Tähranyň ýadro programmasy boýunça deslapky ylalaşyga gelindi.

Şweýsariýada Eýran bilen dünýäniň iri alty döwletiniň arasynda ençeme gün dowam eden gepleşiklerden soňra 2-nji aprelde Tähranyň ýadro programmasy boýunça deslapky ylalaşyga gelindi.

Şol ylalaşyk bu barada mundan beýläk dowam etjek gepleşikleriň diňe başlangyjy bolar, eger gepleşikler pozitiw ugur bilen dowam etse, ylalaşygyň jemleýji tapgyryna 30-inji iýunde gol goýulmagyna garaşylýar.

Eger Günbatar bilen Eýran takyk ylalaşyga gelse, bu Tährana garşy girizilen dürli sanksiýalaryň ýatyrylmagyna, şunlukda Eýranyň belli bir derejede üzňelikden halas bolup, Günbatar bilen jebisleşmegine getirer.

Bu ýagdaý hem diňe Eýran üçin däl, Merkezi Aziýa, esasanam deňze çykalgasy bolmadyk Türkmenistanyň üzňelikden halas bolmagyna hemem Günbatar ýurtlary bilen söwda-satygy ýola goýumagyna dürli mümkinçilikler döreder diýlip garaşylýar.

Heniz deslapky ylalaşygyň detallary barada gepleşikler dowam edýärkä, Azatlyk Radiosy dünýä jemgyýetçiligi bilen jebisleşen Eýranyň Merkezi Aziýa hödürläp biljek mümkinçilikleri, Merkezi Aziýanyň Eýrandan we Eýranyň Merkezi Aziýadan gazanyp biljek bähbitleri barada ýörite gepleşik geçirdi.

Programma düýbi Waşingtonda ýerleşýän Ýakyn Gündogar Institutyndan Eýran boýunça ekspert Alex Vatanka, Londonda ýaşaýan garaşsyz eýranly ekspert Hussein Aryan, şeýle-de Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugynyň, ýagny Farda radiosynyň baş redaktory Niusha Bograti we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa barada makalalary çap edýän “Kişlog Owozi” blogunyň redaktory Bruce Panniyar dagy gatnaşýar.

Programmany Azatlyk radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar. Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Eýran ylalaşygynyň Merkezi Aziýa täsiri
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG