Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ymamy "YD"-ni ýazgardy


Ymam “türkmençiligi, milli däp-dessurlary aradan aýyrmaly” diýen düşünjäniň ýalňyşdygyny hem belläp geçdi
Ymam “türkmençiligi, milli däp-dessurlary aradan aýyrmaly” diýen düşünjäniň ýalňyşdygyny hem belläp geçdi

Türkmen ymamy “Yslam döwleti” diýilýän topary tankytlap, onuň “täsirine düşenleriň ýurduň içinde hem bardygyny” we şol toparyň yslamyň adyny garalaýandygyny aýdyp, musulmanlary ägä bolmaga çagyrdy.

3-inji aprelde, Juma namazynyň dowamynda okan hutbasynda, Aşgabadyň Är-Togrul Gazy metjidiniň ymamy gürrüňi gidýän toparyň “yslamyň duşmanlary tarapyndan goldanylýandygyny” hem öňe sürdi.

Ymam kimdigini anyklaşdyrmadyk taraplaryň “musulmanlary iki topara bölüp, olaryň birini goldap, beýleksini bolsa gyrdyrýandygyny” aýtdy. Paýtagtyň merkezi metjitleriniň biriniň ymamy bu aýdýanlaryna tassyklama hökmünde “Yslam döwleti” diýilýäniň edýän işlerini mysal getirdi.

Är-Togrul Gazy metjidiniň ymamy 3-nji aprelde bu metjide ýygnanan müňlerçe türkmenistanlylara ýüzlenip okan hutbasynda: “Mysal üçin, IŞID diýip bir zat çykdy ýaňy-ýakynda. ‘Yrak we Şam Yslam döwleti’ diýmek. Siriýa we Yrak aralygynda. Bir topar ýerleri eýelediler. Mundan ozal hem halyfalygy gurjak” diýen bahana bilen goşun toplap, häkimiýeti “hilegärlik” bilen öz ellerine geçiren toparlar bolupdy” diýip nygtady.

"Yslamyň duşmanlary"

Ol aýratynam “Yslam döwleti” atly toparyň hem şu ugurdan hereket edýändigini, şeýle-de bularyň arkasynda – anyk haýsydygyny anyklaşdyrmadyk – “yslamyň duşmany bolan döwletleriň durandygyny” ýene bir gezek tekrarlady.

Ymam “Yslam döwleti” diýilýän topary ulanyp, döwletleri “güýçden düşürip, olaryň tebigy baýlyklaryny aňsatlyk bilen ele aljak bolýanlaryň” bardygyny hem belläp geçdi.

Ymam sözüni dowam etdirip, “Yslam döwleti” toparynyň “täsirine düşýänleriň”, “diňe söweşmeli, öz häkimiýetiňi, döwletiňi ýykmaly” diýen adamlaryň ýurduň içinde hem bardygyny boýun aldy.

Är-Togrul Gazy metjidiniň ymamy agzalýan toparyň düýbüniň “wahabilerden” gelip çykýandygyny, olaryň bolsa yslamdan öňki arap medeniýetini ündeýändiklerini nygtady.

"Türkmençilik"

Şeýle-de ymam häzirki döwürde daşary ýurtlarda bilim alýan käbir türkmenistanly ýaşlary milli däp-dessurlary bilmezlikde aýyplady.

Soňra ymam “türkmençiligi, milli däp-dessurlary aradan aýyrmaly” diýen düşünjäniň ýalňyşdygyny hem belläp geçdi. Ymam öleniň belli günlerini bellemek ýaly adatlary dinden gözlemeli däldigini nygtap, “diniň başga bir zatdygyny, däp-dessuryň hem başga bir zatdygyny” aýtdy.

Elbetde, Är-Togrul Gazy metjidiniň ymamynyň 3-nji aprelde okan bu hutbasynyň mazmunynyň türkmen hökümetiniň “Yslam döwleti” atly terror toparyna garşy alyp barýan syýasatyny näderejede şöhlelendirýändigini aýtmak kyn.

Emma Türkmenistanda metjit we onuň ymamlary dolulygyna diýen ýaly hökümetiň gözegçiliginde hereket edýärler, hökümet ýolbaşçylary bolsa, şu güne çenli “Yslam döwleti” atly topar bilen bagly halk köpçüliginiň öňünde öz garaýyşlaryny aç-açan beýan etmändiler.

Şol bir wagtda, türkmen ymamynyň “Yslam döwleti” topary we onuň salýan “howpy” baradaky çykyşy Owgansytanyň demirgazyk sebitlerinde, türkmen-owgan serhediniň golaýynda “Yslam döwleti” diýilýän toparyň söweşejileriniň artyp başlandygy baradaky habarlaryň köpelýän wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG