Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Orsýet ABŞ-a ýapja bolmaz


Putin: Sanksiýalaryň Ukraina dahyly ýok
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:13 0:00

Putin: Sanksiýalaryň Ukraina dahyly ýok

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 16-njy aprelde Günbatar sanksiýalary Orsýeti çäklendirmegi maksat edinýär diýdi.

Ol Moskwanyň Ukraina krizisindäki we konfliktindäki roly diýilýän Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Ştatlar we beýleki döwletler tarapyndan Orsýete garşy jeza çärelerini ulanmak üçin tapylan bir bahana diýen pikiri öňe sürdi.

Putin ýyllyk sorag-jogap sessiýasynda, döwlet telewideniýesinde göni alnyp görkezilen çykyşynda Orsýet daşardan bir topar synag bilen ýüzbe-ýüz bolýar, emma ol içerki syýasy durnuklylygyny saklamagy başarsa, islendik howpa döz geler diýdi.

Ol sanksiýalaryň maksady Orsýeti bökdemek diýdi we olaryň bu ýakynda aýrylmajagyny çaklady.

ABŞ we ÝB sanksiýalar Orsýetiň bolşuny üýtgetmäge gönükdirilen diýýärler, Kiýew we Günbatar döwletleri Orsýetiň 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny bikanun anneksiýa edendigini, gündogar Ukrainadaky separatistleri goldamak üçin ýarag we esger iberendigini aýdýarlar.

Mälim bolşy ýaly, bu sebtdäki konflikt netijesinde 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 6 müňden gowrak adam öldürildi.

Putin Orsýetiň Minskde fewralda gelnen ylalaşygy ýaraşyk ýa-da parahatçylyk ylalaşygy diýip atlandyrmakdan çeke durýandygyny we sanksiýalaryň Ukrainadaky ýagdaýa dahylynyň ýokdugyny aýtdy.

"Meniň pikirimçe, ol ýerde Ukrainadaky wakalar bilen göni bir baglanyşyk ýok ýaly görünýär, sebäbi häzir Minsk şertnamalarynyň durmuşa geçirilmegi gerek, biz olary durmuşa geçirmek üçin hemme zady edýäris, Kiýew häkimiýetleri bolsa howlukmaýar, emma bize garşy sanksiýalar welin saklanyp galýar» diýip, Putin aýtdy.

"Agzybir bolsak, bela ýok"

15 ýyldan gowrak bäri prezident ýa premýer-ministr hökmünde häkimiýet başynda oturan Putin öz üçünji möhletinde, eger biz birleşsek, Orsýet hemme synaga döz geler diýip, başga pikirlileriň sesini sem etmekde tankytlanýar.

"Eger biz içerki syýasatymyzda durnukly ýagdaýy, jemgyýetiň häzirki jebisligini saklap bilsek, onda biz hiç bir howpdan gorkmaly däl» diýip, Putin aýtdy.

Putin Günbatar sanksiýalarynyň Orsýetiň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady kynçylyklaryna «goşant» goşýandygyny aýtdy, emma ýurt olary ykdysady ösüşlerde täze sepgitlere ýetmek üçin ulanmaly diýdi.

Putin Orsýetiň milli puly bolan rublyň hümmetiniň soňky wagtda 20 prosentden gowrak ýokary galandygyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, rus rubly geçen ýyl nebit bahasynyň kesgin aşak gaçmagy we Günbatar ýurtlarynyň Moskwa garşy girizen sanksiýalaryň täsiri sebäpli köp hümmetini ýitiripdi.

"Rubl durnuklylaşdy we güýçlendi, ekspertler biziň problemalaryň kyn sepgidinden geçendigimizi aýdýarlar» diýip, Putin aýtdy.

Şeýle-de ol nebit öndürijiliginiň ýokarlanandygyny, hasylyň gowudygyny sözüne goşdy.

Ol orsýetlileriň ortaça ömür dowamlylygy uzaýar, ölüm derejesi peselýär diýdi.

Bütindünýä banky 1-nji aprelde Orsýetiň jemi içerki önüminiň 2015-nji ýylda 3.8 prosente çenli yza gaýtjagyny, 2016-njy ýylda bolsa, 0.3 prosent peseljegini çaklaýar.

Emma 2018-nji ýylda dördünji möhlete hem prezident bolmak hyýalyny aradan aýyrmaýan Putin rus ykdysadyýetiniň iki ýyldan hem az wagtda ösüş ýagdaýyna dolanjagyny aýtdy.

Mundan başga, Putin Orsýetiň «imperiýany dikeltmek» planynyň ýokdugyny, emma öňki sowet respublikalarynda ýaşaýan ruslary goldajagyny aýtdy. Şeýle-de ol Orsýet hiç haçan Birleşen Ştatlara «ýapja» bolmaz diýdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG